Enelere meňzeş bahar

    Türkmen tebigatynda her paslyň özboluşly aýratynlygy, owadanlygy bar. Ýöne nämüçindir, biz hemişe ynsan kalbyna has üýtgeşik täsirini ýetirýän ýaz paslyny küýseýäris. Bahar günleriniň gelerine, gülleriniň açylaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
    Älem-jahany gül-gülälege besleýän bahar! Eýsem, seniň gül maýsaly ýaýlalaryňa, jana şypaly hoştap howaňa maýyl bolmaýan ynsan barmyka? Seniň ynsan kalbyna ýetirýän täsiriň has üýtgeşik. Nämüçindir, seniň gözelligiň ejeli günlere dolaýar. Hatary artýan sowallaryň jogaby diňe özüňdedir, bahar!
    Hawa, bahar günleriniň başlanmagy bilen arly gyş mazaly dynjyny alan, ýagyş-ýagmyrdan mähri ganan mele toprak eýýäm tutuş barlygy heýjana getirdi. Ynsanyň ýüreginde mähribanlyk keşdesini çekip, Zemini mähri bilen ýyladýan zenan bilen bahar gözelliginiň sazlaşygynda durmuş has ajaýyplaşýar. Eýsem, şahyra: 
    «Edepli-ekramly, 
            gunduz goşarly,
    Bäs edişdiň gyzlar bilen, 
                    ýazlarym»
    diýdiren baharda bu owadan dünýäniň ýürek urgusyna seslenip, belent heňde ýaňlanýan aýdym baharyň zenan bilen bäsleşýänliginden habar bermeýärmi?
    Ine, ýene-de älemiň gapysyny myhmanlaryň iň näzigi, iň owadany — bahar pasly kakdy. Gujagy gülli, demi ylhamly, gülälekli bahar äleme müşki-anbar ysyny saçdy. Göwnüme bolmasa, bu bahar öňkülerden has nurana ýaly. Säher bilen öýden çykmaga howlugýaň. Tebigatyň gözelliginden ganybilmän, howlugyp barýan bolsaňam, birsellem aýak çekeniňi duýmarsyň. Çünki pyntyk ýaryp başlan agaçlary synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Şol pursatda ene bilen baharyň meňzeşligine ýene bir gezek göz ýetirersiň. Zenanlaryň el hünäri bolan, türkmen sährasy ýaly nepis haly-palaslar gülälekli türkmen ýaýlasyny ýatladyp durandyr. 
    ..Kerwen gurap geçip barýan hatar-hatar ýyllarda, şo-ol maýsaly meýdanlarda ýaz kebelekleriniň yzyna düşen çagalyk ýyllaryňy gözlärsiň. Geçen menzilleriňi külterläp barşyňa yzyňa garap, ýyllaryň gujagynda gizlenip, diňe hakydaňda galan iň eziz adamlary gözlärsiň. Şol pursatda mähirli ýylgyryşlar öňüňden çykar, ýüregiň ynjalar. Şol ýyllardan Käbäň nurana ýüzi, mähirli keşbi ör-boýuna galar. 
    Ýaz ýakymly sözlerňi,
    Ýazdan gözleýän, eje!
    Söýgi doly gözlerňi
    Sazdan gözleýän, eje!

    Ýyllaryň gujagynda
    Keşbiň galandyr, eje!
    Mukaddes ojagyňda
    Yşkyň galandyr, eje!

    Hawa, pasyllaryň soltany bahar geldi. Bahar bilen göwündeş enelerimiz, gözellikde bahar bägülleri bilen bäsleşýän gelin-gyzlarymyz owadan dünýämiziň, ajaýyp döwrümiziň mertebesidir, namys-arydyr.
    Bagtyýarlyk döwrümiziň wakalary — bahar ýaly ajaýyp. Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy gülletmekde alyp barýan ägirt uly işleriniň, enelere, zenanlara goýýan hormat-sarpasynyň hersiniň ýaz ýakymy bar.
    Goý, tebigata terlik eçilip gelen gülşenli bahar siziň göwünleriňizi galkyndyrsyn!