Parfiýa döwrüniň galalary

    Nusaý b.e.ö. III asyryň birinji çärýeginiň ahyryna çenli ýaşan we gadymy dünýäniň iň kuwwatly döwleti hökmünde öňe çykan Parfiýa imperiýasynyň ilkinji merkezidir. Ol 2007-nji ýylda medeni landşaft (peýzaž) ugry boýunça bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, entek 1980-nji ýylda, Türkmenistanda ilkinji döredilen bu taryhy-medeni goraghananyň işgärleriniň çeken köpýyllyk döredijilikli zähmeti halkara ykrarnama eýe boldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda goraghana, ilkinji nobatda, ýadygärligiň töwereginiň başky tebigy gözelligini we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda uly alada etdi. Şol bir wagtyň özünde Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm söwda merkezi bolup hyzmat eden Parfiýa Merkezi Aziýanyň we Ortaýer deňizýaka dünýäsiniň medeniýetleriniň özara täsiriniň ýokary derejesini görkezýär. 
    Gürrüň biri-birinden bary-ýogy 2 kilometr uzaklykda ýerleşýän 2 sany gala barada gidýär. Olar şol gadymy döwürde örän uly we daşy mizemez gala diwary bilen berkidilen Parfiýa imperiýasynyň möhüm merkezi bolan Mitridatkert şäheriniň galyndylary bolan Köne we Täze Nusaýdyr. Bu galalar üstünden iki müň ýyl geçendigine garamazdan, daşky çäginiň ilkibaşky görnüşini we ýerli medeniýet bilen gadymy grek we gadymy Rim sungatynyň sazlaşygyndan emele gelen siwilizasiýanyň yzlaryny öz gatlaklarynda häzire çenli saklapdyrlar. Nusaýda gazuw-barlag işleri indi 80 ýyl gowrak wagt bäri dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, üsti açylan gadymy desgalaryň diwarlarynyň galyndylaryny, ýüze çykarylan arheologik materiallary berkitmek, rejelemek işleri-de alnyp barylýar.
    22 asyr mundan ozal Parfiýa döwletini esaslandyran Ärsagyň we Beýik Parfiýa imperiýasyny döreden onuň nebereleriniň mukaddes galasy bolan Nusaý Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli gözel Aşgabadyň çäginde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň biri bolup durýar. Aşgabada gelýän köp sanly myhmanlar bu ajaýyp ýadygärlige baryp görýärler. Gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň deňi-taýy bolmadyk ýadygärligi hökmünde Nusaý Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk ýolgörkezijilerine, kataloglara girizilendir. Nusaýdan tapylan pil süňkünden ýasalan, inçe sungatyň önümi bolan bahasyna ýetip bolmajak şabadalaryň (ritonlaryň) toplumy, ellinçilik mekdebine eýerip, mermerden ýonulyp ýasalan ajaýyp heýkeller, altyndan we kümüşden ýasalan täsin önümler bu gün ýurdumyzyň muzeýleriniň tekjelerini bezeýär. Bu ajaýyp tapyndylaryň ýüze çykarylan ýeri bolan Nusaýyň gadymy ybadathanalarynyň galyndylaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly arheologlaryň sany barha artýar. Parfiýanyň haýran ediji we özüne çekiji güýje eýe bolmagy onuň bezeg däpleriniň ençeme nagyşlarynyň, binagärçilik ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara aşyp, bu günki türkmen durmuşynda dowam etdirilmegine sebäp bolupdyr. Ajaýyp şabadalaryň ýüze çykarylanyna bary-ýogy ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa, olar biziň milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde Türkmenistanyň gadymy medeniýetiniň hakyky nyşanyna öwrüldi.
    Nusaýdan tapylýan gymmatly tapyndylar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen ýurdumyzyň muzeýlerini özboluşly bezäp dur.