RESMI HABARLAR

    Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etmek, baha (tarif) emele getirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we sarp edijileri durmuş taýdan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, önümçilik-tehniki maksatly we durmuş taýdan ähmiýetli harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň möhüm görnüşleriniň bahalary (tarifleri) döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişli diýlip bellenildi.
    Şeýle hem resminama bilen, içerki bazar üçin bahalary (tarifleri) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň sanawy, içerki bazar üçin bahalary (tarifleri) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýän harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň sanawy tassyklanyldy.
    Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
                                                                                    ***
    «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1074-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
                                                                                    ***
    «Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1075-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
                                                                                    ***
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
    Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlamak we howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
                                                                                    ***
    Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda Welosiped binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
    Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň mart aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
                                                                                    ***
    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen:
    2019-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany;
    2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.