Maksat: 1 million tonna sement

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly gündogar sebite şan-şöhrat bolup gelýär. Sebitde ýakym bilen ýatlanylýan ýyllaryň hatarynda 2013-nji ýyl hem bar. Çünki diňe şol ýylyň özünde welaýatda önümçilik desgalarynyň onlarçasy, şol sanda Garlyk şäherçesinde sement zawody, her biri sagatda 120 tonna asfalt öndürýän 3 sany kiçi zawod, Türkmenabat şäherinde bir wagtda 100 müň tonna dänäni saklamak üçin niýetlenen elewatorlar, ýylda 80 müň tonna un öndürýän önümçilik toplumy, Amyderýanyň üstünden geçýän 2 sany köpri guruldy. Kerki–— Kerkiçi demir ýol köprüsiniň boýunda howa geçiriji, Kerki bekedinde uzynlygy 1,8 km bolan goşmaça demir ýol hatarlary çekildi, uzynlygy 26 km bolan Kelif — Garlyk demir ýoly guruldy. 
    «Lebap» sement zawodynyň işine bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özi ak pata beripdi. Geçen ýyl bu zawodda M400 we M500 portland sementiniň 857 müň tonnadan gowragy öndürildi. Önümiň 256 müň tonna golaýynyň eksporta ugradylmagy onuň ýokary hiline şaýatlyk edýär.
    Döwrebap zawodda sement önümçiligi üçin ähli şertler döredildi. Bu zerur gurluşyk serişdesini öndürmek üçin çig mal dolulygyna Köýtendag sebitlerindäki känlerden alynýar.
    Milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurulmagy bilen, ýyllyk önümçilik 1 million tonna semente ýeter. Häzir bu zawody gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. 
    2023-nji ýyla çenli gurlup, ulanylmaga beriljek täze zawod Türkmenistanyň senagat önümleriniň eksport mümkinçiligini hem artdyrar. Çünki Köýtendagyň baý magdan känlerinden alnan sement daşary bazarda uly islege eýedir.
    Ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.