Datly miweleriň mekanynda

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny ylmy esaslarda ösdürmek — döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri. Bu öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin, S.A.Nyzow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde ylmy esaslarda subtropik ösümlikleriň gorlaryny we görnüşlerini ýygnamak, baýlaşdyrmak we olary öwrenmegiň netijesinde hojalyk alamatlary bilen tapawutlanýanlaryny saýlap-seçip, ähmiýeti uly bolan sortlarynyň nahallaryny köpeldip hem-de bag döredýän hojalyklara we hususy ýer eýelerine, umuman, önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler dowamly alnyp barylýar. Merkezde subtropik miweli bag ösümlikleriniň genofondynyň düzümini baýlaşdyrmak, garran düýpleriniň ýerini çalyşmak, hususan-da, olaryň sort aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ylmy esaslarda öwrenmek ýaly işler berjaý edilýär. Şeýle hem merkezde Günorta-Günbatar Köpetdagyň, Merkezi     Köpetdagyň dag eteklerine, jülgelerine her möwsümde meýdan iş saparlary guralyp, ylmy-gözleg işleriniň alnyp barylmagy netijesinde, ýabany we medeni subtropik miweli bag ösümlikleriniň bar bolan görnüşleri bellige alynýar we ösümlik gorlarynyň ýygyndysyna goşulýar. Bu ugurlar boýunça amaly ähmiýetli ylmy-barlaglar amala aşyrylýar. Aslynda, bu ylmy-önümçilik synag merkezi dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen miweli we subtropik bag gorlarynyň jemlenen ýurdumyzyň ýeke-täk ylmy merkezidir.
    Merkeziň esasy maksady dünýä ösümlikleriniň nesil gorlaryny ýygnamak, saklamak, öwrenmek, täze seleksiýa sortlaryny döretmekde ulanmak, ýerli ösümlik görnüşlerini öwrenip, olaryň hojalyk taýdan bähbitlilerini önümçilige ornaşdyrmak üçin standart görnüşe gabat gelýän nahallaryny taýýarlap bermekden ybaratdyr.
    Şunda Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelýän ýerli miweli subtropik, pürli, saýaly we bezeg bag sortlaryny döretmekden ötri medeniýetleşdirilen dünýä ösümlikleriniň nesil gorlaryny hem-de olaryň ýabany görnüşlerini seleksiýa işlerinde netijeli ulanmak üçin toplamak hem merkeziň wajyp işi hasaplanylýar.
    Ýerli we daşary ýurt seleksiýa sortlaryny toplamak işi merkeziň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär.
    Synag işleriniň netijesinde miweli baglaryň we üzümiň ýabany we ýarym ýabany, ýerli sortlarynyň hem-de gadymy görnüşleriniň ösýän ýerleri bellige alnyp, olaryň ýitip barýan görnüşleri we sortlary merkeziň nahalhana bölümçesinde sapuw işlerini geçirmek arkaly köpeldilýär.
    Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde, hususan-da, üzüm bag gorlarynyň uly toplumy saklanýar.
    1931-nji ýylda üzümiň ilkinji 10 sorty bu merkezde ekilýär. 1943-nji ýylda eýýäm üzümiň 130 görnüşi ýygnalyp, bu ýerde Türkmenistanda ikinji gezek üzüm gorlary döredilýär. 1970-nji ýylda bu merkezde üzüm gorlarynyň görnüşlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Ösümlik gorlarynyň 80 göterime golaýy ýerli sortlar bolsa, 14-si üzümçilik etraplaryndan getirilýär. Üzümiň 16 sorty gaýry ýurtlardan getirilen sortlar bolup, köpüsini Eýrandan, Fransiýadan, Wengriýadan getirilenleri tutýar. 80 göterime golaýy halk seçgiçileriniň kömegi bilen döredilendir. Iň köp ýaýran üzüm sortlary terbaş, gara üzüm, «Aşgabat», gara halili, ak husaýny, akşekerek, askeri, baýan-şireý, katta-gurgan, ak halili we beýlekilerdir.
    Gadymy döwürden bäri Türkmenistan ter görnüşde peýdalanylýan üzüm sortlarynyň şöhratyna eýedir. Türkmenistanyň amatly toprak-howa şertleri esasynda üzümiň kişmiş taýýarlanýan görnüşleriniň hili Kaliforniýa, Türkiýe, Eýran we Gresiýa ýurtlarynda taýýarlanýan kişmişiň hilinden hem ýokarydyr. Ösümlik gorlaryndaky üzümiň bidäne görnüşleri hem bar. Kişmişiň düzümi tiz siňdiriş ukybyna eýedir. Onda köp mukdarda glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, pektin maddalary, witaminler we beýleki biologik işjeň maddalaryň bardygy anyklanylan.
    Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Türkmenistanda ilkinji gezek üzüm düme görnüşinde ekilip, synag edilýär. Ilkinji tejribe geçirilen ýer deňiz derejesinden 1300 metr beýiklikde ýerleşýän Saýwan daglarynda öwrenilip, netijede Günorta-Günbatar Köpetdagyň dagüsti tekizliklerinde düme üzümçiligini önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliginiň bardygy anyklanylýar.
    Geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap, merkezde ýerli we gaýry ýurtlardan getirilen nar görnüşleri hem ýygnalýar. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda bu görnüşleriň sany has-da köpelýär.
    Häzirki wagtda ýygnalan nar gorlary GDA ýurtlaryndan bolup, olaryň düzüminde ýabany narlar, ýerli sortlar hem saklanýar. Şeýle hem naryň pes boýly, bezeg alamatlaryna eýe bolan görnüşleri hem bar.
    Nar ösümligi toprak dannamaýar diýen ýaly. Ol çüýrüntgä baý topraklarda has gowy ösüp, ýokary hilli hasyl berýär we ösüşiniň eýýäm ikinji, üçünji ýylyndan başlap, hasyla durýar. Altynjy, ýedinji ýylyndan başlap, tä 50 ýyla çenli hasyly bol berýär. Her düýp agaçdan 25-30 kilograma çenli hasyl alyp bolýar.
    Şeýlelik bilen, merkeziň agzybir alymlarydyr işgärleri ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, dürli witaminlere baý bolan miweli agaçlaryň täze sortlaryny ýetişdirmäge öz goşantlaryny goşmakda barha artdyrylan güýç bilen işleýärler.