Toplumyň işi ileri

    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çäginde alyp barýan işleri barha ilerleýär. Welaýatyň çäginde ykdysadyýetiň döwlete dahyly bolmadyk pudagynyň wekillerine degişli hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň we daýhan hojalyklarynyň onlarçasy hereket edýär. Welaýatyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Röwşen — Rahym» daýhan hojalygyny hem şolaryň hatarynda agzamak bolar. 
    Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly agrosenagat toplumynyň kämil düzümini emele getirmek we tarp ýerleri özleşdirmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek babatdaky tagallalaryna saldamly goşant goşýan bu daýhan hojalygynyň guş toplumy geçen ýylda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.
    Ýyllyk kuwwaty 30 million ýumurtga, 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumy binalaryň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ýokary derejedäki şertler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan-da, loman tohumly bolup, towugyň bu görnüşi ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Toplumyň çäginde towuklary idetmäge niýetlenen inkubatoryň birnäçesi bolup, olar birbada 100 müň towuk saklamaga mümkinçilik berýär. 
    Guşçulyk toplumynda işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Towuklar ýöriteleşdirilen enjamlarda awtomatik usulda iýmitlendirilýär. Bu enjamlar oňaýly howa ýagdaýyny saklamakda, howany we suwy arassalamakda hem uly ähmiýete eýedir. Toplumda öndürilýän ýumurtga we et önümleri söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär. 
    Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde daýhan hojalygynyň zähmetsöýer işçileri gadamlaryny barha batlandyrýarlar. Olar guşlara talabalaýyk ideg etmek bilen birlikde, toplumyň işini alyp barmak üçin bölünip berlen meýdanlarda towuklar üçin ot-iýmlik ekinleri hem ösdürip ýetişdirýärler.