Derde derman üzärlik

    Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynda bu ylmy gollanma esaslanyp, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden haltajyk we turba görnüşinde 1 gezeklik ulanmaga niýetlenen gaplara gaplanan melhem çaýlar taýýarlanyp, ylmy lukmançylykda «fitoterapiýa» diýlip atlandyrylýan lukmançylyk amalynda keselleriň öňüni almak, netijeli bejermek maksady bilen giňden ulanylýar. 
    Fitoterapiýa bejergilerinden diňe bir tebigy baýlygymyz bolan läbik bilen bejeriji (Mollagara), balneologik (Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Farap, Daşoguz) tebigy klimatik (Baýramaly) şypahanalarymyzda, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän ähli saglygy goraýyş edaralarynda, Saglyk öýlerinde keselleriň ilkinji we ikilenji öňüni alyş çärelerinde däl-de, eýsem, keselleriň dikeldiş bejergisinde hem netijeli peýdalanylýar.
    Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen lukmançylygynyň özbaşdak nyşany döredildi. Bu nyşan giň many-mazmuna eýedir. Sekizburçluk asudalygyň, bolelinligiň, erkinligiň, rysgallylygyň, döwletliligiň nyşany bolup, içinde 27 gozaly üzärlik ösümliginiň 2 baldagyny, 3 okaraly keýigokara ösümligini, 3 aýlawly ýylany jemleýär. Üzärlik ösümligi bolsa milli halk we ylmy lukmançylygynda giňden ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biridir. Nyşandaky keýigokaranyň 3 okarasynyň we paýhasyň nyşany bolan ýylanyň 3 aýlawynyň bolmagy türkmen halkynyň milli ýörelgelerine görä, halanylýan we düşümli hasaplanýan 3-lik san bilen bagly. Okaralarda bolsa ýagşyň suwy ýygnanyp, sähralardaky jandarlara ýaşaýşyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Nyşanda lukmana gerek bolan 3 zerurlyk — paýhasly söz, dermanlyk ösümlik we melhem suwy jemlenen. 
    Üzärlik ösümligi hakyndaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediýasynyň I kitabynyň 324-nji sahypasynda ylmy taýdan giňişleýin beýan edilýär. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde hem duş gelýär.
    Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar. Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokançlarda, deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly. 
    Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, türkmenleriň gadymy döwürlerden bäri ulanýan bu täsin ösümliginiň uly energetiki güýji bar. Üzärligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini bellemek zerur. Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, milli däplerimize görä, türkmen halky toý tutanda, maşgalada täze bäbek dünýä inende, ogul öýerip, gyz çykarylanda, täze jaýa göçülende üzärlik ösümligi howluda, otagyň içinde tütedilýär. Bu bolsa döwletliligi, rysgallylygy, goraglylygy üpjün edýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýleriniň girelgesinde asyp goýupdyrlar. Üzärligiň tüssesiniň adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok edýändigi köplere mälimdir. Adamlaryň köp üýşýän ýerinde üzärligi tütetmegiň esasy maksady döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Oba hojalygynda ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy ulanmakda hem üzärligiň peýdasy uludyr. Üzärlik tütedilenden soň, doly söndürilip, küli topraga gömülýär. Türkmen halysyna reňk bermekde hem üzärlik tebigy boýag hökmünde ulanylýar. Bu hem halynyň uzak ýyllaryň dowamynda şol bir durkuny üýtgetmän saklanmagyna ýardam berýär.