GOŇŞY GADYRY

    Şu ýylyň 20-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
    Milli Liderimiziň ýagty geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlary hakynda oýlananymda, näme üçindir, her gezek döwürdeş žurnalistimiziň: «Ýagtylygyň tizligi iň ýokary tizlik hasaplanylýar. Ýöne ýagşylygyň — ýagşy niýetleriň we ýagşy başlangyçlaryň tizligi hem şondan kem däl bolsa gerek» diýen jümlesi serime gelýär.
    Bu resminamanyň maksatlary we ähmiýeti hakynda pikir öwrüp göreliň! Şunda, ozaly bilen, goňşy Owganystana kömek bermek boýunça sahawatly Liderimiziň başlangyjy bilen başy başlanan, gymmaty asyrlara barabar ägirt uly taslamalar göz öňümizde janlansa gerek. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy, Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşyklary, «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr-ulag geçelgesi, goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde yzygiderli iberilýän suwuklandyrylan gaz we elektrik energiýasy, ugradylýan ynsanperwer ýükler, türkmen tarapynyň hasabyna gurulýan dürli görnüşli durmuş-medeni maksatly desgalar... garaz, «Sanasaň, sogaby bar» diýleni. Döwlet Baştutanymyzyň: «Owgan halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga bolan gyzyklanmalaryna raýdaşlyk bildirip, Türkmenistan mundan beýläk-de oňa hemmetaraplaýyn goldawy we zerur ynsanperwerlik kömegini berer hem-de halkara bileleşigiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşar» diýen sözlerinden ugur alsaň, geljekde-de türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geriminiň has giňeldiljekdigine göz ýetirmek bolýar. Bu şeýle-de bolar. Sebäbi Türkmenistan hemişe-de Owganystany hem-de onuň halkyny doganlyk ýurt we halk hasaplaýar. 
    Aýdylyşy ýaly, geografiýa — ykbal. Biz muny ýakyn goňşularymyz — serhetdeş döwletlerimiz bilen köpasyrlyk gatnaşyklaryň mysalynda has aýdyň görýäris. Bu hakykaty biz hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» beýanyny tapan ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň mysalynda görýäris. Sebit strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystana kömek bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu sözleri delillendirýän ýene bir hakykat. Iň esasysy bolsa, owgan halkynyň hem şu pikir bilen doly ylalaşýandygy! 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowamynda, esasan, daşary ýurtly žurnalistler bilen işleşipdim. Şonda owganystanly bir kärdeşimiziň aýdan tymsaly ýüregime jüňk boldy: Ir döwürlerde dag baýrynda ýaşaýan gojanyň ýanyna şäherli biri gelip, ondan jaýyny satmagyny sorapdyr. Goja jaýyny örän uly möçberde bahalapdyr. Muňa geň galan şäherlä ol şeýle jogap beripdir: «Bilýän, jaýyň bahasy gymmat. Bu entegem az. Men onuň agramly bölegini goňşym üçin soraýaryn. Beýle gowy goňşy Ýaradanyň peşgeşidir. Aslynda, onuň hiç bahasy bolmaýar». Şu tymsaly mysal getirmek bilen, owgan žurnalisti Türkmenistany «bahasyz goňşy» diýip atlandyrypdy...
    Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly durmuş taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işlerde Türkmenistan aýratyn işjeňlik görkezip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrylan 2018-nji ýylyň fewralynda türkmen we owgan Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy, şeýle-de Serhetabat — Turgundy ugry boýunça täze demir ýol açylyp, işe girizildi. 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Owganystanyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar demir ýol şahasy açyldy we Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Bu polat ýoluň taslamasy döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna netijeli logistik hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir. Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýandygy, onda türkmen demirýolçularynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. 
    Belli bolşy ýaly, ägirt uly tebigy gaz goruna eýe bolan Türkmenistan bu babatda dünýäde dördünji orny eýeleýär. Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) her ýyl çap edýän statistik maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-nyň giňişliginde 3-nji orny eýeleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan özüniň baý uglewodorod serişdelerini milli bähbitleri üpjün etmek bilen bir hatarda, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Asyryň iri taslamasy hasaplanýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir energiýa serişdelerini iberýän we sarp edýän taraplar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitiň halklarynyň, aýratyn-da, goňşy Owganystanyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek ähmiýetli başlangyçdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň sözleri bilen aýtsak: «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi Türkmenistanyň öz ýangyç çig mallarynyň ätiýaçlyk gorlaryny goňşy sebitleriň we durnukly ösüşiň bähbidine ulanmagyň iň oňat nusgasydyr».
    Ýeri gelende, şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňiň dowamynda «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahatyň geçirilendigini nygtamak gerek. Bu çäre dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň 300-den gowragyny bir ýere jemlemek bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de ýurdumyzdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlar, uglewodorod serişdeleri üçin maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmaga meýdança bolup hyzmat etdi. Dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň TOPH transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin «Galkynyş» känini senagat taýdan işlemegiň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryny goýmaga isleg bildirmegi bu möhüm taslamanyň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda göçme forumyň uly ähmiýete eýe bolandygyny alamatlandyrdy.
    Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň başyny başlan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: «Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar» diýmek bilen, owgan halkyna kömek bermek boýunça işleriň ýörite taýýarlanan maksatnamalar esasynda yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy. Munuň özi sahawatly Liderimiziň goňşy Owganystandaky ýagdaýy syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, netijede, owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň dowamlydygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Hereketler anyk we yzygiderli bolanda, maksatlaryň myrada gowşup, geljekki işlere çelgi bolýandygyny durmuş tejribesi görkeze-görkeze gelýär. 
    Ýene-de käbir mysallara ýüzleneliň. Owganystana ynsanperwer ugurda goldaw-hemaýat bermek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna Balh welaýatynda mekdep, Farýap welaýatynda oba hassahanasy, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öý gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle-de häzirki wagtda Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygy dowam edýär. Ýadyňyzda bolsa, geçen, 2019-njy ýylyň iýul aýynda Owganystana kömek bermek maksady bilen, Aşgabatdan goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküň uly tapgyry ýüklenen ýörite awtoulag kerweni ugradylypdy. Şol ýükleriň arasynda derman hem-de lukmançylyk maksatly serişdeler, dokma önümleri we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, okuw kitaplary we esbaplary, süýji-köke önümleri ýaly harytlar bardy. Şol ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, kuwwaty 125 MWt bolan transformator we degişli enjamlar ynsanperwerlik kömegi hökmünde owgan tarapyna berildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirijilik ukyby sagatda 100 MWt-a deň bolan Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi işe girizildi. Bellenilişi ýaly, goňşy ýurduň halkyna nur paýlaýan bu desgalar ýurdumyzyň Owganystana ýeňillikli şertlerde iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu işler Owganystanyň Hyrat welaýatyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysallarydyr.
    Belli bolşy ýaly, ýurdumyz özüniň günorta goňşusy bilen bilim ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda owganystanly ýaşlaryň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim alyp, döwlet gullugynda işleýär, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýär. Bu tejribäni geljekde-de dowam etdirmek maksat edinilýär. Bu barada dostlukly ýurduň Lideri geçen ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde eden çykyşynda-da aýratyn nygtapdy. Goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä: «Hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň owgan halkynyň hemmetaraplaýyn ösüşi ugrunda berýän kömegi bimöçberdir. Munuň özi asyrlaryň dowamynda goňşy oturan halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň üçin bolsa owgan halkynyň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyşynyň, hoşallygynyň çägi ýokdur».
    ...«Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak», «Söýenişen ýykylmaz», «Goňşy haky — Taňry haky» diýýän halkymyz bu gün özüniň günorta goňşusyna — owgan halkyna dost-doganlyk goluny uzadýar, goldaw-hemaýat berýär. Bu işleriň ählisi milli Liderimiziň ynsanperwer syýasatynyň, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesiniň ajaýyp miweleridir. Goňşy döwletiň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine goşant goşmaga niýetlenen hereket edýän dürli maksatnamalara laýyklykda, yzygiderli berilýän kömekler Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda dowam etdiriler. Sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamagyň, ählumumy abadançylygyň üpjün edilmeginiň zerur şerti-de şeýle ýagşy işlerde, ýagşy başlangyçlarda wysal tapmaýarmy eýsem?!