GELSE NOWRUZ ÄLEME...

    Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň durmuşy dürli görnüşdäki däp-dessurlara, baýramçylyklara baýdyr. Adamlaryň zähmetini, döredijiligini wasp edýän dürli mifiki rowaýatlar bilen baýlaşdyrylan hem-de asyrlarboýy dowam edip gelýän ekerançylyk bilen baglanyşykly «Babadaýhan» baýramçylygyny muňa mysal görkezmek bolar. Gündogar halklarynyň köpüsi gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyny — 21-nji marty Täze ýyl, ýagny Nowruz baýramy hökmünde dabaraly belleýär. Bu uly baýramçylygyň geçirilmegi bilen ekerançylyk işleri başlananda, oba ýerlerinde «Babadaýhan» baýramçylygy geçirilipdir. Bu baýramçylyk döwründe maşgala ojagynda dürli tagamly naharlar bişirilip, ussat ekerançylaryň tejribesi barada özara pikir alşylandan soň, köpçülikleýin birek-birege kömek bermek arkaly ekerançylyk, bagbançylyk işleri geçirilipdir.
    Nowruz Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilipdir. Nowruz baharyň başy, maýsalaryň ösýän, agaçlaryň gülleýän mahalydyr. Bu baýramda tutuş Gündogar dünýäsine mahsus bolan milli däpler, äheňler saklanyp galypdyr. Nowruzy baýram etmek bilen bagly her milletiň özüne mahsus däp-dessurlary bar. Bu baýram özüniň mazmuny boýunça iň dabaraly, şowhunly baýramçylyk bolmak bilen, häzirki döwürde ýurdumyzda Milli bahar baýramy ady bilen meşhurdyr.
    2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bu baýram bilen bagly ýörite Kararnama kabul edildi. Häzirki döwürde Nowruz Eýranda we Owganystanda 21-nji martda başlanýan täze ýylyň resmi başlangyjy hökmünde bellenilýär. Şeýle hem bu baýram Azerbaýjanda, Täjigistanda, Albaniýada, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Makedoniýada, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan, Dagystan we beýleki sebitlerinde giňden bellenilýär.
    Nowruzyň baş tagamy saýylýan semenini bişirmek üçin bugdaý däneleriniň taýýarlanylyşy örän gyzykly hem täsin. Bugdaý şinelände, ýaşyl maýsalar öýüňe bagt, rysgal-döwlet getirýär diýen yrym bar.
    Nowruz baýramçylygynda gatlama, çapady, pişme, çelpek, petir çörek, ýagly çörek ýaly milli nygmatlar taýýarlanylyp, baýramçylyga gelenlere hödür edilýär. Milli däp-dessurlarymyz ýerine ýetirilýär, aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar.
    Asylly däbe görä, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem 21-nji mart — Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaňy-ýakynda Köpetdagyň eteginde döredilen tokaý zolaklaryny synlady we köpçülikleýin bag ekmek üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bahar paslynyň gelmegi bilen Köpetdagyň etegindäki bu künjek aýratyn gözel görünýär. Hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary bu ýerleriň bezegine öwrülip, gerşi garly daglaryň özboluşlylygy bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär.
    Hormatly Prezidentimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ünsi çekip, derek agajynyň köpçülikleýin ekilmeginiň ähmiýetini belledi. Onuň şahalarynyň ýygjamlygynyň halkymyzyň maşgala abadançylygyny we agzybirligini alamatlandyrýandygyny aýtmak bilen, bu syrdam agaçlaryň derýalaryň we kölleriň kenarlarynyň bezegine öwrülmelidigini nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda tokaý zolaklaryny giňeltmek işlerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy barada aýdyp, bag ekmek dabarasynyň — halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagy bilen mukaddes saýylýan asylly işiň ýagşy dessura öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň, ekologiýa babatda bolşy ýaly, ýaş nesillerde halal zähmete söýgi döretmekde hem wajypdygy nygtaldy.
    «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Näme ekseň, şony-da orarsyň», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş», «Garyň känligi — gallaň bollugy», «Gyşyň gary — ýaza däri» diýlen nakyllardan hem görnüşi ýaly, halkymyz ýaz ekiş işlerine uly yhlas, arzuw bilen girişýärler. 
    Seljuk türkmenleriniň kuwwatly zamanasynda, «söz äleminiň soltany» hasaplanan Abusagyt Abulhaýyr — Mäne baba beýik alym, uly pir, weli, rubagy ýazan ussat şahyr, ynsanperwerligiň, dostlugyň, halallygyň we agzybirligiň ündewçisi hem waspçysy hökmünde tanalýar.
    Bu ömür nowbahar gülüne meňzär. 
    Bu dide daglaryň siline meňzär. 
    Şeýle ýaşa, toýa-ýasa ýaranlar —
    Diýsinler: «Ol Taňry guluna meňzär» — 
diýmek bilen, şahyr adam ömrüni nowbahar gülüne deňäp, toýa-ýasa ýarap ýaşamalydygyny nygtaýar. Adam tebigatdan öwrenip, ondan köküni üzmän, onuň bilen sazlaşykly ýaşadygyça, özüniňem, ene ýeriň hem ömrüni uzaldýar. Gadymy grek filosofy Platonyň «Ýaşaýyş bir sungatdyr, ony başarmaga kişi gerekdir» diýşi ýaly tebigat bilen ylalaşykly ýaşamak, tebigata zeper ýetirmezlik, tebigy mümkinçilikleri medeniýetli, tygşytly we aýawly saklamak we ulanmak adamlaryň ekologiýa aňy, medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Nowruz baýramy tebigatda ynsanlaryň kalbynda täze döwrüň başlanýandygynyň alamaty hökmünde gadymy Gündogar halklarynyň arasynda ýaýran meşhur baýramçylykdyr. Gadymy halklar bu baýramçylygy asyllylygyň, täzelenişiň, tämizligiň, päkizeligiň, ýagtylygyň baýramy hökmünde kabul edipdirler. Nowruz baýramy şadyýanlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, sahawatlylygyň, düşünmegiň baýramy hökmünde meşhurdyr. Şonuň ýaly-da, ol dostluk-doganlygyň nyşany hökmünde birnäçe ýyllardan bäri halkara derejede bellenilýär. Ata-babalarymyz bu baýramçylygy täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi älem giňişligindäki planetalaryň hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň başlanýan güni Ýeriň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp, ýylnamalar döredilipdir. Abu Reýhan Birunynyň «Masudyň kanuny» atly eserinde maglumat berlişine görä, dünýäniň köp halklarynda gije-gündiziň deňleşmegi ýyl senesiniň başy hasap edilipdir. Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde Nowruz baýramy bilen baglanyşykly dürli meseleler gozgalýar. 21-nji martda älem giňişligindäki Günüň gyzgyn şöhlesi Ýer ekwatoryna dik düşýär. Abu Reýhan Biruny öz eserinde: “Nowruz gününde bir sagat bar, şol sagatda wagtyň çarhy älemi janlandyrmaga howlugýar, ol Günüň iň bagtly sagady, Günüň şöhlesiniň dik düşüp ugran sagadydyr” diýip belleýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Nowruz baýramynyň giňden bellenilmegi halkymyzy mundan beýläk-de döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.