Wajyp ykdysady ösüş zolagy

    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini we önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede toplumlaýyn ulanmagy baş maksatlaryň hatarynda goýýar. Şuňa baglylykda hem, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar we başlangyçlar adyl we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň işjeň guralyna öwrülýär.
    Milli Liderimiziň 12-nji martda Lebap welaýatyna amala aşyran iş sapary hem şu wajyp maksatlary öz içine aldy. Hormatly Prezidentimiz bu saparyň sebitiň durmuşy, welaýatyň ägirt uly gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksadynda amala aşyrylýandygyny nygtap, baý tebigy serişdelerden rejeli we netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň strategik wezipeleriniň biridigini öňe sürdi. 
    Lebap welaýaty ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda wajyp ähmiýetli sebitleriň hataryna degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatda nebitgaz we himiýa toplumyna, gurluşyk materiallary hem-de dokma senagaty pudaklaryna, ulagdyr aragatnaşyk ulgamlaryna degişli halkara hem-de sebit ähmiýetli desgalaryň onlarçasynyň düýbi tutuldy we olar bellenen möhletlerde ulanylmaga berildi. Taryh üçin gysga döwrüň içinde durmuş medeni maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Welaýatda ulag-kommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn ösdürmekde düýpli işler amala aşyryldy. Şu günki gün welaýat boýunça jemi bellige alnan hojalyk birlikleriniň sany 6 müňden hem geçýär, şolaryň 4,7 müňden gowragy hususy eýeçilige degişli hojalyklardyr.
    Köýtendag sebiti Lebap welaýatynyň ykdysady taýdan geljegi uly bolan sebitleriniň biridir. Mineral-çig mallara we gaty magdanlara baý bolan Köýtendag sebitini toplumlaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ol soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň wajyp «ösüş zolagyna» öwrülýär. 
    Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, soňky ýyllarda Köýtendagyň öndüriji güýçlerine we önümçilik gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren iri taslamalar özleşdirildi. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk dag-magdan toplumyny hem-de sement zawodyny olaryň ilkinjileriniň hatarynda görkezmek bolar. 
    Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş strategiýasynyň düýp özeni sebitleriň öndüriji güýçlerini ösdürmekde ykdysady, durmuş we ekologik wezipeleriň utgaşdyrylyp, toplumlaýyn çözülmegi bilen jebis baglanyşyklydyr. Önümçilik kärhanalary gurlanda, kärhanalarda işlejek adamlaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hökmany suratda göz öňünde tutulýar. Şeýle bolansoň, ekologik taýdan sagdyn durmuşy üpjün edýän täze şäherçeler we döwrebap obalar döreýär. 
    Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabatlar diňlenildi. Gahryman Arkadagymyz bu künjegiň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäniň zerurdygyny aýratyn nygtady we Garlykda dag-magdan toplumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz bu ugurda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemegiň wajypdygyny nygtap geçdi we şol bir wagtyň özünde-de, olaryň täze iş orunlaryny döretmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekdi. 
    Döwlet Baştutanymyz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumdaky işleriň ýagdaýy barada durup geçip, häzirki wagtda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylýandygyna, onuň düşewüntli işlemeýändigine, çykarylýan önümleriň mukdarynyň azdygyna we beýleki kemçiliklere nägilelik bildirdi. 
    Ýurdumyzyň Lebap welaýaty, şol sanda-da Köýtendag etraby gazylyp alynýan serişdelere örän baýdyr. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň sebitleriniň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanmaklygy biz döwrebap innowasion tehnologiýalara we sanly ulgamlara daýanyp alyp barmalydyrys. Dünýä bazarlaryna bäsleşige ukyply innowasion önümler bilen çykmak hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. 
    Milli Liderimiz ýurdumyzyň gündogar sebitinde syýahatçylygy, hususan-da, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, içerki we giriş syýahatçylygyny netijeli höweslendirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap dynç alyş merkezleriniň tutuş ulgamyny döretmek barada ýurdumyzyň telekeçilik düzümlerine bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 
    Köýtendag sebitinde miweçiligi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Sebitde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamlaryny ulanmak arkaly, dürli görnüşli miweleri öndürmek we olary gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary döretmek mümkindir. Bu bolsa häzirki wagtda import edilýän önümleri özümizde öndürmeklige, önümleriň belli bir möçberlerini bolsa ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde we goňşy ýurtlarda ýerlemeklige mümkinçilik berýär.
    Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň sebitleriniň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň innowasion häsiýete eýe bolmagyna we sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga esas döredýär. Täze kärhanalar häzirki zaman tehniki serişdeler we tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylar. Kärhanalaryň esasy bölegi ykdysadyýetiň hususy böleginde dörediler. Senagat pudagynda eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we milli bazary üpjün etmek üçin öz önümçiligimizi ösdürmäge gönükdirilen kärhanalar peýda bolar. Senagatyň pudaklaýyn düzüminde gaýtadan işleýän önümçilikleriň we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň tutýan paýy ýokarlanar. Ýurdumyzyň eksport kuwwaty artar, daşary ýurtlara çykarylýan önümleriň görnüşleri köpeler. Täze, döwrebap iş orunlary dörediler, olarda zähmet öndürijiligi ýokary derejelerde bolar. Ekologik jähetden arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikler dörediler. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alar.