Gadymy baýramyň milli oýunlary

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz baýramynyň milli öwüşginli däpleri, milli oýunlar her ýylyň Nowruz günlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Halkymyzyň çuň durmuş pelsepeleri, garaýyşlary, milli däp-dessurlary, irki ynançlary siňen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, senetçilik, zergärçilik, küýzegärçilik, oba hojalyk önümleriniň, milli lybaslaryň sergileriniň guralmagy, gelin-gyzlar tarapyndan şahyrana halk döredijiliginiň urp-adatlarynyň berjaý edilmegi, monjugatdylary, läleleri ýerine ýetirmegiň tomaşalary bagtyýarlyk döwrümiziň Milli bahar baýramynyň asylly däplerine öwrüldi.
    Nowruz baýramynda şagalaňly-şowhunly, uly baýraklar goýlup, bäsleşilýän milli oýunlaryň köpüsi irki döwürlerde döräpdir. Olaryň käbiri döwürleriň talabyna görä, az-kem üýtgedilip, täze mazmuna eýe bolupdyr. Nowruzyň milli oýunlaryna birnäçe gün öňünden taýýarlyk görülýär. Irki döwürlerde bolşy ýaly, köpçülikleýin milli oýunlary geçirmek üçin ýörite ýer saýlanyp alynýar. 
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda bu barada şeýle ajaýyp jümleler bar: «Hatyja» diýlip atlandyrylýan giň ýaýla bar. Bu ýaýlany kalby sähra deý nurana, ýüregi ak öýüň işigi dek açyk obadaşlarymyz toý tutmak üçin amatly ýer hasap edýärdi. Biziň neberämiz hem bu atgaýtarym ýaýlada at çapdyryp, göreş tutdurýardy. Keçe-keçe ýa-da ýaglyga towusmak ýaly oýunlar toý şowhunyna şowhun goşýardy. Köpügören garrylarymyz häli-şindi: «Ýüwrük görjek bolsaň, sahy görjek bolsaň, göreş görjek bolsaň, «Hatyja» bar» diýerdiler. ...At çapyşygyna, pälwanlaryň göreşine, keçe-keçe, ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlara, bagşy-sazandalara baýraklar goýlardy».
    Nowruzyň giň ýaýran milli oýunlarynyň biri-de göreşdir. Bu gadymy sungata uly gyzyklanma bildirilip, ýaş pälwanlar heniz çaga wagtyndan taýýarlanyp başlapdyrlar. Olara milli göreşiň dürli inçe tärlerini öwredipdirler. Has üşükli we çalasyn göreşijileri ady belli pälwanlar şägirtlige alyp, aýratyn türgenleşik geçiripdirler. Milli göreşde ussatlyga ýeten pälwanlar il içinde uly abraýdan peýdalanýarlar. Nowruz baýramçylygynda geçirilýän köp adamly göreşlerde halypa pälwanlaryň, hormat bilen öňde — ilkinji hatarda oturdylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda halypa pälwanlaryň ady tutulyp, toý paýy hökmünde çäkmen, guşak, köýnek ýaly sowgatlar hem berilýär. Adatça, göreş baş baýraga dalaş etmekden başlanýar. Eger baş pälwana taý tapylmasa, onda oňa hormat hökmünde baýrak berilýär. Soňra nobat ýaş şägirtlere geçirilýär hem-de tä bellenen baýraklar tamamlanýança göreş dowam edýär. Gündogar Türkmenistanyň käbir etraplarynda milli göreşiň «ýakalaşma» diýlip atlandyrylýan görnüşi hem giňden ýaýrapdyr. Göreşiň bu gadymy görnüşinde garşydaşyň donunyň ýakasyndan tutup, tutluşmaga rugsat berilýär. Ussat pälwanlar göreşiň ýakalaşma görnüşinde «injigiňi diremek» diýlip atlandyrylýan tilsimi dürs berjaý etmegiň örän çylşyrymlydygyny belleýärler. Öňden gelýän düzgüne görä, göreş garşydaşyň ýany ýere degýänçä dowam edýär.
    Nowruz günleriniň iň meşhur oýunlarynyň biri bolan «ýüzük tapdy» oýnuna, adatça, bu ugurdan tejribeli, ynsan endiklerini, häsiýetlerini oňat bilýän ýaşulularyň ikisi ýolbaşçylyk edýär. Oýna gatnaşýanlaryň esasy bölegi ýaşululardyr. Döwçüleriň ýüzük bukulanlary içgin synlap, damarlaryny barlap göreninde, ýüzleri üýtgäp, ýürekleri çalt urup başlaýandygyny nazarlap, gizlenen ýüzügi tapýandygy bilen utuk gazanylýar. 
    Nowruz günleri güneşli Türkmenistanyň ähli ýerlerinde oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny hem örän şüweleňli geçirilýär. Oýun üçin goýun-geçiniň yzky aýaklaryndaky aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Aşyk oýnunda, mundan başga-da, iri şahly mallaryň aşyk süňki — topazy ýa-da guzynyň aşyk süňki — müji hem ulanylýar.
    Aşygyň dört tarapynyň hersiniň öz ady bardyr: aşaky giň tarapyna «alçy», beýleki tarapyna «tagan», gapdaldaky çökgüt tarapyna «çikge», ýokary galyp duran ýüzüne «dükge» diýilýär. Çagalaryň sözlüginde bu oýun bilen bagly «dükge — döwlet, çikge — şeýtan, alçy — at, tagan — ýükçi» ýaly ajaýyp jümleler ýörgünlidir. Aşyk zyňlanda «Altyn aşygym, alçy gop!» diýlip, arzuw edilýär. Urlup, setirden çykarylan aşyk bolsa, oýunçynyň utugy hasaplanylýar. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde aşyk oýnunyň «gagşal», «gara atyş», «ketde hat», «jikge-dükge», «üçem», «çapakly», «alçy basdy» ýaly görnüşleri bardyr.
    Nowruz baýramçylygy günlerinde ýaglyga towusmak oýny hem uly gyzyklanma bilen oýnalýar. Ýörite dikilen agaçdan ýa-da täze gurlan ak öýüň tüýnüginden baýraklar: ýaglyklar, matalar we şuňa meňzeş zatlar el ýeterden ýokarrakda, gymmaty-zyýadasy has beýikden asylyp goýulýar. Baýraklary almak üçin dürs böküp, ussatlyk görkezenler — baýragy almagy başaranlar oýnuň ýeňijisi bolýar. 
    Irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanan, goýnuň injik süňki ulanylandygy sebäpli «ak süňk» diýlip atlandyrylýan gadymy oýunda bolsa iki toparyň «hany» çyzylan tegelegiň içinde durýar. Bijesi çykan toparyň hany süňki ýa pökgini bir tarapa zyňýar, oýunçylar pökgä tarap ylgaýarlar. Haýsy toparyň oýunçysy pökgini ilki alyp, öz «hanyna» getirip berse, şol topar utuk gazanýar. Pökgini alyp bilmedik toparyň oýunçylary onuň «hana» eltilip berilmegine her hili ýol bilen päsgelçilik döretmeli bolýarlar. Emma çalasyn, batyr, başarjaň ýetginjeklere ýeňiş gazanmak miýesser edýär.
    Çürrük kesdi ýa-da jürrem-jürrem diýlip atlandyrylýan gadymy oýnuň mazmuny ýaş nesilleri ezber Watan goragçylary edip terbiýelemegi nazarlaýar. Iki topara bölünen oýunçylaryň biri diametri 50 metre barabar çyzylan tegelegiň içinde ýerleşip, galany goraýar. Beýleki topar «galaçylary» böwsüp geçip, olaryň ýerine geçmäge çytraşýar. Hüjüm edenlere gaýtawul berlip, yzyndan kowalap, aýagyna şikes ýetmez ýaly çalaja depilýär. Şeýlelikde, aýagyndan depileni oýundan çykarýarlar hem-de haýsy topardan köp adam oýundan çykarylsa, garşydaşlary ýeňiş gazanýarlar. 
    Gadymy milli oýunlaryň biri bolan ogar-ogar oýnunda süriniň möjekden goralyşy janlandyrylýar. «Çopan» hem-de «möjek» saýlanansoň, oýnuň şertine görä, möjek çopanyň arkasyna gizlenenleri gapyp almak üçin topulýar. Ýöne çopan oňa ýol bermeýär, eger möjegiň awy «şowuna» bolsa, onda tutan oýunçysyny öz sürenine alyp gaçýar. Sürenden gaçmagy meýilleşdiren oýunçy möjek tarapyndan ikinji gezek ele salynsa, onda ol oýundan çykarylýar hem-de möjek utuk gazanýar. Möjegiň sürenine köp oýunçyny alyp gaçmagy bilen ýeňiş gazanylýar. 
    Çilik-hekgal oýnunda ýetginjek oglanlar iki topara bölünip oýnaýarlar. Gahryman Arkadagymyz gözel paýtagtymyzda bina edilen golf meýdançasyna baranda, dünýäde giňden meşhur bolan golf oýny bilen biziň gadymy milli oýnumyz çilik-hekgalyň arasynda meňzeşlikleriň bardygy barada-da gürrüň berdi.
    Görnüşi ýaly, Nowruzyň milli oýunlary diňe bir baýramçylyk däp-dessurlarynyň dabarasyny artdyrman, olar ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, batyrlyk, çalasynlyk, maksada okgunlylyk ýaly ajaýyp endikleri terbiýeleýär, ýaşaýşa söýgini, atalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgelere hormaty ýokarlandyrýar.