«Alaý» Türkmenistana geldi

    Ozal hem habar berşimiz ýaly, birigün — 27-nji fewralda paýtagtymyzda gyzykly halkara futbol duşuşygy geçiriler. AFK-nyň kubogy — 2019-yň saýlama tapgyrynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň «Alaý» toparyny kabul eder. Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriler.
    Düýn myhman topar ýurdumyza geldi. Farap gümrük nokadyndan gelen myhman toparyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýat bölüminiň wekilleri garşyladylar. Jemi 19 adamdan ybarat topar düýn öýlän Türkmenabat — Aşgabat ugry boýunça demir ýol bilen paýtagtymyza ugrady. Olar şu gün irden Aşgabada geldiler.
    Ýolugra Daşkent şäherinde «Lokomotiw» hem-de AGMK toparlarynyň arasynda Özbegistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga hem tomaşa edip gaýdan gyrgyz topary düýn günüň birinji ýarymynda Türkmenabat şäherine aýlanyp gördi. Gündogar sebitiň merkezi şäheri myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
    Şu gün paýtagtymyzda ýerleşip, ýoldan soň, dynç almagy meýilleşdirýän topar günüň ahyrynda Aşgabatdaky türgenleşiklerine hem girişer. Ertir «Ahalyň» hem-de «Alaýyň» baş tälimçileriniň we käbir futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçiriler. Birigün geçiriljek duşuşykda ýeňiş gazanmak iki topar üçin hem wajypdyr. Oş şäherinde geçirilen ilkinji duşuşyk türkmen futbolçylarynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Röwşen Meredowyň şägirtleri paýtagtymyzda geçiriljek jogap duşuşygynda hem üstünligi saklap bilseler, saýlama tapgyryň indiki ädimine — pleý-offa geçerler. Indiki ädimde bolsa ýeňiji topara Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» topary garaşýar.