«BIR PENJIREDEN» AÇYLÝAN DÜNÝÄ

    Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça geçiren iş maslahatyndan soňky oýlanmalar
    Habarlaryň papiruslaryň şahalaryna, daglardyr dereleriň ýüzlerine, deňizdir derýalaryň kenarlaryna ýazylyp, köpçülikleýin ýaýradylýan zamany has yzda galdy. Sesdir ýagtylygyň tizligini takyklamak mümkin bolan eýýamda neşir etmegiň daş basma usulydyr gurşunlama görnüşleri-de döwrüň ösüşlerine döz gelip bilmedi. Maglumatlar jemgyýetiniň barha ösýän häzirki döwründe bolsa Internet ulgamy žurnalistikanyň töründe ymykly orun aldy. Şeýlelikde, žurnalistikanyň täze terjimehaly başlandy. 
    Häzirki döwür, umuman, XXI asyr, aslynda, ählumumy derejede durmuşyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmagyň döwri hasaplanýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini-de döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy talap edýär. Internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna işjeň gatnaşmak, elektron neşirleri, web saýtlary döretmek, birinjiden, auditoriýany maglumat bilen dessin üpjün etmek bilen bagly bolsa, ikinjiden, döwlet durmuşyndaky möhüm wakalary, ösüş-özgertmeleri dünýä giňişligine ýaýmakda örän ähmiýetlidir. Sebäbi biziň içeri we daşary syýasatymyz, dünýä bileleşigindäki abraýymyz, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan ajaýyp üstünliklerimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň güýjünden we mümkinçiliklerinden nähili peýdalanýandygymyza baglydyr.
    Elektron neşirlere geçilmegi çap edilýän gazet-žurnallaryň öz möwritini geçirendigini görkezmeýär. Elbetde, metbugat žurnalistikasynyň öz mümkinçilikleri, öz aýratynlyklary bar. Ilki bilen olar hut resmi kagyzlar ýaly anyk maglumatlary saklaýjy serişdelerdir, resminamalardyr. Olary haýsy döwürde, haçan öwrenseňem, taryhy resminama hökmünde öz ähmiýetini ýitirmeýär. 
    Dünýäde internetiň auditoriýasynyň günsaýyn giňeýändigi döwrümiz üçin täzelik däl. Kompýuterler, planşetler, smartfonlar arkaly adamlar her gün örän köp sanly web saýtlaryna girip bilýärler. Şeýlelikde, internet ulanyjylaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa elektron gazetleriň arzysynyň artmagyna getirýär. Belli bolşy ýaly, ýurduň iň çetki künjeklerine, daşary ýurtlara gazetdir žurnallary gowşurmak üçin birneme wagt gerek bolýar. Emma elektron neşirleriň ýola goýulmagy bilen şol günler minutlara, hatda sekuntlara çenli has gysgalýar. 
    Neşirleriň elektronlaşdyrylmagy okyjylar üçinem, neşirýat üçinem birnäçe ýeňillikleri döredýär. Gazetiň elektron görnüşde öz wagtynda taýýarlanmagy ony ulaglar arkaly okyjylara ýetirmek işini aradan aýyrýar. Bu başlangyjyň binýadynyň eýýäm 2019-njy ýylyň başynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «metbugat.gov.tm» saýtynyň döredilmegi bilen goýlandygyny bellemek gerek. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.
    Häzirki maglumatlar jemgyýetinde adamlaryň durmuşyny köpçülikleýin kompýuterleşdirmek, internet ýaly global maglumatlar torundan peýdalanmak durmuş zerurlygy hökmünde öňe saýlanýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, jemgyýeti düýpgöter özgerdýän, öňe ilerledýän ösüş üçin uly geljegi açýar. Döwür özgerýär, adamlaryň gyzyklanmalary, dünýägaraýşy, ahyrsoňy zerurlyklary-da üýtgeýär. Şunda gysgadan täsirli, delillere baý bolan, az sözde köp manyny özünde jemleýän materiallara bolan isleg artyp başlaýar. Netijede, žurnalistiň işine bolan talap-da ýokarlanýar. Elektron neşirler, umuman, internet žurnalistikasy diňe professional žurnalistleri talap edýär. Sanly ulgamyň ägirt uly mümkinçilikleriniň açylýan döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek, döwlet syýasatyna doly we dogry düşünmek, ýurduň ösüşlerini žurnalistiň, ýeri gelende, syýasatçynyň, ykdysatçynyň, bilim işgäriniň, oba hojalykçynyň... nukdaýnazaryndan pikir ýöredip, halka giňişleýin düşündirip bilmek ýaly žurnalistiň jana-jan wezipeleri öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli tagallalary bilen türkmen žurnalistikasynyň täze, döwrebap nesli kemala gelýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyplara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat ulgamy boýunça bilim berilýär, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bolsa halkara žurnalistler taýýarlanylýar. Olaryň dil, bilim, sowatlylyk derejelerine, tejribedäki galam ýöredişlerine aýratyn üns berilýär. Türkmen žurnalistikasynyň milli mekdebiniň uçurymlarynyň geljegiň neşiri hasaplanýan elektron, internet neşirleriniň kämilleşmegine, umuman, žurnalistikamyzyň halkara derejä göterilmegine mynasyp goşant goşmagy döwrüň möhüm talabydyr. 
    Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, elektron neşirler, habarlar-täzelikler web saýtlary bilen auditoriýanyň arasyndaky baglanyşygy saklamakda internetiň elýeterli, ýokary tizlikli hyzmatlary hödürlemegi ýeterlik bolmaýar. Abunaçylary — okyjylary höweslendirmegiň usullaryny we ýollaryny gözlemeli bolýar. Şunda hususy elektron neşirleriň, web saýtlaryň döredilmeginiň-de örän ähmiýetli boljakdygyny nygtamak gerek. Iň esasy bolsa, jemgyýetiň ähli gatlagynyň sanly sowatlylygyny gazanmak möhüm talap bolup öňe çykýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem hut şu maksatlary öz içine alýar. 
    Elektron usula geçmegiň başga-da bähbitli taraplary bar. Mysal üçin, islendik wagt — ýolda, iş saparlarynda ýa-da merkezden has uzak aralyklarda bolýan mahalyň internete birikdirilen planşetdir smartfon arkaly iň soňky täzelikler bilen onlaýn usulda tanşyp bolýar. Wagt we serişde tygşytlamakda-da bu usul abunaçylara oňat mümkinçilikleri açýar. Elektron gazet-žurnallara, kitaplara köpçülikleýin geçilmeginiň dünýäniň köp ýerlerinde tokaýlaryň köpelmegine getirip, agaçlaryň çapylmagyny aradan aýyrmaga mümkinçilik berýändigini-de hünärmenler belleýärler. Internet neşirleriniň ekologiýa taýdan arassalygy, olaryň dürli ýokanç keselleriň öňüni almakdaky ähmiýetini has-da artdyrýar. Milli Liderimiz 18-nji martda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça geçiren iş maslahatynyň barşynda hem şu meselä ünsi çekip, islendik metbugat neşiri arkaly mikroblaryň geçip bilýändigini, bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 
    Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini internetsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şoňa görä-de, internete baglanmagyň medeniýetini has-da kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Döwrüň şeýle meselelerini çözmekde orta mekdeplerde maşgala edebiniň, salamlaşmak edebiniň... has çuňňur öwredilişi ýaly, mümkin, internet edebini hem öwretmek zerurdyr. Häzirki döwür grammatikanyň düzgünleri bilen birlikde, internet bilen işlemek sowatlylygyny talap edýär. Bu meselä milli Liderimiz aýratyn ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara yzygiderli tabşyryklary berýär. 18-nji martda geçiren iş maslahatynyň barşynda hem kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Bilşimiz ýaly, häzirki ýaşlaryň aglabasy internetiň hyzmatyndan peýdalanýar, dürli sosial ulgamlarda dost-ýarlary, ýakyn garyndaşlary bilen habarlaşmaga mümkinçilik alýar, web saýtlary arkaly dünýä täzeliklerinden gyzgyny bilen habarly bolýarlar. Şeýle ýagdaýda, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, olaryň gyzyklanmalaryny öwrenip, wagtyny has köp sarp edýän sosial ulgamlaryna, web saýtlaryna ýurdumyzyň ösüşleri, türkmençilik ýörelgeleri, türkmen ýigitleriniň, gyzlarynyň milli häsiýetleri bilen bagly maglumatlary ýerleşdirmek hem-de olary yzygiderli täzelemek oňyn netijesini berer. Şu meselede, ilkinji nobatda, elektron neşirleriň, web saýtlaryň ähmiýetiniň uly boljakdygyny bellemek gerek.
    Sözümizi jemläp aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçmegi milli metbugatymyzyň, umuman, türkmen žurnalistikasynyň ösüş ýolunda täze tapgyr bolar.