Hususy pudak: beýik işleriň beýany

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 12 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen döredilen ýurdumyzyň hususy pudagy ösüşleriň belentliklerine ýol aldy, netijeli işleri bilen milli ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Geçen döwre ser salyp, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen telekeçileriniň 12 ýylda ýeten belent sepgitleri, ýeňişli ýollary barada oýlanýarsyň. Olar barada näçe gürrüň etseň-de, bärden gaýdýar. Bu döwürde hususy pudakda eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen ummasyz işler amal edildi. 
    Ýadyňyzda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde öndürilen önümleriň 65,3 göteriminiň hususy telekeçileriň paýyna düşendigi bellenildi. Munuň özi ýurdumyzda hususy eýeçiligiň ornunyň düýpli ýokarlanýandygynyň aňlatmasydyr. 
    Bu gün Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli gurluşyklardaky orny barha artýar. Telekeçiler ýurdumyzyň ähli künjeginde iri önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýyladyşhanalary gurýarlar. Paýtagtymyzy tapgyrlaýyn ösdürmegiň düýpli gurluşyklarynda baý tejribe toplan telekeçiler häzirki wagtda Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Aşgabatda ýerasty geçelgeleri gurýarlar, ýollarda, ýanýodalarda, seýilgählerde gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işlerini geçirýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy hem döwrüň iri gurluşyklarynyň biridir. Umumy meýdany 32 gektara barabar bolan bu düýpli gurluşykda asma köpri, suw çüwdürimleri, kömekçi desgalar göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende, ol ýerde gurulýan ýaşaýyş jaýynyň 17 gatdan ybaratdygyny, paýtagtymyzyň ýaşaýyş-jaý gurluşyklarynda onuň täzelikdigini hem bellemeli. Ýurdumyzyň hususy pudagynda göreldeli işleri bilen tanalýan «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetine hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýolagçy awtomenzilleriniň gurluşygy ynanyldy. Indi köp ýyllardan bäri halkymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýän paýtagtymyzdaky halkara awtomenziliň gurluşygyny hem bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň amal edendigi bellenilmäge mynasypdyr.
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, durmuşa geçirilýän iri taslamanyň — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy türkmen telekeçileriniň şäherleri gurmaga ukyplydygyny ýene-de bir gezek subut edýän aýdyň hakykatdyr. Hususy pudakda köp ýyllardan bäri hereket edip, asylly işleri bilen adygan «Nusaý ýollary», «Myradym», «Çyzgy», «Aga gurluşyk», «Ussat inžener», «Döwlet gurluşyk», «Weli gurluşyk», «Beýik bina», «Ajaýyp bina» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bilen birlikde, bu düýpli gurluşyga hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň 60-a golaýy gatnaşýar. Olaryň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde dowam edýän düýpli gurluşygy, ol ýerde zähmetiň gaýnap joşýan pursatlaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletli Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkezi şäheriniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollarynyň bölünip berilmegi bilen, bu düýpli gurluşykda amal edilýän işleriň depgini has-da güýçlenýär. 
    Döwlet Baştutanymyz telekeçilik işiniň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegini üpjün edip, türkmen işewürleriniň daşary döwletleriň iri kompaniýalary bilen özara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine hem giň mümkinçilikleri döredýär. Muňa biz hormatly Prezidentimiziň 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň mysalynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Saparyň dowamynda iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolup geçen gepleşiklerde iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy, häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça dürli ulgamlarda iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi hem bellenilip, bu taslamalara azerbaýjan kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy goldanyldy. Hormatly Prezidentimiziň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Bakuwda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde, Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüni döretmek, şeýle-de bilelikdäki türkmen-azerbaýjan Işewürler geňeşini döretmek baradaky teklibi öňe sürmegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyklara ýol açýar.
    Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygynyň öň ýanynda bolup geçen ýene-de bir buýsançly waka göwnümize ganat baglady. Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Amyderýa jülgesiniň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy. Ol ýerde sebiti senagat taýdan has-da ösdürmek maksady bilen, tebigy baýlyklara baý Köýtendagda täze senagat kärhanalaryny öz güýjümiz bilen gurmak baradaky teklipler öňe sürlüp, türkmen telekeçileri tarapyndan taýýarlanylan taslamalar barada hem aýdyldy. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz gözel tebigatly Köýtendagda syýahatçylygy, esasan hem ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň telekeçilik düzümlerine bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Elbetde, munuň özi türkmen telekeçileriniň öňünde uly wezipeleri goýýar. 
    Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi we maslahaty öz işine başlar. Bu forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagynda, içerki bazaryň täze ugurlarynyň üstünlikli özleşdirilmeginde we halkara derejä çykarylmagynda, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda milli telekeçiligiň mynasyp ornuny görkezer. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» haryt nyşanly, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümler türkmen telekeçileriniň halkymyzy öz milli önümlerimiz bilen doly üpjün etmekdäki ýokary netijeli işleriniň giňden şöhlelenmesi bolar.