TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

    19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
    Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Maslahatda «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ähli ugurlaryny ösdürmek, onuň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berdi. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şol sanda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli dürli maksatly desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
    Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, gurluşyk we binagärlik pudagynda sanly ulgamyň işini ýokarlandyrmak, pudaga hususy kompaniýalary köpçülikleýin çekmek, şol bir wagtyň özünde gurluşygyň hilini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
    Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, gurluşykçylaryň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek meseleleriniň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň kuwwaty halkymyz hem-de jemgyýetimiz üçin ähmiýetli bolan durmuş-ykdysady wezipeleriň çözgüdine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy we täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribelerini ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň binagärlik, gurluşyk önümçiligi ugurlaryny ösdürmek, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
    Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň sanawy, olaryň gurluşyk işleriniň ýagdaýy we tutuş ýurdumyz boýunça gurulýan önümçilik maksatly binalar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Häzirki döwürde tutuş Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň jemi 737-si gurulýar.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi. Şunlukda, sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak, ähli düzümlere täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Hormatly Prezidentimiz gurluşykda bolşy ýaly, elektroenergetika senagatynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmelidigini belledi. Elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bu ulgamyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmekde wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz sebitiň ýurtlaryna, şol sanda goňşy Özbegistana elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berilmelidigini belledi.
    Garaşsyz, Bitarap Watanymyz halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydyr diýip döwlet Baştutanymyz goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmeginde bolşy ýaly, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýändigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli işleri alyp barmak, onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryk berip, munuň türkmen halky tarapyndan doganlyk özbek halkyna berilýän kömek-goldawyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.
    Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolup, welaýatlarda gurulýan, bu ulgama degişli desgalardaky işleriň barşy we depginleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, durmuş maksatly, esasan-da, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň täze binalary häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlara doly laýyk gelmelidir.
    Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara alyp, lukmançylyk edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de usulyýetleri iş tejribesine ornaşdyrmak arkaly ýokanç kesellere garşy göreşmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýdyp, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
    Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa ýüzlenip, gurluşyk pudagyny ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi.
    Häzirki döwürde bu ulgamyň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, bu maksatlar üçin iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
    Şeýle-de bolsa, işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, milli Liderimiz gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamyna innowasiýa we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň alyp barýan gurluşyk işlerine degişli ministrligiň gözegçiliginiň ýola goýulmagy hem möhüm talap bolup durýar.
    Bu ýagdaýlaryň desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz zerur işleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan ähli täze binalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegi, şeýle hem täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
    Soňra maslahat wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.
    Ilki bilen ministr döwlet Baştutanymyzyň degişli çözgüdi esasynda döredilen bu ministrligiň düzümi, onuň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi.
    2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken Kararynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, degişli bäsleşik yglan edildi, oňa ýerli we daşary ýurtlaryň gurluşyk kompaniýalary gatnaşýarlar.
    Şeýle hem ministr gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna ylmyň gazananlaryny, ösen tejribeleri, innowasiýa tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmak boýunça meýilnamalar barada hasabat bermek bilen, täze bina ediljek sement zawodynyň tüssesini we önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan serişdeleri öndürmek meselelerini öwrenmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin maglumat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklaryň zerur serişdeler bilen üpjün edilmeginiň bu ministrligiň netijeli işine baglydygyny belläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli önümleriň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi hem-de olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi üçin örän möhümdir.
    Ministrligiň işinde öňegidişlikleri gazanmak üçin hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ösen tejribä esaslanylmalydygyny aýtdy.
    Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz 2020-nji ýylda täze kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy, bu maksatnama bar bolan zerurlyklary hasaba almak bilen tassyklanylar. Munuň özi sanlylaşdyrmaga we bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
    Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletleriniň anyk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
    Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we olary gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işleri gysga möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikleriň gurluşygynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.
    Ähli durmuş amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni maksatly binalaryň, senagat we ulag üpjünçilik ulgamyna degişli desgalaryň sanyny artdyrmak, şoňa görä-de, bu işleriň ösdürilmegine gönükdirilen zerur çäreleri görmek ugrunda alnyp barylýan işler toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmalydyr. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, maslahata gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.