Eneleriň şatlygy — dünýäniň abatlygy

    Halkara Zenanlar güni köp çagaly enelerimiz üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Mary welaýatyndan sekiz we şondan hem köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 50-si «Ene mähri» hormatly adyna eýe bolup, olara baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk gününde köp çagaly eneleriň ikisine welaýatyň Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesindäki döwrebap jaýlardan öýler berildi. Täze jaýa göçmek bagtyna eýe bolan mährem eneler Baýramaly etrabynyň Bahar geňeşliginde ýaşaýan Göwher Gylyçmyradowanyň, Türkmengala etrabynyň Ýeňiş geňeşliginde ýaşaýan Sülgün Saparowanyň agzybir maşgalalarynda jaý toýlary tutulyp, Gahryman Arkadagymyzyň mertebeli adyna alkyş sözleri aýdyldy.
    — Ajaýyp baýramyň şatlykly gününde maşgalamyza täze jaýly bolmak bagty miýesser etdi — diýip, köp çagaly ene Göwher Gylyçmyradowa ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär: — Bize berlen öý 3 otagly bolup, onuň içinde hojalyga gerekli şertler aňrybaş derejede döredilipdir. Aşhanasy giň, üç otagyň hemmesi-de özüne mahsus oý goşlary, mebeller we gaýry enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ondan daşary hem kömekçi jaýlary gurmaga we ekin ekip, mal saklamaga mümkinçilik berýän ýerlerimiz bar. Meniň özüm öý hojalykçy, ýanýoldaşym Begmyrat hojalyk işleri bilen meşgul. Özüm ýaly köp çagaly eneleriň biri, Sülgün Saparowa hem şu jaýdan öý berildi, bize golaý goňşy boldy. Biziň gül ýaly ýaşaýşymyz bar. Bizi bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.