«Önümler ter, diňe ter bolmaly»

    «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, ine, şeýle şygar astynda işleýärler
    Telekeçiniň tekrarlan bu sözlerini okap, megerem, şahalaryna agram salyp, düzüm-düzüm bolup oturan dürli miweli baglar, giň meýdanlara görk berip, özüni güjeňleýän gök we bakja ekinleri göz öňüňize gelen bolsa gerek. Tomus paslynyň bereketli günleri golaýlaýar. Nesip bolsa, bu günki al-elwan gül açan baglar miwe getirip, tomus paslynda berekedini sahylyk bilen eçiler. Mes topraga sepilen bereketli tohumyň hasyly mukaddes saçaklara dolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döredilýän täze tokaý zolaklary, her ýyl köp sanly miweli agaçlaryň ekilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň giňeldilmegi bu berekediň barha artýandygynyň güwäsidir.
    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti bu sogaply işlere mundan üç ýyl öň, ýagny 2017-nji ýylda başlady. Olar ýerli daýhanlar bilen özara hyzmatdaşlyk saklap, halkymyzy ter miweler we gök-bakja önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün edýärler. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerini daşarky bazarda ýerlemek işlerini alyp barýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň geçen ýyl Hindistanyň Bombeý şäherinde geçirilen «Mangolar, möwsümleýin miweler we gök önümler» atly halkara forumda dünýäniň 35 döwletinden gatnaşan 80-den gowrak hususy kompaniýalaryň arasyndan saýlanyp, forumyň baş baýragyna — altyn nyşanyna mynasyp bolmagy-da, bu ýerde işleriň göwnejaý ýola goýlandygyndan habar berýär.
    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçirilýän türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde giňden ýaýbaňlandyrylan eksport ugurly azyk, senagat we gurluşyk önümleriniň, iri taslamalaryň hatarynda «Ter önümiň» diwarlygy bada-bat gözüňe ilýär. Diwarlykda ter gök-bakja we miwe önümleri ýurt abatlygynyň, asuda we parahat durmuşymyzyň beýany bolan Bitaraplyk binasynyň şekilindäki tekjelerde ýerleşdirilipdir. Munuň özi toý-baýramlara baý «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň, taryhy ýylda bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň aýdyň şöhlelenmesi bolup görünýär.
    Biz sergide «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Döwletgeldi Ballyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda: 
    — Hünärmenlerimiz «Ter, diňe ter önümler!» diýen şygar bilen işleýärler. Çünki her bir önümiň terligi, täzeligi ynsan saglygy üçin peýdaly hem ýokumly. Hojalyk jemgyýetimizde özara baglaşylan şertnama esasynda ýerli daýhanlardan satyn alnan gök we bakja önümleri, dürli miweler arassalanyp, hili boýunça saýlanylýar hem-de olaryň iň gowulary müşderilere hödürlenilýär. Bu ugurda biz ýerli daýhanlaryň 300-den gowragy bilen işleşýäris. Müşderilerimiziň sany bolsa, 500-den geçýär. Esasan, paýtagtymyzdaky myhmanhanalar, toý mekanlary, söwda we dynç alyş merkezleri, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary bilen işleşýäris. Bu ugurda hünärmenlerimiziň 100-den gowragy yhlasly zähmet çekýär. 
    Biz öz işimizi ylmy esasda alyp barmak bilen, diňe bir taýýar önümleri ýerlemek däl, eýsem, olaryň biziň topragymyza, howa şertlerimize laýyk gelýän täze görnüşlerini oýlap tapmak işleri bilen hem meşgullanýarys. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen-de bilelikde iş alyp barýarys. Ylym bar ýerinde täzelik bar, ösüş hem öňegidişlik bar. Ýakynda alymlarymyzyň gatnaşmagynda mäşiň dürli görnüşlerini synagdan geçirip, olaryň arasyndan köp hasyl berýän görnüşini ýüze çykardyk. 
    Hojalyk jemgyýetimizde ylmy-önümçilik merkezi-de işleýär. Onda alymlaryň, ýurdumyzyň çar künjeginden bolan tejribeli daýhanlaryň gatnaşmagynda her hepdäniň şenbe güni ýörite okuw-önümçilik maslahatlary geçirilýär. Alymlaryň, tejribeli ekerançylaryň teklipleri, islegleri, gök-bakja ekinleriniň, miweli agaçlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary, galyndysyz önümçiligiň innowasion usullary öwrenilýär. 
    Türkmen topragyndan ýylda iki-üç hasyl alyp bolýar. Bu bolsa halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök we bakja ekinleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Öwrenilen tejribeleriň, geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, kelem, käşir, pomidor, badamjan, kädi, gawun ýaly gök we bakja ekinleriniň, narpyz, arpabadyýan, şibit ýaly gök otlaryň kakadylan, külkelenen görnüşleriniň önümçiligini hem ýola goýduk. Sergide täze önümlerimize uly gyzyklanma bildirildi.
    Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamakçy, biz öz işimizi sanly ulgam esasynda alyp barýarys. Bu ulgamyň kömegi bilen içerki hem-de daşarky bazarlardaky bahalaryň hasabatyny ýöredip, olary yzygiderli seljerýäris. Gök we bakja önümlerini, miweleri eksport, import edýän döwletler baradaky maglumatlar, hasyl möwsümleri öwrenilýär. Aýdylyşy ýaly, maglumatlary bilmek işiň gözüni bilmekdir, dünýä tejribesini öwrenmekdir. Kärhanamyzda Batyr Rawşanowyň döreden «Hasabym» kompýuter programmasy bu işleri göwnejaý sazlamakda ýakyndan ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine işlemek, dünýä tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa biziň öňküden-de yhlasly, täze tehnologiýalar esasynda işlemegimize ýardam berýär — diýip, gürrüň berdi.