ÖWÜTLERI ÖMRE ORNAN MUGALLYM 

    Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda doglanlaryň durmuşy kynçylykly boldy. 1939-njy ýylda doglan ýerim Gökdepe etrabynyň Ahal obasyndaky 5-nji (öňki 16-njy) mekdebe okuwa baryp, ony 1949-njy ýylda tamamladym. Çagalyk döwrümiz uruş ýyllaryna gabat geldi. Şonuň üçin mekdep ýyllarymyz güzaply geçdi. Mekdebimizde synp otaglary ýetmezçilik edýärdi. Obadaky köne, ulanyşdan galan, palçykdan salnan jaýlara täzeden serenjam berlip, çagalar şolarda okadylýardy.
    Okuw esbaplary, kitap, depder hem ýetmezçilik edýärdi. Şeýle bolsa-da, çagalaryň okuwy barada alada edilip, mümkingadar şertler döredilýärdi, wagtal-wagtal kitap-depder, okuw esbaplary paýlanýardy. Okuw kitaplaryny köpçülik bolup peýdalanýardyk. Obalarda azyk ýetmezçilik edýärdi. Şeýle-de bolsa, döwlet tarapyndan un goýberilip, mekdebiň ýanynda çörek bişirip, synp otagymyza getirip paýlardylar.
    Şol ýyllarda mekdeplerde mugallymlar ýetmezçilik edýärdi. Okadyp ýören mugallymlaryň ählisi diýen ýaly, Watan goragyna çagyryldy. 1945-nji ýylyň başynda mekdebimize täze mugallym Berdimuhamet Annaýew gelip, bizi türkmen dili we edebiýaty dersinden okadyp başlady.
    Täze mugallym tiz wagtda okuwçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Berdimuhamet mugallym uruş döwrüniň kynçylyklary zerarly, bizde çagalyga mahsus şatlyk-şagalaňyň kemterligini görýärdi. Şonuň üçin täzelikde urşuň içinden gelen, tejribeli mugallym hökmünde biziň durmuşa uly höwes bilen garamagymyzy, ýeňşiň tiz geljegini yzygiderli nygtap, ruhumyzy göterýärdi.
    Ol her bir sapagy anyk mysallarda, sada, düşnükli edip aňymyza ýetirýärdi.
    Uruş ýyllary mugallym ýetmezçiligi sebäpli, 7-nji synpy tamamlan gyzlary gysga wagtlyk okadyp, mugallymçylyk işine iberýärdiler. Olaryň juda ýaşdygyna garamazdan, işe örän höwesli, yhlasly işleýärdiler. Egin-eşigimiz, aýakgabymyz könedi, ýaramazdy. Şeýle ýagdaýda mekdebe gatnaýardyk, üşeýärdik, ýagşa ezilýärdik, ýykylyp üst-başymyz öl, palçyk bolýardy. Şonda mugallym gyzlar bizi diňe okatmak bilen däl, üst-başymyza hem esewan bolup, ata-enelik aladasyny ederdiler. Şu bolýan zatlara hernäçe gynanyp, ýürekleri para-para bolsa-da, gözýaşlaryny bizden gizleýändiklerini aňýardyk. Hasaplap görsem, şol ýyllardan bäri 80 ýyla golaý wagt geçipdir.
    Berdimuhamet mugallym mekdebimize täze gelen ýaş mugallym gyzlara baý iş tejribesi bilen kömek edýärdi, olara gymmatly maslahatlary berýärdi. Ýaş mugallymlar bilen haýsydyr bir zadyň maslahatyny edip, kitaplaryň gatlaryny agtaryşdyryp bir zatlar ýazyp oturan pursatlaryny köp görýärdik, käwagtlar ýaş mugallymlaryň sapaklaryna hem gatnaşardy. 
    Hemme ýerde ýokary ruhubelentlik höküm sürýärdi. Berdimuhamet mugallymymyzyň göreldesi bilen mekdebiň daş-töweregini arassalamaga, kitaplary täzeden rejelemäge, miweli we saýaly baglary ekmäge gatnaşýardyk. Onuň tagallasy bilen mekdebimizde okuwçylaryň synp diwar gazeti döredildi. Diwar gazetini döretmek okuwçylar üçin örän gyzykly boldy. Ak kagyz tapyp, onuň daş gyralaryny bezäp, gazetiň adyny owadanlap ýazmak, dürli mazmunly gysgajyk habarlary toplamak ýaly işler bilen örän gyzyklanýardyk. Bu biziň okuwa bolan höwesimizi has hem artdyrýardy. 
    Berdimuhamet mugallym bizi hemişe goldap, öwgimizi ýetirýärdi, düzedişler, maslahatlar berýärdi. Bu bolsa bizi ruhlandyrýardy. Berdimuhamet mugallym okuwçylaryň arasynda dürs ýazuw boýunça bäsleşikler geçirerdi. Eger barlag-ýazuw işlerini ýalňyşsyz, arassa, dürs ýerine ýetirip, ýokary baha mynasyp bolsaň, soňra şol depderi «Şeýle oňat ýazmaly» diýip synpdaşlarymyza görkezerdi. 
    Mekdep boýunça hem oňat hasaplanan depderleri diwarda sergi edip goýardy. Şonuň ýaly-da, «arassa ýazmak», «owadan, kada boýunça ýazmak», «dogry okamak», «sorag-jogap» boýunça okuwçylaryň arasynda bäsleşikler gurardy. Dürs-arassa ýazuw diýen ders başlangyç synplarda okadylýardy, emma dürs, arassa hat ýazmak hemmelere aňsat başardyp duranokdy. 
    Bäsleşikler bizi has gyzyklandyrýardy. Şonuň üçin dürli bäsleşiklere öňünden oňat taýýarlanardyk. Berdimuhamet mugallym mekdepde hereket edýän gurnaklaryň hem gyzykly geçmegi üçin tagalla ederdi. Edebiýat mugallymy hökmünde çeper okaýyş, gysgajyk sahnadyr aýdyşyklary gurardy. Bu çäreler biziň sapaklarymyza oňat ýetişmegimize ýardam berýärdi. Berdimuhamet mugallym edebiýatdan sapak berende, türkmenleriň meşhur şahsyýetleri, şöhratly, gadymy taryhy barada hem söz açyp, bular barada entek taryhy maglumatlaryň azdygyny, bolanlaryny hem ýeterlik öwrenmäge şertleriň ýokdugyny nygtap, goňşy we daşary ýurtlaryň kitaphanalarynda, muzeýlerinde, medeni merkezlerinde ýazgylaryň, kitaplaryň saklanyp galandygyny aýdardy. Şeýle maglumatlaryň wagtyň geçmegi bilen öwreniljekdigini, halka elýeterli boljakdygyny aýdardy. Bu aýdylanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe doly amala aşdy. 
    Berdimuhamet mugallym dogruçyllygy, tutanýerliligi ündärdi. Şu oňat häsiýetler barada sapakda, gürrüňdeşliklerde, duşuşyklarda sada dilde, ýerlikli mysallar bilen düşündirerdi. 
    Her bir işe höwes bilen, ýürekden ýapyşmagy, şeýtmeseň, maksadyň myrat tapmajakdygyny aňymyza guýardy. Çagalyk garagollugy bilen ýalňyşlyk goýberen wagtyň hem şol ýalňyşyň barada howlukman, gaty utandyrman, mylaýym sesi bilen anyk düşündirerdi. Berdimuhamet mugallym çagalaryň biri-biri bilen dostlukda bolmagyny, sapaklara bilelikde taýýarlanmaklaryny, uly adamlary hem sylamagy nesihat ederdi. 
    1949-njy ýylda 10-njy synpy tamamladyk. Şol ýyllaryň kynçylyklaryna garamazdan, bize bilim-terbiýe bermek üçin ýadaman-ýaltanman tutanýerlilik bilen zähmet çeken mugallymlarymyzy hemişe ýagşylykda ýatlaýarys. 
    Mähriban halypa mugallymymyz Berdimuhamet Annaýewiň ýolbaşçylygynda onuň göreldesine eýerip işlän hoşgylaw mugallymlarymyzdan oňat bilim-terbiýe alyp, täze durmuş ýoluna gadam basdyk. Şeýlelikde, biz okuwymyzy dowam etdirip ýokary bilimli adamlar bolup ýetişdik, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekdik.
    Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagy adamlaryň ruhuny belende göterip, parahatçylyk getirdi, täze zähmet joşgunyny döredip, durmuşy ilerledip başlady. 1948-nji ýylyň 9-njy maýynda mekdebimizde Ýeňşe bagyşlanylyp dabara geçirildi. Biz oňa oňat taýýarlandyk. Aýdym-saz, çeper okaýyş, degişmeler, gysgajyk sahna oýunlary bilen çykyş etdik. Dabara gyzykly hem ýatda galyjy boldy. Onda Beýik Watançylyk urşunyň edermen esgeri, şol wagt mekdebimiziň okuw bölüminiň müdiri, mähriban mugallymymyz Berdimuhamet halypamyza söz berildi. Ol ilki dabara gatnaşyjylary Ýeňiş güni bilen gutlady. Ýurdy dikeltmek we ösdürmek üçin döredijilikli zähmet çekmäge, okuwçylary bolsa oňat okamaga çagyrdy. «Okuwçylar, geljekde size uly işler garaşýar. Siz — biziň geljegimiz. Siziň her biriňiz geljekde mugallym, lukman, inžener, mahlasy, dürli hünärleriň eýesi bolup ýetişersiňiz. Şonuň üçin hem köp okamaly, köp zähmet çekmeli. Siziň Watana wepaly adamlar bolup ýetişjekdigiňize berk ynanýaryn, okuwçylarym!» diýip, sözüni tamamlady. Görüp otursam, ol ussat halypamyzyň bize soňky pendi bolan eken.
    1948-nji ýylyň aýylganç ýer yranmasy köp müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi. Şol wepat bolanlaryň arasynda mähriban mugallymymyz, 44 ýaşly Berdimuhamet Annaýew hem bardy. 
    Adam ýaş wagtynda haýsy hem bolsa bir hünäriň eýesi bolmagyň höwesinde, arzuwynda bolýar. Bu arzuwyň durmuşa geçmeginde mekdep mugallymlary göreldedirler. Şunlukda, men hem mugallymçylyk hünärini özüme ýakyn görüp, mugallym bolmagy arzuw etdim, şol arzuwyma hem ýetdim.
    Berdimuhamet halypamyz bilen işlemek maňa miýesser etmedi. Şeýle-de bolsa, gündelik işimde bu mähriban mugallymymyň aýdan öwüt-nesihatlary, göreldesi, guran gyzykly sapaklary maňa hemişelik nusga bolup galdy. 
    Meniň özüm Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, Gökdepe etrabynyň Ahal obasyndaky öňki okan 5-nji orta mekdebimde taryh mugallymy bolup işe başladym. Tiz wagtdan soň, etrabyň Kelejar, Çüli, Babarap obalaryndaky 10-njy, 17-nji, 4-nji mekdepleriniň direktory bolup, 16 ýyl zähmet çekdim. Häzirki wagtda dogduk obamdaky 5-nji orta mekdepde okuwçylara taryh dersinden sapak berýärin. Köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetim üçin döwlet sylaglaryna hem mynasyp boldum. 
    Men Berdimuhamet mugallymy özümiň ilkinji halypam, ussadym hökmünde hormatlap, hemişe ýagşylykda ýatlaýaryn. Ol ýatlanylmaga, hormatlanmaga aňryýany bilen mynasyp ynsandyr. 
    «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atasy Berdimuhamet 
    Annaýewiň öňdengörüjilikli aýdanlaryny durmuşa geçirýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» kitabynda watançy esger, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji, adamlara, bütin dünýä gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly garamagy ündeýän Berdimuhamet Annaýewiň özüne çekiji keşbi janlanýar.
    Halypa mugallymymyzyň agtygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gülläp ösýär, özgerýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy gowulanýar. Watanymyz ösen, kuwwatly ýurtlaryň hataryna goşulýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, täze önümçilik pudaklary emele gelýär. Ýurdumyzda täze-täze şäherlerdir obalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ylym-bilim, medeniýet ösýär. Şunuň ýaly owadan ýurdumyzda mähriban halkymyz Arkadag Prezidentimiziň daşyna bir adam ýaly bolup jebisleşip, täze-täze sepgitlere ýetýär. 
    Şu ýyl — 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýen at bilen dowam edýär. Bu ýylda halkymyz bütin dünýä Bitaraplyk ýörelgesini ýaýmaga çalyşýar. Men şu ajaýyp döwrüň bagtyýar ýaşulularynyň, halypa mugallymlaryň hataryndadygyma örän buýsanýaryn. 
    Ajaýyp ynsan Berdimuhamet mugallymymyzyň mekdep okuwçysy döwrümde aýdan öwüt-nesihatlary, kynçylyklaryň ýok bolup, täze, bagtly durmuşyň geljegini nygtaýşy, sabyrly bolmagy ündän sözleri gulagymdan gidenok. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durmuşymyz gülleýär. Halypa mugallymymyzyň öňdengörüjilikli aýdan ajaýyp sözleri doly hasyl boldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn öňe barýar. Halk öz Prezidentine, berkarar döwletine çyn ýürekden buýsanýar. 
    Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt üçin bitirýän asylly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!