Dost-doganlygyň synmaz sütüni

    Bitaraplyk — bu ebedi ygtybarlylykdyr, ýurt abadançylygynyň, asuda ýaşaýşyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bir şertidir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistany ösüş-özgertmeler ýoluna düşürdi. Bu ýoluň oýlanyşykly hem-de netijelidigini wagt görkezýär. Bitaraplyk parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýadyny emele getirmek bilen, sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň ruhuna we häsiýetine kybap gelýär. Çünki parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, agzybirlik, sabyrlylyk we ynsanperwerlik asyrlarboýy türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň esas goýujy sütünleri bolup gelýär. 
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen, adam hukuklary ulgamynda goşmaça borçnamalary öz üstüne alan ýeke-täk Bitarap döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakynda jarnama aýratyn orun degişlidir. Bu resminama laýyklykda, ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy adalatyň hem parahatçylygyň esasy bolup durýar diýlip bellenilýär. Şoňa laýyklykda, biziň ýurdumyz adam hukuklary babatda halkara bileleşigiň döwletleriniň öňünde öz üstüne goşmaça borçnamalary aldy. Adam hukuklary her bir demokratik, hukuk döwletiniň ahlak-syýasy talaby we möhüm konstitusion-hukuk instituty bolmak bilen, Konstitusiýada jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şonuň esasynda hem ähli tagallalarda jemgyýetiň bähbitleri ileri tutulýar. Olar adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 
    Adam ölçegi babatda ynsanperwer hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň möhüm düzüm birligidir. Ynsanperwer ulgamda halkara kadalary gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda kesgitlenen demokratik hukuklary we azatlyklary goramagyň esasy ýörelgelerini netijeli amala aşyrmak üçin syýasy, ykdysady, kanunçylyk we beýleki şertleri döredýär. Şol maksat bilen, Türkmenistan iri we abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Olar bilen bilelikde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen maksatlar boýunça degişli işleri amala aşyrýar. 
    «Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda belledi. 
    Şu nukdaýnazardan hem, Türkmenistan möhüm ugurlar bolan ylalaşdyryjylyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, sebitde döwletara gatnaşyklary ýola goýmak, üstaşyr geçelgeleri giňeltmek we beýlekiler boýunça dünýä bileleşiginde işjeňlik görkezýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyjy bilen bosgun we raýatsyzlyk meseleleri boýunça kabul edilýän çözgütler subut edýär. Bu çözgütler öz gezeginde, raýatsyzlygyň öňüni almakda we onuň soňuna çykmakda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň güýçlendirilmegine itergi berýär. 
    Bilşimiz ýaly, Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetine hemişelik esasda agzalyga kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň wekilhanasy bilen adam hukuklary baradaky meselelerde ysnyşykly işleşmegi netijesinde, bosgunlar we raýatsyzlygy azaltmak bilen bagly meseleleriň çözülmegi bilen baglanyşykly jebis hyzmatdaşlyga esas bolup durýar. Şeýle hem munuň özi Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine özüniň saldamly goşandyny goşýandygyny aýdyň görkezýär. 
    Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy hökmünde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň hem durmuşa geçirilmegine işjeň ýardam berýär. Biziň ýurdumyzyň tejribesi dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmek we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, Türkmenistan bosgunlary goramak, raýatsyzlygy aradan aýyrmak we onuň öňüni almak ýaly meselelerde örän wajyp işleri durmuşa geçirdi. Raýatsyzlyk diňe bir dünýä döwletleri üçin däl-de, eýsem, raýatlygy bolmadyk adamlaryň özi üçin hem wajyp we kyn meseleleriň biri bolup galýar. 
    Türkmenistan ählumumy meseleleriň çözgüdinde-de işjeňlik görkezip, halkara giňişlikde bu babatda oňyn gepleşikleriň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ileri tutulýan ugur bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen döwleti ynsanperwer hukugyň esasy halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulyşýar.
    Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny, milli gorag üpjünçiligini, raýatsyzlygy ýok etmek we azaltmak işinde halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, 2011-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Apatridleriň derejesi hakynda» 1954-nji ýyldaky Konwensiýasyny kabul etdi we tassyklady. Şeýle hem 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on bäşinji maslahatynda «Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda» Karar kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada agzalan Konwensiýalara goşulyşmakda ilkinjileriň biri boldy. Munuň özi raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak meseleleriniň çözülmegi babatda halkara ynsanperwer guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeleriniň guwandyryjydygyny görkezýär. 
    Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ýurduň çäginde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň 20 müňden gowragyny raýatlyga kabul etdi. Bu nusga alarlyk ynsanperwer çäreler diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň çäginde hem ýokdur. Türkmenistanda bu meseleleriň gysga wagtyň dowamynda çözülmegi dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, ilki bilen, gadymy däp-dessurlarymyz bolan adamkärçilige we türkmen halkynyň myhmansöýerligine, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanyp amala aşyrylýar. Adam raýatlyk bilen bir hatarda, ähli hukuklara, esasan hem, doly hukukly şahsy mertebesine eýe bolýar. Adamyň eşretli durmuşda ýaşamagy jemgyýetde durnuklylygy we döwletiň milli howpsuzlygyny üpjün edýär. Çünki millet halky, halk döwleti emele getirýär, döwlet bolsa, kämilleşip, jemgyýeti döredýär. 
    Dostlugy, özara düşünişmegi, beýleki halklaryň milli medeniýetleriniň köpgörnüşliligine, ruhy gymmatlyklara hormat bilen garamagy hemişe ileri tutan türkmen halkynyň häsiýetine taryhyň dowamynda daşky dünýä parahatçylyk soýüjilikli garaýşyň mahsus bolmagy ynsanperwerligiň umumadamzat maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aňladýar. «Guşy asmana göterýän iki ganatyň bolşy ýaly, milli mirasa hormat goýmak we umumadamzat baýlyklaryna gadyrly bolmak adamy ynsan mertebesiniň belentligine galdyrýandyr» diýilýär. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar, duşuşyklar, festiwallar hem-de sergiler umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa we hormat goýmakda giň gerimli ynsanperwerlik çäreleri bolup durýar. 
    Ynsanperwer ýörelgelere, dostluga we açyklyga esaslanýan daşary syýasat halkyň ahlak tebigatyndan ugur alýar. Halkyň parahatçylyk söýüjilikli däp-dessurlary, ynsanperwerligiň, belent adamkärçiligiň nusga alarlyk ýörelgeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esas goýujy sütüni bolup durýar. Asuda asman ynsanperwerligiň hem-de ylalaşdyryjylygyň merkezi bolan eziz Diýarymyzyň nurana ertirlerine ynamy artdyrýar, dost-doganlyk gatnaşyklara ygrarlylygyny açyk-aýdyň görkezýär.