Gurýan döwlet — kuwwatly döwlet

    («Bagtyýarlygyň Gündogar ýalkymy» atly makalalar toplumyndan)
    Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde 84 desganyň açylyş dabaralary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanyna şan goşar. Diýmek, şu ýyl ýurdumyzda diňe täze açyljak binalaryň şanyna şunça toý tutular. Açyljak binalaryň milli ykdysadyýetimize, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna etjek täsiri eýýäm başga bir ýakym, başga bir gürrüň. Bu işler döwletliligiň, kuwwatlylygyň we bagtyýar durmuşyň hut özi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda bu maglumat bilen tanşyp, begenmek begendik, guwanmak guwandyk.
    Sanawda görkezilen desgalaryň 11-si Jeýhun kenaryndaky sebitde — Lebapda açylyp, ulanylmaga berler. 21-nji fewralda hajy Arkadagymyz welaýat baş metjidini açyp beripdi. Şeýdip, gündogar sebitde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji aýlary mukaddeslige, sahawata, taryhy waka beslendi. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat merkezinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi (üçüsi 32, biri 40 öýli) we Saýat, Hojambaz, Döwletli etraplarynda hukuk goraýjy edaralaryň etrap bölümleriniň edara binalary we işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi.
    Sebitde ýylyň dowamynda açylmagyna garaşylýan beýleki desgalar baradaky söhbede geçmezden ozal, welaýatyň baş metjidi bilen bagly bir ýakymly pursada ünsüňizi çekmek isleýäris. Metjidiň 40 metr belentlikde seleňleýän esasy gümmezi altynsow reňke gireli bäri Türkmenabat şäherinde her säherde «iki Gün dogýar». Başgaça aýtsak, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan bu metjit şäheriň diňe bir gündizlerine ýa-da agşamlaryna däl, saba-säherlerine hem aýratyn ýakym çaýdy. Daň bilen tutuş dünýäni gülgüne reňke boýan şapagyň yz ýany bilen ýylgyryp dogýan Günüň şöhleleri metjidiň gümmezine düşüp, goşa Günüň ýakymyny berýär. Görşüňiz ýaly, ýekeje täze desga bir şähere şunça gözelligi bagyşlap bilýär, ýöne welaýat merkezinde şu ýyl ýene-de 8 sany desga (olaryň ählisi ýaşaýyş jaýlary) açylyp, ulanylmaga berler.
    Welaýatda şanly ýyly toýa besläp açyljak täze desgalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary hem, önümçilik desgalary hem, bilim ojaklary hem, energetika pudagynyň desgalary hem bar. Gürrüňi ýaşaýyş jaýlaryndan başlalyň!
    Welaýat häkimliginden berlen maglumatlarda görkezilişi ýaly, sanawa goşulan ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi Türkmenabat şäherinde açylyp, ulanylmaga berler. Eýýäm şu aýda şäheriň Dostluk köçesiniň ugrunda her biri dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň açylyş dabarasy bolar. Türkmen telekeçileri — «Şähergurluşyk we hyzmat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulýan jaýlarda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzir olaryň ýanaşyk meýdançalary abadanlaşdyrylyp, açylyş toýuna taýýarlyk görülýär.
    Tomsuň ilkinji aýynda Türkmenabatda ähli amatlyklary bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ikisi açylyp, ulanylmaga berler. Şäheriň Merkezi etrapçasynda we 3-nji kiçi etrapçasynda Agajy gaýtadan işleýän kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurulýan 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda şu güne çenli işleriň 70 göterimden gowragy tamamlandy. Iri gurluşyklar babatynda uzak ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan kärhananyň wekilleri gurluşygyň bellenen wagtynda tamamlanjakdygyna ynandyrýarlar.
    Şu ýyl Türkmenabat şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýene biriniň açylyş dabarasy sentýabr aýynda bolar. Dört gatly, 24 öýli jaýyň gurluşygy «Türkmenkerpiç» kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýan hem bolsa, binada gurluşyk-gurnama işleriniň barşy 90 göterime ýetdi. Täze jaý şäheriň Bahar kiçi etrapçasynda ýerleşýär.
    «Bahar» — Türkmenabadyň iň täze etrapçalarynyň biri. Muňa garamazdan, onuň çägini giňeltmek, ozal bar bolan binalaryň üstüni täzeleri bilen ýetirmek işleri yzygiderli dowam edýär. Geçen ýyllarda hem bu etrapçada täze ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkezleriniň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň güýzünde etrapçanyň binalar toplumyna ýene bir täze bina goşular.
    Ýadyňyzda bolsa, 2018-nji ýylyň tomsunda Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 20-den gowragy açylyp, ulanylmaga berlipdi. Şol gün Gahryman Arkadagymyz şäheriň bu künjeginde ýene-de bir uly ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutdy. Geçen ýylyň tomsunda bolsa, bu ýerde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 40-synyň gurluşygyna badalga berildi. Diňe bular hem däl, sebitden şäheriň ilatyna kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerleri hem paýlanyp berilýär. Garagum sährasy bilen utgaşyp gidýän sebitde sanlyja ýyldan täze bir şäher dörär. Eger soňky bir ýylyň içinde Halkara howa menziline ýoluňyz düşen bolsa, bu ýerde gurluşyk işleriniň gyzgalaňly barýandygyny öz gözleriňiz bilen hem görensiňiz.
    Şu ýyl şol işleriň ilkinjileri miwesini berer. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň tutuljak aýynda Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan dört gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini ulanmaga bermek ýylyň meýilnamasyna goşuldy. Dekabra çenli wagt ýeterlik, ýöne «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary işleriň ýarysyndan gowragyny eýýäm yzda galdyrdylar. Iri panelli ýaşaýyş jaýlary dekabr aýyna çenli doly tamamlanar.
    Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunyň tutulýan günlerinde şäheriň S.A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de biri ilatyň ygtyýaryna berler. Bu jaýyň gurluşygyny şäher häkimliginiň buýurmasy bilen «Türkmenkerpiç» kärhanasy alyp barýar. Welaýat häkimliginden berlen maglumata görä, häzir gurluşyk işleriniň 60 göterimden gowragy yzda galdy.
    Indi, ýönekeýje hasap öwreliň: şu ýyl diňe bir şäherde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si ulanylmaga berler. 225-e golaý maşgala bolsa täze jaýlara göçüp barar. Ýylyň başynda täze jaýly bolanlaram goşsak, maşgala sany 360-a dagy ýetýär. Bu juda gowy zat, döwletlilikden nyşan. Nesip bolsa, şu ýylda şunça maşgalanyň jaý toýy hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen utgaşar.
    Ýaşaýyş jaýly gürrüňlere häzirlikçe nokat goýalyň. Söhbedimizi, nesip bolsa, olaryň açylan günlerinde dowam ederis. Häzir bolsa Lebap welaýatynda şu ýyl açylyp, ulanylmaga beriljek beýleki desgalar barada durup geçeliň.
    Iýun aýynda Halaç etrabynda keramiki bezeg kerpijini öndürýän kärhana açylyp, ulanylmaga berler. Bu kärhanany «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde gurýar. Şu kärhana aýratyn ünsi çekmek isleýäris.
    Öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan hususy taraplaryň ikisi — «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti we «Mizemez gadam» hususy kärhanasy ýakynda gurluşyk senagatynyň Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara sergisine gatnaşdylar. Sergiden dolanyp gelensoň, «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Gadam Hoşwagtow bilen söhbetdeş bolduk. Onuň aýdyşy ýaly, Halaçdaky kärhanada öndüriljek keramiki bezeg kerpiçleriniň ilkinji nusgalary Daşkentde geçirilen halkara sergide görkezildi. Heniz önümçilige girişilmänkä, hojalyk jemgyýetiniň wekilleri özbek, täjik we gyrgyz işewürlerinden uly sargytlary aldylar. Sebäbi näme?
    Keramiki bezeg kerpijini öndürýän kärhanalar goňşy döwletlerde-de bar. Ýöne, nesip bolsa, tomsuň ilkinji aýynda, Halaçda açyljak kärhana tutuş Merkezi Aziýa boýunça toýuny iň ownuk üweýän kärhana bolar. Toýun näçe ownuk boldugyça, önümiň hili hem şonça ýokary bolýar. Muny eýýäm ilkinji nusgalar hem görkezýär. Şonuň üçin hem «UzBuild — 2020» halkara sergisinde Türkmenistanda öndüriljek keramiki bezeg kerpiçlerine isleg diýseň ýokary boldy. 
    Ýeri gelende aýtsak, iýun aýynda açylyp, ulanylmaga beriljek kärhanada gurluşyk işleri tamamlandy. Häzir Ispaniýadan we Italiýadan getirilen enjamlar ornaşdyrylýar. Bu ýerde keramiki bezeg kerpiçleriniň ýylda 80 million sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär.
    Şu ýyl Lebap welaýatynda işine badalga beriljek önümçilikleriň biri hem Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän alýuminden gapy we penjire ýasaýan kuwwatly kärhana bolar. Kärhanada oturdylan döwrebap enjamlar gapylaryň we penjireleriň bir ýylda 10 müň toplumyny öndürmäge mümkinçilik berer. Bu kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bady paý» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. 
    Ýurdumyzyň iň iri halyçylyk kärhanalarynyň biri bolan Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýyl ýene bir täze önümhana işläp başlar. Bu bolsa önümçiligiň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. Kärhananyň täze önümhanasy şu ýylyň dekabr aýynda Güýçbirleşik obasynyň çäginde açylyp, ulanylmaga berler. Onuň gurluşygyny «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Marydaky ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar.
    Ýeri gelende aýtsak, birleşige degişli haly kärhanalary tarapyndan ýyllyk dokalýan halylara Halaçdaky kärhananyň goşandy uludyr. Bu ýerde gelin-gyzlaryň müňlerçesiniň elinden çykýan nepis halylar yzygiderli kesilip, hyrydarlaryna gowşup dur. Degişli guramalar tarapyndan kärhananyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler hem yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyllarda Halaç çeper halyçylyk kärhanasyna degişli önümhanalaryň birnäçesi täzelendi. Güýçbirleşikdäki önümhana hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda olaryň üstüni ýetirer.
    Şeýlelikde, şu ýyl welaýatda täze önümçilik desgalarynyň üçüsi ulanylmaga berler. Olaryň ikisi bolsa hususy pudagyň kärhanalarydyr. Öz-özünden düşnükli: täze kärhana — täze önümçilik, täze iş orunlary, eksportyň täze ugurlary. Bu badalgalar şanly ýylyň Jeýhun ýakasyndaky wakalaryny has-da dabaralandyrsa gerek.
    «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy bilen Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy tarapyndan «Malaý» gaz ýatagynda gurulýan we döwrüň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan gaz gysyjy desga hem şu ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berler. Desgada häzir işleriň 80 göterimden gowragy tamamlandy.
    Dowam edýän okuw ýylynyň başynda Köýtendag etrabynda 320 orunlyk täze mekdep açylyp, ulanylmaga berlipdi. 1-nji sentýabrda badalga beriljek täze okuw ýylynda bolsa Saýat etrabynyň Guşçy obasynda 600 orunlyk orta mekdep işe girişer. Häzir bu mekdebiň gurluşygyny Lebap welaýat häkimliginiň buýurmasy bilen «Döwletli dostlar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Işleriň depgini bilen tanşanyňda, gurluşykçylaryň bu döwrebap bilim ojagyny bellenilen wagtyna çenli doly taýýar etjekdigine ynamyň artýar.
    Ine, şu ýyl Lebap welaýatynda açylyp, ulanylmaga berilýän desgalar baradaky maglumatlar şulardan ybarat. Häzir welaýatda ýüzlerçe binanyň gurluşygy dowam edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gurluşygyna badalga beriljek desgalar hem bar. Has takygy, welaýatda şu ýyl bir hassahananyň, üç saglyk öýüniň, alty çagalar bagynyň we şonça orta mekdebiň hem-de bir sany medeniýet öýüniň gurluşygyna badalga bermek meýilleşdirilýär. 
    106 orunlyk hassahana Darganata şäherinde gurlar. Türkmenabat şäherindäki 3-nji, Magdanly şäheriniň Gurşunmagdan obasyndaky saglyk öýleriniň durky täzelener. Seýdi şäherinde bolsa täze saglyk merkeziniň gurluşygyna badalga berler.
    Şu ýyl welaýat boýunça jemi 970 orunlyk, alty sany çagalar bagynyň düýbi tutular. Olar Türkmenabat şäheriniň Derýaçylar kiçi etrapçasynda (240 orunlyk), Darganata etrabynda (160 orunlyk), Dänew etrabynyň Parahat obasynda (160 orunlyk), Saýat etrabynyň Topurkak obasynda (90 orunlyk), Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda (160 orunlyk) we Döwletli şäherinde (160 orunlyk) gurlar.
    Şeýle hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenabat şäheriniň Ýokarky Kerki etrapçasynda 400, Dänew şäherinde 400, Hojambaz etrabynyň Tölekguýy obasynda 240, Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde 600, Köýtendag etrabynyň Ýaşlyk obasynda 320, Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde 600 orunlyk täze mekdepleriň düýbi tutular. Darganata etrabynda gurulýan täze şäherçäniň çäginde bolsa 200 orunlyk Medeniýet öýüniň gurluşygyna girişiler. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda bu desgalaryň ählisi açylyp, halkyň hyzmatyna berler.
    Görşüňiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diňe bir welaýatda, bir ugur boýunça şunça iş alnyp barylýar. Elbetde, bu tutumlaryň her birinde röwşen geljegimiziň bir ýakymy bar. Ýaşaýan obamyzda, şäherimizde peýda bolan ýekeje täze desga kalbymyza nähili uly şatlyk paýlaýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurulýan täze binalar bolsa, tüweleme, sanardan kän. Şeýle bolansoň, bagtyýar halkymyzyň Gahryman Arkadagyna bolan alkyşy, düýpsüz söýgüsi barha möwjeýär, joş alýar.