Belent maksat myrat tapýar

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda şanly öňegidişlikler gazanylýar. Şeýle depginli ösüşler Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrýar, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda bellenen wezipeleri, düýpli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amal etmäge ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Milli ykdysadyýetimiziň gurluş düzümini düýpli özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça badalga berlen toplumlaýyn çäreler ýurdumyzy rowaçlyklara tarap barha ilerledýär.
    Halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ähli pudaklara iň gowy daşary ýurt tejribesini, tehnologiýalaryny, hojalygy we önümçiligi dolandyrmagyň ösen usullaryny giňden ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň baş wezipesi bolup, olaryň esasynda halk hojalygyny senagat-innowasion taýdan ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti şertlerinde senagaty tutuşlygyna ösdürmäge ýardam berjek ykdysady häsiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, döredilýän oňaýly şertler dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri çykarýan, tebigy baýlyklarymyzy gaýtadan işleýän önümçilikleri ýola goýmaga, senagatda we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hususy telekeçiligiň aýry-aýry görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa, senagat pudagynyň önümçiliginiň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga, içerki bazarda harytlara hem-de hyzmatlara bolan nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
    Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, makroykdysadyýetiň depginli ösüşini saklamak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlarynyň ykdysady netijeligini ýokarlandyrmak, zähmet öndürijiliginiň netijeliligini gazanmak we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artmagy üçin maddy binýat döretmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde saýlanyp alyndy. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek, çig mal serişdelerini, önümçilik kuwwatlyklaryny öz elinde jemlemek bilen, döwlet ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek hem-de kabul edilen kararlary amala aşyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak arkaly hojalygyň dolandyryş ulgamyny özgertmäge kadalaşdyryjy täsirini ýetirýär. Halk hojalygynyň özara utgaşykly we sazlaşykly işlemegini üpjün edýär.
    Senagatyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm ugurlar bolup baý çig mal binýady, uly möçberdäki maýa goýumlar, şeýle hem milli ykdysady bähbitleriň berjaý edilmegi bilen bagly senagat önümleriniň dürli görnüşlerini daşarky bazarlara çykarmak mümkinçilikleri çykyş edýär. Döwletiň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi hem häzirki döwürde uly orun eýeleýär. 
    Hormatly Prezidentimiz örän gysga döwrüň içinde çuň parasada ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty bilen berkarar Diýarymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän köpugurly şertleri emele getirdi. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde täze önümçilik kärhanalaryň gurulmagy ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny güýçlendirmäge mümkinçilik berdi we berýär. Täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ylmyň we tehnikanyň gazananlary bilen üpjün edilmeginiň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar.
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektroenergetika, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, dokma senagaty pudaklary hem ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, çalt depginlerde öňe barýar. Ýurdumyzyň barha kuwwatlanýan senagatynyň düzüm birligi hökmünde sebitiň iri desgasy bolan, Balkan welaýatynyň Gyýanlydaky ýokary hilli polietilen we polipropilen öndürmäge niýetlenen zawodyň açylyp işe girizilmegi, häzirki döwürde bu desganyň önümlerine uly islegiň bildirilýändigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu taslama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş Ýewraziýa sebiti boýunça gaz pudagynyň düzümini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň netijeli özleşdirilmeginiň görkezijisi bolup durýar.
    Önümçilik pudagyny ösdürmäge, çig mal serişdelerine garaşlylygy aradan aýyrmaga gönükdirilen netijeli maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň durnukly ösmegine ýardam edýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda işjeň maýa goýum syýasaty durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, telekeçilik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurt Baştutanymyzyň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Karary we beýleki möhüm resminamalary ýurdumyzda döwlete dahylly däl hususyýetçilik ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýar. Kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň önümçiligini ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleriň açylmagy hususyýetçiler üçin örän oňaýly şertleri döredýär. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösmegine döwletimiz hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi telekeçileri Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin has joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. 
    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklary we dünýäniň ösen tejribelerini ornaşdyrmaga esaslanan öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady özgertmeleri iňňän uly netijeleri berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa ornaşdyrylýan halk bähbitli özgertmeler döwletimiziň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini, senagatyň innowasion köpugurly ösüşlerini gazanmak üçin bu ugurdaky uzakmöhletleýin maksatnamalara eýerilip, maliýe üpjünçiliginiň we höweslendirmeleriň kesgitlenmegine, halkara maýa goýum, innowasion hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, döwlet bilen hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esaslarda ösmegini, täze pudaklaryň döremegini, tebigy baýlyklary gaýtadan işleýän önümleriň möçberleriniň daşarky we içerki bazarlarda söwda dolanyşygynyň köpelmegini gazanmak ýaly öňdengörüjilikli garaýyşlaryň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary durýar.
    Aýgytly ösüşler ýoly bilen ymykly öňe barýan Diýarymyzda Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly täze il bähbitli işler bilen badalga aldy. Öňde asylly maksatlar, belent sepgitler durýar. Arkadagly türkmen halkyna mundan beýläk hem uly işler, arzuwlara gol berýän zähmet ýeňişleri garaşýar.