HAZAR ÝAKASYNDA GARDAŞ BIR IL BAR

    Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyndan soňky oýlanmalar
    Dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolan sebitler bolýar. Hazarýaka sebiti hem dünýäniň kuwwatly döwletleriniň gyzyklanmalarynyň gönügen ýeri. Ykbal taryhda 70-den gowrak ady göteren Hazar deňziniň kenarynda Oguz kowmuna dahylly halklaryň ikisine — türkmenlere onuň maşrygyndan, azerbaýjanlara bolsa magrybyndan goňşy bolmak bagtyny beripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna nobatdaky resmi sapary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Hazar ugruna aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
    Döwletara gatnaşyklarda taryhy köklere dolanmak endigi mahsus. Şeýle edilende, ony uzak geljege gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berk binýadyna öwrüp bolýar. Bu babatda Oguz kowmundan ugrugyp gaýdýan türkmen we azerbaýjan halklaryny taryh kemrysgal etmändir. Ykbal olary umumy bir ykbala, bileleşip gurlan döwletlere, hanedanlyklara dahylly edipdir. Ykbalyň emri bilen taryhyň dürli döwürlerinde dünýä göç eden türkmenler häzirbegjan topraklaryny hem özüne watan tutunypdyrlar. Bu akym seljuklaryň Kawkaza we Anadola göçleri bilen baglydy. «Görogly» şadessanynda Häzirbegjan iliniň köp ýatlanmagy, Göroglynyň atyny segredip, häzirki Araks derýasy bolan Araz çaýyndan geçmegi bu eseriň taryhy wakalaryň çeper beýanydygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. «Şasenem-Garyp» dessanynda agzalýan Şirwan, Şemahy ýaly ýer-ýurt atlarynyň Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem duş gelmegi bu iki doganlyk halkyň taryhy kökleriniň umumydygyna şaýatlyk edýän ýene bir delildir. «Saýatly-Hemra» dessanyndaky:

    Gel, köňlüm, gideli Häzirbegjana,
    Gülşen daglarynyň bary bar-bary.
    Köňlüm istär Häzirbegjan ilini,
    Mugan daglarynyň gary bar-gary

    — diýen setirler Häzirbegjan iliniň türkmenler tarapyndan elmydama arzylanan il bolandygyna şaýatlyk edýär. «Nejeboglan» türkmen halk dessanyndaky wakalar bolsa gönüden-göni Häzirbegjanda we Türkmenistanda bolup geçýär. Azerbaýjanyň döwletlilik taryhynda Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriň döwletleriniň, Ildeňizli türkmen atabegliginiň tutýan orny uly bolupdyr.
    Hawa, taryhyň gatlaryndan susulyp alnan ýokardaky maglumatlaryň şaýatlyk edişi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy ykbaly bar. Iki dostlukly halk ykballary göterilip, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda özbaşdaklygyny gazanyp, milli döwletli boldular. Gojaman Hazaryň kenarynda ata-baba goňşy oturan bu iki döwletiň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täzeden işjeňleşdi. Milli Liderimiz hoşniýetli goňşuçylyk däbine eýerip, 2008, 2017-nji ýyllarda resmi, 2010, 2015, 2019-njy ýyllarda iş saparlary bilen doganlyk Azerbaýjan döwletinde bolup, dostlukly ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň 11-nji martda bolan resmi sapary bolsa iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berdi. Muny iki dostlukly milletiň Liderleriniň berk syýasy erki netijesinde strategik derejä ýetirilen gatnaşyklardaky ynanyşmak, halkara giňişlikde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, hyzmatdaşlygyň çygrynyň energetika, ulag-logistika, innowasion ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň ähli jähetlerini öz içine almagy, dürli ugurlar boýunça gol çekilen 18 sany resminamanyň gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny düzýän ozalky «bukjanyň» üstüni ýetirmegi-de aňryýany bilen subut edýär. Olar howa ulaglary, telewideniýe, migrasiýa, kitaphana işi, ylym-bilim, aragatnaşyk, maglumat we kommunikasiýa, hukuk we daşary syýasy ulgam, oba hojalygy we ekologiýa, söwda, maliýe, telekeçilik, halkara awtomobil gatnawy ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana şu gezekki resmi saparynyň ähmiýetini has güberçekledip öňe çykarýan birnäçe hakykata üns çeksek, ýerlikli bolar.
    Hazar — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi. Aslynda, Hazary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy hereketlendirijisine deňesek, ýerlikli bolar. Munuň şeýledigine Bakuwda geçirilen şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda hem üns çekildi. Hazarýaka sebitiniň Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda hemişe üns merkezinde bolmagy tebigydyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň öňe süren howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakyndaky konsepsiýasynda sebit howpsuzlygyna möhüm orun degişlidir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi zerur bolup durýardy. Hut şonuň üçin hem, Türkmenistan geçen asyrda Aşgabatdan badalga alan umumyhazar gepleşikleriniň täzeden janlanmagyna itergi berdi. Türkmen Lideriniň Bakuwda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde öňe süren teklipleridir başlangyçlary 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde kabul edilip, «Hazaryň Konstitusiýasy» ady berlen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýada öz beýanyny tapdy.
    Parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi bolan Hazar arkaly baglanyşýan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri örän uludyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri ony anyk we aýdyň açyp berdi. Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda kesgitlenen energetika, ulag, senagat, söwda, innowasiýalar, ekologiýa ugurlary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 2019-njy ýylda iki döwletiň özara haryt dolanyşygynyň ondan öňki ýyldakydan 40 göterime çenli ýokarlanmagy bu ugurda öňe ilerlemäniň başlanandygyny aňladýar. Şu gezekki duşuşykda iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Bakuwda Türkmenistanyň Söwda öýüni we Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüni döretmek barada ylalaşyga geldiler. Mundan başga-da, döwletleriň ikisinde hem hususy ulgamyň işjeň ösýändigini nazara almak bilen, bilelikdäki Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek boýunça tagalla etmegiň zerurdygyny, onuň düzümine iki ýurduň kompaniýalarynyň wekilleriniň girip biljekdigini bellediler. Saparyň barşynda Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak we öwrenmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Teswirnama, Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama taraplaryň, hakykatdan-da, Hazary dostluk we hyzmatdaşlyk deňzine öwürmäge meýillidiginiň alamaty boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda taraplar iki ýurduň arasynda deňziň düýbüni we baýlyklaryny araçäklendirmäge degişli meseleleriň çözülmegini talap edýändigini beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meseleleri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň işini dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
    Hazarýaka energetika hyzmatdaşlygy. Gadymy umman Tetisiň bize miras galdyran Hazar deňzi adamzat nesliniň şu güni we geljegi üçin hyzmat edýän ählumumy ähmiýetli hazynadyr. Hazarýaka sebiti energiýa baýlyklary babatynda dünýäde iň ýokary derejede durmak bilen, geosyýasy we geoykdysady babatda özüne çekiji merkezleriň biri. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşynda türkmen topragynyň nebite we tebigy gaza örän baýdygyny belläp, häzirki wagtda meşhur bolan Nobel baýragyny esaslandyran jenap Nobeliň hut özüniň Hazar deňziniň kenarýakasyndan toplanan nebiti ýygnap, satmak üçin ugradandygyny nygtapdy.
    Şeýlelikde, Hazaryň ýalpaklygynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine baý bolan, özi-de çärýek asyryň dowamynda şol gorlary giň halkara hyzmatdaşlygy netijesinde ýokary tehnologiýalar bilen senagat möçberinde özleşdirmegi başaran Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem öz energetika taslamalarynda Hazarüsti ugruna möhüm ähmiýet berýärler. Azerbaýjanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda ýurdumyza amala aşyran sapary mahalynda hem bu ugurdaky wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy. Hazaryň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmegi bilen, dünýäniň iki sany iri energetika döwletine öz energiýa serişdeleriniň köpugurly we howpsuz ýagdaýda Ýewropa bazaryna ibermekde giň mümkinçilikleri açandygyna, şolary milli hem-de sebit bähbitlerini ýerlikli utgaşdyrmak arkaly peýdalanmaga girişmegiň zerurdygyna üns çekilipdi. «Energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin kuwwatly ätiýaçlyklar bolup, biz bu meselede goşulyşmak ugrunda, şol sanda sebit derejesinde birleşmek ugrunda çykyş edýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz belläpdi. Şunda energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny döretmek hem-de halkara bazarlara bilelikde çykmak boýunça oňat mümkinçilikler açylýar. Bu Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem geljege gönükdirilen energetika strategiýalaryna gabat gelýär. Şu hakykatdan ugur alnyp, Hazarüsti energetika dialogynyň meseleleri Bakuwda geçirilen şu gezekki gepleşikleriň üns merkezinde boldy. «Energetika meseleleri barada aýdylanda, biz bu serişdeleri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdarydyrys, şunda, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky deňeçerlik ýörelgesi öňe sürülmelidir» diýip, milli Liderimiz belledi.
    Hazarüsti ulag-logistika hyzmatdaşlygy. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendirijisi bolan Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda Ýewraziýanyň möhüm deňizlerini — Hazar, Gara, Baltika deňizlerini, şeýle hem Pars aýlagyny köpşahaly (gara, demir ýol, deňiz, howa ýollary) ulgama birikdirip, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalaryň ählisi ol ýa-da beýleki babatda Hazarda birleşýär. Ýewropa bilen Aziýanyň «göbeginiň kesişýän» ýeri hasaplanýan Hazaryň amatly geosyýasy, geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegini başarjaňlyk bilen peýdalanýan Türkmenistan we Azerbaýjan ençeme ulag-logistika taslamalarynyň gözbaşynda durdular. Ilkinji nobatda, gürrüň milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Lazurit» ulag geçelgesi hakda barýar. 2017-nji ýylyň noýabrynda Owganystan boýunça Aşgabatda geçirilen 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynda (RECCA VII) Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Bakuwda şu gezek geçirilen gepleşiklerde iki döwletiň Baştutanlary hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) ulag geçelgesiniň üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtadylar.
    Hazar deňzi — Gara deňiz ulag ugry taslamasy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag strategiýalaryna laýyk gelýän ikinji bir uly taslamadyr. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmegi, gürrüňsiz, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik we energetika taýdan goşulyşmak, söwda, maýa goýumlary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat we Baku bu taslama Tbilisini we Buharesti işjeň birikdirdiler. 2019-njy ýylyň martynda Buharestde geçirilen dörttaraplaýyn ministrler duşuşygy hyzmatdaşlygyň bu geljegi uly we özara bähbitli ugruny döretmegiň ýolunda wajyp ädim boldy. Ol Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň geosyýasy giňişliginiň aýrylmaz bölegidir.
    Hazarýaka medeni-ynsanperwer köprüsi. Medeniýetiň, sungatyň, kitabyň wezipesi milletine parh goýmazdan, ynsanlara ruhy lezzet paýlamakdan, olary ýakynlaşdyrmakdan, dostlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu babatda ozal toplanan oňyn tejribäniň ençeme mysallaryny ýatlamak ýerlikli bolar: 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimize Baku döwlet uniwersitetiniň hormatly doktory, Azerbaýjanyň Prezidentine bolsa Aşgabatda ilkinji saparda bolan mahalynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hormatly doktory diýen at berlipdi. Milli Liderimiziň Bakuwa nobatdaky resmi sapary Hazaryň sallançagynda üwrelen iki dostlukly halkyň medeni köprülerini has-da mäkämleşdirdi. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň milli haly muzeýine ýörite baryp görmek arkaly, iki halka-da mahsus, özi-de, degişlilikde 2010 we 2019-njy ýyllarda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen azerbaýjan we türkmen halyçylyk sungatynyň şöhratyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýmakda şahsy göreldesini görkezdi. Ýeri gelende bellesek, iki ýurduň Prezidentleriniň Bakuwda hem-de Aşgabatda türkmen we azerbaýjan el halylarynyň sergilerini geçirmek baradaky bilelikdäki başlangyjy 2019-njy ýylda amala aşyrylypdy.
    Jemläp aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana üstünlikli amala aşyran nobatdaky resmi sapary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Hazar ugrunda täze möhüm sahypany açdy. Onuň iki kenaryny jähekläp oturan bu iki dostlukly döwletiň Hazary Ýewraziýa geosyýasatynyň möhüm halkasyna öwürýändigini nobatdaky gezek aýan etdi. Hawa, Hazar ýakasynda gardaş bir il bar. Hormatly Prezidentimiziň ol ile resmi sapary bize türkmen şahyry Garajaoglanyň:
    Dosty bolan dostuň ýoluna bakar,
    Dosta giden ýolda yzym bar meniň
    — diýen setirlerini ýene-de bir gezek ýatlatdy.