Hususy pudagyň kämillik ýoly

    Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 12 ýyl doldy.
    12 ýyl! Ynsan ömri bilen bagly bolanda, bu san bir müçäni aňladýar. Bu döwür bagtly çagalyk ýyllaryny öz içine alýar. Çaga dünýä inip, maşgala ojagynda, çagalar bagynda terbiýelenýär. Orta mekdebe baryp, durmuşyň gyzykly dünýäsine aralaşýar, sowat öwrenýär, başlangyç bilim alýar. Düşünjesi artyp, gözýetimi giňeýär, geljegi barada oýlanyp, hünär saýlap bilýär.
    Ýurdumyzyň hususy pudagynyň işi-de ynsan ömri ýaly, ýörjen-ýörjenlikden başlandy. Ilkinji ýylda birleşmäniň 500 sany agzasy bolan bolsa, bu gün olaryň sany 24 müňden gowrakdyr. Şunuň özem milli telekeçiligiň ösüşleriň belentliklerine çykandygyny aňladýar. Çünki, 24 müň diýmek, 24 müň ýerden edilen hereket, edil şonça ýerden ýagýan bereket hem-de müňlerçe iş orunlary diýmekdir. Ynha, hünär baýramçylygy mynasybetli geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde şol gazanylan oňyn netijeler, ýetilen belent sepgitler, innowasion ösüşler giňden ýaýbaňlandyryldy. Birleşmäniň maslahatynda bolsa, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalyny türkmen telekeçileriniň iň kämil tehnologiýalar esasynda öndüren, eksport ugurly önümleri bezedi. Olaryň arasynda milli telekeçilikde baý tejribe toplap, adygan kärhanalar bilen birlikde, bagtyýarlyk döwrümiziň miwesi bolan, innowasion önümçilikleri bilen hususy pudagyň bedew batly ösüşlerine goşant goşýan täze kärhanalar-da bar. Türkmen telekeçileriniň önümleriniň hersi harytlyk görnüşi bilen-de, hil taýdan-da biri-birinden tapawutlanýar. Biz olaryň käbiri bilen ýakyndan tanyşdyk.
    Berk hem amatly
    Gürrüň Sergi zalynyň diwarlygynda hatara goýlan, köp görnüşli hem dürli reňkli kagyz torbalar, haltajyklar barada barýar. «Gadym çille», «Sowgatlyk», «Kabul bolsun!», «Doglan günüňiz bilen!», «Gutly bolsun!» ýaly dürli ýazgylar bilen bezelen ululy-kiçili kagyz torbajyklar göreniň ünsüni özüne çekýär. Bu täzeçillik «Ýedi dogan» hojalyk jemgyýetine degişli. Germaniýanyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan kärhanada söwdada, azyk, dokma, gurluşyk senagatlarynda ulanylýan kagyz torbalaryň, haltalaryň 500-den gowrak görnüşi öndürilýär. Hojalyk jemgyýeti ýörite buýurmalar boýunça ýurdumyzda hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy bilen özara baglaşylan şertnama esasynda işleşýär. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Döwran Abdyrasulow şeýle gürrüň berdi:
    — Ilkinji nobatda, kagyz haltalaryň we torbalaryň azyk önümlerini saklamakda amatlydygyny bellemeli. Çünki kagyz gaplarda saklanýan azyk önümleri çalt zaýalanmaýar, şeýle-de ýokumyny ýitirmeýär. Halkymyz tarapyndan kagyz gaplara uly isleg bildirilýändigini nazara alyp, biz häzirki wagtda olaryň her günde 30 müň sanysyny öndürýäris. Olar hil taýdan-da, berkligi bilen hem daşary ýurtlardan getirilýän ugurdaş önümlerden birjik-de pes däldir, şeýle-de ekologiýa taýdan arassadyr. «Kämil market», «Halk market» söwda merkezleri, «Tomus», «Kenek», «Talhan», «Bagdan» haryt nyşanly azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalar biziň müşderilerimiz.
    Hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçileriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekleri üçin ähli amatly şertleri döredýär, olaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Bu ynam hususy pudagyň wekillerini öňküden-de ýokary öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ruhubelentlik bilen çekilen zähmetiň netijesini şu günki geçirilýän sergide hem görmek bolýar. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
    Keramiki bezeg kerpiçleri
    Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk pudagy-da täzeçillik esasynda ösdürilýär. Gurluşyk önümleriniň täze-täze görnüşlerini öndürmekde türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşandy bar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde bu günki gün türkmen telekeçileri medeni-durmuş maksatly binalary, obalary, şäherçeleri gurýarlar. «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň keramiki kerpiçleri hem bu döwrebap gurluşyklarda ulanylýar.
    Biz hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Lebap Annageldiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol arassa toýundan öndürilýän keramiki kerpiçleriň binalara diňe bir bezeg bermän, eýsem, olaryň berkligi, uzak wagtlap öz durkuny ýitirmeýändigi barada aýtdy. Önüm üçin çig mal welaýatyň Döwletli etrabynyň çägindäki «Gubadag», şeýle-de Saýat etrabynyň çägindäki «Sakar — 35» ýataklaryndan alynýar. Telekeçiler düzüminde dürli himiki maddalar bolan arassa toýny otda gyzdyrmak bilen, keramiki kerpiçleriň dürli reňkdäki görnüşlerini öndürýärler. Ýewropanyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan zawodda bir gije-gündizde 550 tonna arassa toýun gaýtadan işlenip, keramiki kerpiçleriň 240 müňe golaýy öndürilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan türkmen telekeçileri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda innowasion tehnologiýalarda işleýän täze zawody işe girizdiler. Onda keramiki kerpiçleriň «klinker» diýip atlandyrylýan täze görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda täze önümçiligiň doly güýjünde işledilmegine garaşylýar. «Döwletli döwranyň» agzybir topary hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýär.
    Ýedi hazynanyň biri
    Ýurdumyzyň hususy pudagynda ýedi hazynanyň biri bolan guşçulyga, towuk etini öndürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hususy pudakda «Guş toplumy», «Altyn hilal» ýaly onlarça hususy kärhanalar indi köp ýyllardan bäri hereket edip, halkymyzy guş eti we ýumurtga bilen üpjün edip gelýär. Sergi zalynda olaryň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlerine giň orun berlipdir. Olaryň hataryndaky «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetine degişli bolan diwarlykda naşyja jüýjejikler ünsümizi çekdi. Bu hojalyk jemgyýeti broýler jüýjeleriniň hem-de enelik towuklaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän önümhana ýyllyk 25 million jüýje çykarmaga ukyply inkubator ulgamy ornaşdyrylyp, goýulýan ýumurtgalardan 21 gün diýlende, 92 göterim jüýje alynýar. Inkubatorlardan çykan jüýjelere waksina işleri geçirilip, soňra ýörite ulaglarda müşderilere, ýagny et ugurly towuklary idedip, halkymyzy guş eti bilen üpjün edýän hususy kärhanalara iberilýär. Önümhana tohumçylyk fermalarynyň 16-syny, guş idediş fermalarynyň hem 4-sini öz içine alýar. Ýetişdirilýän tohumlyk towuklardan 24-25 hepdeden soň ýumurtga alnyp başlanýar. Broýler jüýjeleri hem-de enelik towuklar üçin ol ýerde ýyllyk kuwwaty 26 müň 280 tonna barabar bolan iým zawody hem işleýär.
    — Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen telekeçileri dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, halkymyzy ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün edýärler. Olaryň önümleriniň sergisi bu aýdylanlary doly subut edýär. Sergide ýaýbaňlandyrylan täze önümçilikleri göreniňde, halkymyzy milli önümlerimiz bilen doly üpjün etmäge mümkinçiligimiziň bardygyna buýsanjymyz artýar. Hususy telekeçilikde ak ýürek bilen zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Ahmet Meläýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.