TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN RESPUBLIKASY: ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

    Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk daşary syýasaty netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly daşary syýasaty esasynda dünýäde we sebitde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan işler giň gerimlidir we anyk häsiýete eýedir. Şol bir wagtda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar Türkmenistany durnukly ösüş ugrunda parahatçylyk söýüji, ynamdar we ygtybarly hyzmatdaşa öwürdi. 
    Türkmenistanyň wajyp halkara başlangyçlarynyň hatarynda, ilkinji nobatda, parahatçylygy berkitmek we howpsuzlygy üpjün etmek, aýratyn-da, Merkezi  Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek bilen, bu sebitleriň energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa meseleleri babatda eden teklipleri we başlangyçlary barha giň goldawa eýe bolýar. Şeýle hem Türkmenistan özüniň goňşy döwletleri bilen bir hatarda, sebit we dünýä döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda toplumlaýyn işleri alyp barýar. Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlyga hem soňky ýyllarda aýratyn üns berilýär. Şeýle döwletleriň biri-de Azerbaýjan Respublikasydyr.
    Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklary dünýä taryhyna oňyn täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni-taryhy miraslaryny özünde saklaýar. Iki döwletiň halklary öz milli özboluşlylygyna, diline, gaýtalanmajak medeniýetine we öňki nesilleriň toplan ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmak bilen, baý taryhy geçmişine buýsanmaga haklydyr. Munuň özi türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň geljekki nesilleriň bähbidine hyzmat etmegine we köpýyllyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň içinde iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň dürli ugurlary boýunça ygtybarly hyzmatdaşlygyň binýady döredildi. Bu seneden başlap, türkmen we azerbaýjan halklarynyň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar.
    Halkara giňişlikde Türkmenistan hem-de Azerbaýjan abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen, birek-biregi yzygiderli goldaýar. Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ilkinjileriň hatarynda goldady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Azerbaýjan Respublikasy ýakyn hem-de ynamdar hyzmatdaş bolmak bilen, Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm ugry bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň, şeýle hem häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek ykrar edildi. 2017-nji ýylyň fewralynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň     Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Azerbaýjan Respublikasy şol Kararnamalaryň hem awtordaşydyr. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Azerbaýjanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Halkara düzümleriň çäklerinde gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. 
    Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilýär. Iki ýurduň Liderleriniň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlary ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna 2017-nji ýylyň 8-9-njy awgustynda amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklary täze derejä çykardy. Şol saparyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama taraplaryň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.
    2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi we türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, gümrük meseleleri we wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek, deňiz söwda gämi gatnawyny ösdürmek bilen, Hazar deňzi arkaly söwda portunyň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak, ylym-bilim, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda gazanylan ylalaşyklar bar.
    Belli bolşy ýaly, ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmak bilen, bu ugurda üstaşyr-ulag we logistika düzümini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Ýewropa çykýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) üstaşyr-ulag geçelgesi boýunça gol çekilen ylalaşyk munuň aýdyň mysalydyr. Bu ugurda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) ýaly iri düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek zerurdyr. Ulag ulgamy babatda Türkmenistan ýaly, Azerbaýjan hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedir. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam edýär.
    Biziň ýurdumyz Azerbaýjan Respublikasy bilen Hazar deňzi arkaly araçäkleşip, iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň agramly bölegi hut şu deňiz arkaly alnyp barylýar. Milli Liderimiz 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy we Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek ugrunda alnyp barlan işlere uly itergi beren möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Ýokary derejeli şeýle duşuşyklaryň netijesinde, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Hazarda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk hem-de Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşyk kabul edildi. Bu resminamalar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary boýunça türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açdy.
    2019-njy ýylyň 10-11-nji oktýabry aralygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi we özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şonda iki ýurduň döwlet Baştutanlary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
    Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglydyr. Şeýle hem biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlar bolmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara işjeň gatnaşyklary saklaýarlar. Bu ugurda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna aýratyn orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýylsaýyn artýandygyny bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda medeniýet, bilim hem-de ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, syýahatçylyk we sport ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki biziň döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryna diňe bir taryhy däl, eýsem, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýän strategik häsiýet-de mahsusdyr.
    Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak nobatdaky sapary hem döwletara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gadymdan gelýän köpýyllyk dost-doganlyk hyzmatdaşlygyna täzeçe öwüşgin berer. Saparyň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki meýiller bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşarlar.