Bag ekişi guramaçylykly geçirildi

    Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bag nahallaryny oturtmak çärelerine gatnaşmak bilen, ählumumy gerime eýe bolýan döwletli işe ekologiýa, durmuş, watançylyk we raýatlyk ähmiýetini berýär. Ýaş baglary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar diňe bir ildeşlermiziň belent ruhly zähmetleriniň hakyky baýramynyň däl, eýsem, milli Liderimiziň döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ýokary gujur-gaýratynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň ýaz mowsüminde ekişde gerek boljak üç ýyllyk bag nahallarynyň sanyny kesgitläp, olary ekişe taýýarlamakda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Tokaý hojalygy müdirliginiň Bekrewe tokaý nahalhanasynda degişli işler alnyp baryldy.
    Bu nahalhanada  ýylyň baharynda ekiljek  nahallarynyň müňlerçe düýbi ösdürilip  ýetişdirildi. Milli Liderimiziň ajaýyp ýörelgesine eýerilip, häzirki wagtda pürli agaçlaryň 173 müňi, ýaprakly nahallaryň 119 müňi,  sazak  nahallarynyň 211 müňi,  miweli  nahallaryň 8600-si,  çalt ýetişýän  nahallaryň 18 müňi, şeýle hem bezeg gül şitilleriniň 19500-si ekildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem Gahryman Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde birnäçe işleri amala aşyryp, saldamly goşandyny goşýar.
    Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny azruw edäris!