Maslahat geçirildi

    Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan bu çärede welaýatymyzyň muzeýleriniň, kitaphanalarynyň, oba medeniýet öýleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, welaýatymyzda hereket edýän çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň işlerine seljerme berildi. Aýratyn hem ulgama sanly tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen medeniýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine garaldy.