ÝURDUMYZA ROWAÇLYKLAR ÝARDYR

    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, döwletimizi ösdürmäge, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň şeýle ajaýyp şygar bilen atlandyrylmagy bolsa, agzybir hem-de zähmetkeş halkymyza ruhy taýdan belent goldaw bolmak bilen bir hatarda, ýüreklerde buýsanç duýgularyny döredýär, olary täze zähmet üstünliklerine atarýar. Aslyýetinde ata-babalarymyz tarapyndan döredilen ajaýyp jümleleriň hatarynda döwletli işiň başy tutuljak bolnanda «Işiň rowaç bolsun!» diýlip, ýagşy dileg edilýär. Köpüň şeýle senaly dogaýy-dilegi siňen, ýagşy niýete beslenip düýbi tutulan tutumyň bolsa ümzügi hemişe ileri bolupdyr. Pederlerimiziň paýhas eleginden ençeme gezek syzylyp geçirilen bu ajaýyp jümläniň üstümizdäki ýyla dabaraly şygar bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň berkarar döwletimiziň belent tutumlaryny rowaçlyklar bilen dowam etdirýändiginiň ýene-de bir aýdyň kepiline öwrülýär. 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli pudaklar boýunça täze ösüşlere beslenýär. ªeýle belent sepgitler eziz Arkadagymyzyň halkymyza, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsine ýugrulandyr. Döwletli Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalaryň köplügi, şeýle hem olaryň ykballara ýakyn täsirini ýetirýändigi ýurdumyzyň hem jemgyýetimiziň dünýädäki at-abraýynyň has-da meşhurlyga eýe bolmagyna getirýär. Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikler üstümizdäki ýylyň belent wezipeleriniň ynamly binýady bolmak bilen, täze sepgitlere tarap uzaýan ýollaryň başlangyjyny düzdi. ªeýle aýdyň ýoldan ynamly ädimler bilen öňe barýan döwletimizde durmuşa ornaşdyrylmaly giň gerimli özgertmeler ählitaraplaýyn seljerilip, pugta öwrenilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýär. Onuň aýdyň mysallaryna ýaňy-ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we täze ýylda öňde durýan wezipeleri kesgitlemäge bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisiniň netijelerinden doly göz ýetirmek bolýar. Halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlän bu mejlisde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi ýollary rowaçlyklara uzaýan Watanymyzyň taryhyny beýik işler bilen galňatjak wakalaryň düýp esasy boldy. Maksatnamada ýurdumyzyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge, halk hojalygynyň dürli ugurlaryna, şol sanda döwlete dahylly däl ulgamyň işini aýdyňlaşdyrmaga degişli wezipeler öz beýanyny tapýar. 
    Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejä götermek, döwletimizi ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmek ata Watanymyzyň öňe sürýän möhüm syýasy ugry bolup durýar. Bu babatda beýik işleri durmuşa geçirmekde ähli ulgamlar boýunça janypkeşlikli zähmet çekýän ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp orny bardyr. Durmuş goraglylygynyň kanun taýdan üpjün edilýän döwletimizde ildeşlerimiz täze rowaçlyklara ýetmäge gönükdirilen işlere öz goşantlaryny goşmaga, geljekki nesillerimize berk binýatly, ösen döwleti miras goýmaga işjeň gatnaşmalydyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata-babalarymyzyň ençeme asyrlar arzuwlan berkarar döwleti kemala geldi. Ony beýgeltmek we kuwwatly döwlet hökmünde tutuş dünýä ýüzüne tanatmak bolsa her bir zähmet adamsynyň baş wezipesidir. ªol wezipeleri Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylymyzda hem durmuşa giňden ornaşdyryp, täze kabul edilen Prezident maksatnamasynyň esasynda beýik işleri amala aşyryp, Gahryman Arkadagymyzyň töweregine mäkäm jebisleşip, el-ele berip jan Watanymyz Türkmenistany belent sepgitlere sary rowaçlandyrmak hemmämiziň bagt nesibämizdir.