Köýtendag baýlyk eçilýär

    Ýurdumyzyň gündogar künjegini ýassanyp ýatan Köýtendag sebiti Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüp-özgerip, bütinleý täze keşbe girdi. Täze-täze senagat kärhanalarynyň, Garlyk şäherçesiniň emele gelmegi bilen, indi bu sebitde öndürilýän magdan we magdan däl gurluşyk önümleriniň görnüşi-de, möçberi-de artýar. Şeýlelikde, sebit Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşandyny goşup başlady. Ykdysadyýetiň ösmegi bolsa tutuş ýurduň ösüşini üpjün edýär. Bu ösüşe senagat pudagynyň goşýan goşandyny artdyrmak üçin ähli welaýatlarda täze kärhanalar gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. 
    Häzirki wagtda bu iş ýene-de dowam etdirilýär. Ýakynda, has takygy, 12-nji martda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna eden iş sapary wagtynda welaýatyň gündogar künjegindäki «Lebap» sement zawodynda geçiren iş maslahaty-da muňa şaýatlyk edýär. Bu maslahatda mähriban Arkadagymyz sebitde gurulmaly senagat kärhanalarynyň taslamalary bilen tanyşdy we olar barada özüniň degişli maslahatlaryny berdi. Köýtendag, Garlyk sebitleriniň uly tebigy baýlyklary barada söz açmak bilen, hormatly Prezidentimiz olary gaýtadan işläp, diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarynda däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Bu sebitde sement üçin zerur bolan çig malyň uly gory bar. Şonuň ýaly-da, ýurt Baştutanymyz bu sebitde kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işini-de güýçlendirmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekmek bilen, bu ýerde onuň 2-nji nobatdakysynyň gurluşygy barada söz açdy. Degişli ýolbaşçylara munuň üçin birnäçe tabşyryklary berdi.  Ýeri gelende belläp geçsek, Köýtendagyň baýlyklaryny gaýtadan işläp, önüm öndürýän senagat kärhanalarynyň bu sebitde birnäçesi işleýär. Olaryň biri-de, Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallary kärhanasydyr.
    Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallary kärhanasy soňky döwürde täze döredilen senagat kärhanalarynyň biridir. Ol Köýtendagyň tebigy baýlyklaryndan gurluşyk serişdelerini öndürýär. Kärhana 2019-njy ýylyň jemi boýunça 5 million 907 müň manatlyk önüm öndürmek bilen, 116,8 göterim ösüş gazandy. Munuň özi, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 848 müň manatlyk önüm artyk öndürildi diýmekdir.
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli senagat kärhanalarynyň öňünde durýan esasy wezipe daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutup biljek önümleri özümizde öndürmekden ybarat bolup durýar. Bu wezipäni Magdanlynyň gurluşyk materiallary kärhanasy eýýäm üstünlikli ýerine ýetirip başlady. Diwar boýaglary, reňkleri, gurluşyk gipsi we üwelen kaustik dolomit ýaly önümleri indi daşary ýurtlardan almagyň zerurlygy ýok. Üwelen kaustik dolomitiň geçen ýyl 489 tonnasy öndürildi. Şonuň ýaly-da, bu ýerde gurluşyk gipsiniň 372, lukmançylyk gipsiniň 56, ýanan hekiň 124 tonnasy öndürildi.
    Önümçiligi giňeltmek we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin kärhananyň hünärmenleri mydama gözlegde. Olar dürli tejribeleri geçirmek bilen, emele gelýän önümleri ylmy taýdan hem öwrenýärler. Bu gözlegler özüniň gowy netijesini-de berýär. 2018-nji ýylda şeýle usul bilen ýene-de bir täze önümçilik ýola goýuldy: himiki çökdürilen mel alyndy. Öň daşary ýurtlardan satyn alynýan bu önümiň geçen ýyl 50 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Ol dürli boýaglary öndürmekde, lukmançylyk ulgamynda, himiýa pudagynyň birnäçe önümlerini öndürmekde ulanylýar. Häzirki wagtda bu önüm iň ýönekeý usul bilen alynýar. Geljekde ýörite tehnologik enjamlaryň kömegi bilen bu usula ýene-de düzedişleriň girizilmegi meýilleşdirilýär. Sebäbi himiki çökdürilen meliň düzümini has gowy arassalap, ony birnäçe önümçilikde ulanmak mümkinçiligi döredi. Munuň üçin zerur bolan çig mal, ýagny tokga karbonatly hek daşy bu ýerde näçe diýseň bar.
    Üsti açylandan soňra emele gelýän daşlar öz görnüşleri boýunça bölünýär we olaryň ulanylmaly ýerleri kesgitlenýär. Mysal üçin, «Bud» daşy, göwrümi uly bolansoň, kenar berkidiş işlerinde ulanylýar. Gyýçak maýda daşlar bolsa demir ýoluň şpallarynyň arasyny berkitmekde ulanylýar. 2019-njy ýylyň dowamynda «Bud» daşynyň 16796 tonnasy, demir ýol çagyl daşynyň hem 40802 tonnasy öndürildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurtlardan satyn alnyp berlen kämil we kuwwatly tehnikalar kärhananyň esasy daýanjy bolup durýar. Olara erk edýän sürüjiler ýörite hünärmenleriň kesgitläp beren ýerlerinde magdan däl daş gatlaklaryny rejeli ulanyp, kärhananyň bökdençsiz işini üpjün edýärler. Sebäbi kärhananyň 1200 gyzgynlyk derejesinde işleýän bişiriji sehinde karbonatly tokga daş hek daşyna öwrülýänçä, üznüksiz ýagdaýda köp gyzgynlyk sarp edilýär. 
    — Hormatly Prezidentimiz biziň öňümizde senagat pudagynyň kärhanalarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hilini ýokarlandyrmak we möçberini artdyrmak wezipesini goýdy. Şeýle hem beýleki döwletlerden getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa senagat önümlerini öndürmegi tabşyrdy. Şundan ugur almak bilen, kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri bolup mähriban Arkadagymyzyň bu talabyna mynasyp işler bilen jogap bermäge çalyşýarys. Köýtendagdaky tebigy çökündilerden, minerallaşmadyk daş gatlaklaryndan gurluşyk senagatymyz üçin ýene-de birnäçe önümleri öndürmegiň üstünde işleýäris. Geçirilen barlaglar we seljermeler özüniň gowy netijesini-de berdi. Indiki wezipe täze önümçilik üçin zerur bolan şertleri we mümkinçilikleri döretmekden ybarat — diýip, kärhananyň baş inženeri Nuraly Umarkulow gürrüň berýär. 
    Hawa, ümzügi ileri bu kärhananyň şu ýylky gadamlary has-da batly. Bu ýerde täzeden-täze önümleri önümçilige ornaşdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda barha uly depginler bilen kemala gelýän sanly ykdysadyýete geçmek işi-de üstünlikli amala aşyrylýar. Eýýäm şu ulgamyň üsti bilen daşary ýurtlardaky ugurdaş kärhanalaryň tejribeleri öwrenilýär. Şu ýyldan başlap, kärhana öndürýän önümlerini sanly ulgamyň üsti bilen mahabatlamagy-da göz öňünde tutýar. Sebäbi şeýle edilende, gyzyklanýan tarapa önüm barada örän köp maglumatlary berip bolýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, önümiň hyrydarlarynyň sanynyň artmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň senagat pudagynyň işgärlerinden edýän talaby ödelýär we eksportyň görnüşi-de, möçberi-de artýar. Biz hem sözümiziň ahyrynda bu kärhananyň gadamlarynyň barha batlanyp, Köýtendagyň baýlyklaryny ýurduň bähbidine gönükdirmekde täze üstünlikleri arzuw edýäris.