Il saglygynyň goragynda

    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmekde-de taýsyz tagallalar edýär. Türkmen lukmançylygyny ösdürmekde milli Liderimiziň bu ulgam bilen baglanyşykly ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenilmäge mynasypdyr.
    Saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmäge niýetlenen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda tutumly işler amal edildi we bu iş dowam etdirilýär.
    Häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş serişdelerini öndürýän kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şeýle kärhanalaryň biri-de, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky zyýansyzlandyryjy erginleri we desmallary öndürmäge niýetlenen kärhanadyr. 
    2014-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kärhana Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň önümçilik we kömekçi tehnologik enjamlary, hil we mukdar barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Onda önümçilik işleri dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar.
    Kärhana iki sany esasy bölümden — önümçilik hem-de hil barlag we mikrobiologik bölümlerden ybaratdyr. Önümçilik bölüminiň işi ýokary derejede gurnalyp, ol Ýewropada kabul edilen talaplara laýyklykda meýilleşdirilendir. Bölüm 4 bölümçeden düzülip, olar öz aralarynda kompýuter arkaly arabaglanyşykly işleýär.
    Suw taýýarlaýjy bölümçede Italiýadan getirilen enjam arkaly sagatda 500 ml arassalanan suw öndürilýär. Arassalanan suw aseptik şertlerde awtomatik usulda ýörite gaba guýulýar. Zyýansyzlandyryjy erginleri taýýarlaýan bölümçede hem erginler aseptik şertlerde awtomatik ýagdaýda göwrümi müň litr bolan ýöriteleşdirilen gaplaryň üçüsinde taýýarlanýar. Taýýar edilen zyýansyzlandyryjy ergin ýörite barlaghanada barlanylýar. Barlagyň netijesi kanagatlanarly bolan ýagdaýynda önüm ýöriteleşdirilen gaba ýerleşdirilýär. 
    Ergin guýulýan bölümçe üç sany guýujy ulgamdan ybaratdyr. Ulgam, esasan, alty enjamdan, ýagny gaplary tertipleýän, howa bilen arassalaýan, zyýansyzlandyryjy erginleri guýýan, gapaklary ýapýan, ýarlyk ýelmeýän hem-de bellik goýýan enjamlardan durýar. Ulgamyň önümçilik kuwwaty sagatda 500 ml göwrümli gutularyň 1983 sanysyny, 1 000 ml göwrümli gutularyň 992 sanysyny, 4 000 ml göwrümli gutularyň 248 sanysyny gaplamaga niýetlenendir. 
    Kärhananyň gaplaýjy bölümçesinde taýyn erginiň göwrümi we desmallaryň hili hünärmenler tarapyndan gözegçilikde saklanýar. Olar karton gaplara gaplanylyp, karantin ammaryna ugradylýar. Taýýar önüm karantin ammarynda hil, mukdar we mikrobiologik barlaglardan geçip, talabalaýyk netije alýança saklanylýar. Barlagdan geçen önümler taýýar önümler ammaryna ugradylýar. 
    Taýýar önümler saglygy goraýyş edaralaryna, dermanhanalara we beýleki zerur bolan edaralara goýberilýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, zyýansyzlandyryjy erginleri we desmallary öndürmek üçin zerur bolan çig mallar Germaniýadan hem-de Türkiýeden getirilýär. Bu ýerdäki işler bilen tanyşlygyň barşynda kärhananyň hünärmeni Amanmyrat Jelliýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerine öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
    — Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagy ugrunda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň: «Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr. Hut şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerimizde we obalarymyzda ynsan saglygy baradaky aladany güýçlendirmek döwlet syýasatymyzyň esasy aýratynlyklarydyr» diýen sözleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda giňden ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň özeni bolup durýar.
    Alym Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmek ugrunda durmuşa geçirýän işlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen kärhanamyzda öndürilýän önümler lukmançylyk nokatlarynda, edara-kärhanalarda giňden ulanylýar. 
    Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin işlemäge, halkymyza medeniýetli hyzmat etmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize kärhanamyzyň ähli hünärmenleriniň adyndan sagbolsun aýdýarys. Halkyň saglygyny döwletiň baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 
    Kärhana bilen tanyşlygymyz hil barlagy we mikrobiologiýa bölüminde dowam etdi. Bölümde kämil enjamlaryň kömegi bilen öndürilýän zyýansyzlandyryjy erginleri taýýarlamak üçin ulanylýan suwuň himiki düzümine, taýýarlanan zyýansyzlandyryjy erginiň hiline we mukdaryna Ýewropanyň talaplaryna laýyklykda barlaglar geçirilýär. 
    — Döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň sazlaşykly kämilleşmegine badalga beren özgertmeler we ösüşler milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk ulgamynyň binalary öz mümkinçilikleri babatda ösen döwletleriň iri saglyk merkezleri bilen bäsleşýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, bedendir ruhy sagdynlygy babatda durmuşa geçirýän tagallalary bar. 
    Kärhanamyzda hirurgiýada elleri zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan steridermiň, näsaglaryň düşeklerini, lukmançylyk enjamlaryny arassalamakda we zyýansyzlandyrmakda ulanylýan bakteriolyň, lukmançylyk gurallaryny we endoskoplary zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan superbendezin bakteriol, mikrodez bakterisidlerini, şeýle-de deriüsti ýaralary zyýansyzlandymak üçin ulanylýan peroksidermiň, kesik, dişlenen, sypjyryk ýaly ýaralaryň arassalanmagynda antiseptik hökmünde ulanylýan superbendeziniň, lukmançylyk enjamlarynyň we gurallarynyň zyýansyzlandyrylmagynda ulanylýan desmalyň antiseptikleri, mundan başga-da plastikden, rezinden, demirden, farfordan, aýnadan ýasalan lukmançylyk enjamlaryny zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan mikrodez öndürilýär. 
    «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüp, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! — diýip, kärhananyň önümçilik bölüminiň esasy hünärmeni Dürdäne Ýazyýewa gürrüň berýär.