EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ GIREWI

    Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyňgoraglylygyny yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyňekologiýa syýasatynyňileri tutulýan wajyp ugurlarynyňbiridir. 
Şu ýyl ýurdumyz boýunça sosna, tuýa, serwi, derek, tut, çynar, sazak ýaly agaçlaryňwe miweli baglaryň10 million düýbi oturdylar.
    Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin ekilmeli pürli, saýaly we miweli baglaryňgörnüşleriniňamatly toprak-howa şertlerinde guramaçylykly hem-de dabaraly ýagdaýda ekilmelidigini aýtdy. Ekilmeli baglaryňnahallarynyňgörnüşleri bilen tanyşlykda milli Lidermiz derek agajynyňadamlar üçin uly ähmiýetiniňbardygyny bellemek bilen, onuňsuwuňbar ýerlerinde ekilmeginiňmaksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdi. 
    Tebigy şertlerde bir agajyňýapraklary tomus aýlarynda gije-gündiziňdowamynda ortaça üç adamyňdem alýan kislorodyny bölüp çykarýandygy bellenilýär. Bir gektar ýerdäki ekilen bag bir sagadyňdowamynda 8 litr kömürturşy gazyny sorup alýar hem-de 30 adamyňýaşaýşy üçin zerur kislorody bölüp çykarýar. Bir derek agajynyňsorýan kömürturşy gazynyňmöçberiniňdört sosna we ýedi tuýa agajynyňsorýan kömürturşy gazyndan köpdügi ylmy taýdan subut edilendir. Şäherleriňiçinde we daş-töwereginde döredilen baglar we tokaýlar howanyňzyýanly tozanlaryny sorýar, onuňçyglylygyny ýokarlandyrýar. 
    Medeni zolakda ekilen 400 deregiňýapraklarynyňtomus aýynda 340 kg tozany saklap bilýändigi amaly taýdan tassyklanyldy. Baglaryňgörnüşlerine baglylykda, olaryňhowadaky tozany saklap bilijilik ukyplary hem dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, bir gektar pürli bagyňtokaýy bir ýylda 40 tonna tozany saklap bilýär, saýaly agaçlar bolsa 100 tonna çenli tozany saklaýar. Emeli tokaý zolaklarynyňdöredilmeginiňýene bir wajyp ähmiýeti bar. Bir bag özüniňösüş möwsüminde 130 litr benziniňdüzümindäki gurşun metalyňmöçberiçe gurşuny sorup bilmek häsiýetine eýedir. Hasaplamalara görä, bir awtomobiliňýakýan benzininiňhowa çykarýan zyýanyny aradan aýyrmak üçin 10 agajyňösdürilip ýetişdirilmegi zerurdyr. Emeli döredilen «gök guşak» zolagy awtoulaglaryň, uçaryňgüwwüldileriniňgüýjüni 10 göterime çenli peseldip bilýär. Tokaýlaryňaçyk meýdan bilen deňeşdirilende, uçaryňsesini 56 göterime çenli peseldýändigi ylmy taýdan subut edilendir. Güwwüldili sesiňtolkunyny arça agajy has köp azaldýar diýlip hasaplanýar. 
    Hormatly Prezidentimiziňbaşlangyjy bilen döredilýän emeli tokaý zolaklarynda ekilýän sosna, arça, tuýa, ak akasiýa, derek, söwüt we dub agaçlary fitonsid maddasyny bölüp çykarýar. Bu madda adamyňwe haýwanlaryňsaglygyna zyýan berýän keselleriňmikroorganizmlerini hem-de bakteriýalaryny ýok etmek häsiýetine eýedir. Alymlaryňpikiriçe, pürli agaçlaryňtokaýlygynda kesel dörediji bakteriýalar saýaly agaçlaryňtokaýlygyndan 2 esse az bolýar. Mysal üçin, bir gektara ekilen arçalar gije-gündiziňdowamynda 30 kg fitonsid bölüp çykarýar. Sosnanyňbölüp çykarýan fitonsidi inçekesel dörediji bakteriýany ýok edýär. Deregiňwe dubuňbölüp çykarýan fitonsidiniňbasilly difteriýa mikroorganizmleriniňýaýrap gitmeginiňöňüni almakda uly täsiri bardyr. 
    Gara derek özünden iňköp kislorod bölüp çykarýan agaç hasaplanýar. Ol örän çalt ösýär hem-de bir ýylyňdowamynda 100 kub kislorody bölüp çykarmak ukybyna eýedir. Hasaplamalara görä, gara deregiňbütin ösüş döwründe howa bölüp çykarýan kislorodynyňmöçberi tutuş gury agramyndan 1,32 esse, şeýle hem onuňgury agramyndan howadan sorup alýan kömürturşy gazynyňagramy 1,82 esse köpdür. Şeýle hem gara derek howanyňýere golaý gatlagynyňarassalanmagyna uly ýardam edýär. Ol 35 metr beýiklige çenli ösýär hem-de 300 ýyla golaý ýaşaýar. Bu agajyňkölegesiniňtemperaturasy howanyňyssy wagtyndaky temperaturasyndan 20 göterim pes bolýar. 
    Sosna agajy hemişe gök öwüsýän pürli agaçlara degişli bolup, gögerýän topragyna baglylykda, 75 metre çenli ösýär we 500 ýyla çenli ýaşaýar. Rowaýata görä, sosna agajy hasyllylygyňwe bakylygyňalamatydyr. 
    Serwi agajy barada aýdylýan rowaýata görä, onuňmydama gök öwüsmegi baky ýaşaýşyňnyşany hökmünde kabul edilipdir. Serwi agajynyňysy zyýanly mör-möjekleri ürküzýär. Ol gämi gurluşygynda giňden peýdalanylýar. Lukmançylykda onuňpürlerinden we şahalaryndan ýasalan derman serişdesiniňkuwwat beriji häsiýetine eýedigi aýdylýar. 
    Ýurdumyzda gögerýän tut agajynyňboýy 15 metre çenli bolup bilýär. 250 ýyla barabar ýaşaýan tut agajy saz gurallaryny ýasamakda giňden ulanylýar. 
    Merkezi Aziýada iňuly we köp ýaşaýan agaç çynar agajy hasaplanýar. Dünýä ýüzünde iňuly çynar agajynyň2300 ýyl ýaşandygy, boýunyň50 metr ösendigi, düýbüniňýogynlygynyň42 metre ýetýändigi hasaba alnypdyr.     
    TürkmenistanyňYlymlar akademiýasynyňylmy işgärleri saýaly we miweli baglaryňnahallaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça suwaryş suwuny tygşytlaýan tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen bagly iş alyp barýarlar. Şonuňnetijesinde, suwaryş suwunyňhas gyt ýerlerinde ekilýän baglary suwarmak üçin suwaryşyňýerasty we damja usullarynyňkämilleşdirilen tehnologiýalary döredildi hem-de önümçilige hödürlemek boýunça resminamalar taýýarlanyldy. 
    Türkmen alymlaryna netijeli işlemek üçin döredip berýän ähli goldawlary we mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziňjany sag, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!