ENÄNIŇ GÜLER ÝÜZI — BAGTLY DURMUŞYŇ KEŞBI

    Şahyrana eserleriň aglabasynda zenanlar bahara, owadan güllere deňelýär. Çünki ene dowamatyň dowam bolmagydyr. Perzendiň şu dünýäde mynasyp orun eýelemeginde terbiýe mekdebidir. Şu pikirler şol günem hakydada perwaz urdy durdy...
    7-nji mart — Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasy. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Elbetde, bu belent ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak zenanlaryň türkmen halkynyň häzirki ajaýyp zamanasynyň kemala gelmegine goşýan uly goşandyna, ata-babalarymyzyň belent ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýeläp ýetişdirýändiklerine döwletimiz tarapyndan bildirilýän mynasyp hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Döwletimiziň özleri barada edilýän hemişelik aladasyny duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawy, maşgala ojaklarynyň abadançylygy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýürekden çykýan sözleriň ýüreklere ýetip, uly bir tolgunma, buýsanç duýgularyny döredýändigi çyn. Biz dabaranyň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Annagözel Saryýewa, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Solmaz Saparowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gunça Ýusupowa bilen gürrüňdeş bolup, olaryň alkyşly sözlerini, döwrümize bolan buýsançlaryny diňlänimizde, şol duýgulara berildik. Asyl, bu sözleri diňe bir dabara gatnaşan zenanlaryň däl, tutuş halkymyzyň zybanyndan eşitmek bolýar.
    Hawa, biziň köp çagaly mährem zenanlar bilen şol günki söhbedimiz soňra paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda täze açylan jaýlaryň birinde dowam etdi. Şol ýerde Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli amatlyklary özünde jemleýän täze öýleriň açarlarynyň köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky tapgyryna gowşurylyş dabarasy geçirildi. Elbetde, köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň durmuş meseleleriniň esasylarynyň biridir. Biz täze jaýa göçüp gelen Nurgeldi Gurbangeldiýewleriň döwletli ojagynda myhmançylykda bolduk. 
    Dört otagly, ähli amatlyklar göz öňünde tutulan öýde jaý toýy tutulýar. Türkmençilik ýörelgeleri, milli dessurlar berjaý edilip, goňşulardyr myhmanlar Nurgeldi aga bilen Selbi gelnejäni täze jaýy bilen gutlamaga gelýärler. Myhmanlar ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzy bolan bu bagtly maşgala iň oňat arzuwlaryny aýdýarlar. Iki ogly, alty gyzy dünýä inderip, olaryň terbiýesine, edep-ekramyna, sowatly, ylymly bolmagyna jogapkärçilikli çemeleşýän Selbi gelneje döwrümize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini gaýta-gaýta dile getirýär. Maşgalanyň ekiz perzentleri Äşe bilen Patma Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Hatyja bolsa, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýarlar.
    — Döwletiň, onuň Prezidentiniň aladasyny duýmak, hormat-sarpasyna mynasyp bolmak ömrüňe barabar bagtdan nyşan. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda täze jaýyň açarynyň gowşurylmagy maşgalamyz üçin hiç wagt ýatdan çykmajak şatlykly wakadyr. Döwletimiz tarapyndan köp çagaly eneleriň goldanylmagy, ýeňillikli şertleriň döredilmegi bize öz çagalarymyzy Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Meniň özüm maşgalada alty dogan, ýoldaşym Nurgeldi bolsa, on dogan. Döwür döwürden parhly. Häzir köp çagaly zenanlar, olaryň perzentleri üns-alada bilen gurşalýar.
    Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz! Biz, enelere hormat goýup, arzuwlarymyzy hasyl edýändigi üçin alkyşymyz egsilmezdir. Nesip bolsa, çagalarymyza halkymyzyň asylly ýörelgelerine görä terbiýe berip, olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjak adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrasym gelýär — diýip, Selbi gelneje buýsanjyny biziň bilen paýlaşýar.
    Elbetde, häzirki döwürde ýurdumyzda bilim almak, ukyp-başarnygyňy açyp görkezmek, hünär eýesi bolmak, bagtyýar durmuşyň hözirini görmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz hem Nurgeldi aga bilen Selbi gelnejä perzentleriniň hünär eýeleri bolup, maşgalasyna, ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuwlap, täze jaýa göçüp gelen goňşusy Işanmyrat Myradowlaryň gapysyny kakdyk.
    ...Şol gün birnäçe maşgala täze jaýlaryň toýlaryny tutdular. Toýuň bar ýerinde şatlyk-şowhun bar, çagalaryň joşgunly gülküleri bar. Çaga gülküsi ýaňlanan ilde bagtyýarlygyň, parahatlygyň höküm sürşi ýaly, şol şadyýan owazyň bar öýünde agzybirlik bar, rysgal-döwlet bar. Biziň hem täze jaýyny, hem «Ene mähri» diýen hormatly adyny gutlamak üçin myhman bolan hojalygymyzda-da bagtyýarlyk gaýnap-joşýan eken. Işanmyrat aga bilen Gülşirin gelnejäniň bäş gyzy, üç ogly bar. Çagalarynyň iň körpesi Tylla ýaňy iki ýaşynyň içinde. 
    Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyna göçüp gelmeginiň, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolmagynyň uly bagtdygyny gaýta-gaýta dile getirýän Gülşirin gelneje bizi täze jaýy bilen tanyşdyrdy. Dört otagly jaýda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ähli amatlyklary göz öňünde tutulypdyr. Aşhananyň ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, giň we ýagty otaglar, öý goşlarynyň döwrebaplygy ýurdumyzda maşgalalaryň bagtyýar durmuşy üçin alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Tanyşlygyň dowamynda körpeler üçin niýetlenen otaga baranymyzda, ol ýerde käbelerine hormatly adyň dakylanyna, şeýle-de täze jaýa göçüp gelenlerine buýsanýan çagalar mekdepde öwrenen goşgularyny biri-birine aýdyp berýärdiler. Olar jaý toýlary üçin öwrenen goşgularyny bize-de aýdyp bermäge döwtalap boldular. 
    Baýrammyrat:
    Asmanda kepderi ganatyn ýaýýar,
    Watan öňe barýar Arkadag bilen.
    Dillerimiz mydam bilbil deý saýrar,
    Watan öňe barýar Arkadag bilen
    — diýip, uly joşgun bilen goşgy okasa, körpeje Geldimyrat hem:
    Allanyň beren bagty,
    Ýylgyryp dünýäme bakdy.
    Ojagmyzyň daragty,
    Ejem, ejem, jan ejem!
    — diýip, ejesini goşa şatlygy bilen gutlaýar.
    Çaganyň kalby gülden näzik, ak kagyzdan päkize. Olaryň dilinden döwrümize, Gahryman Arkadagymyza, käbelerimize bolan şeýle hoşallyk sözlerini eşitmek, elbetde, göwnüňi göterýär. Bu gün şol goşgy setirlerindäki Watan, Arkadag, ene sözlerine ýürekden uýýan, olary hormatlaýan, mukaddeslik saýýan nesiller kemala gelýär. Çagalykdan şol sözleri diliniň dogasyna öwren çagalar enesini hormatlaýan, Watanyny söýýän, döwlet Baştutanynyň ynamyna ygrarly adamlar bolup ýetişýärler. Şeýle terbiýäni bermek üçin bolsa maşgalada enelere möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary baradaky bimöçber uly aladasy hem şonuň bilen berk baglanyşyklydyr. Biz Işanmyrat aga bilen Gülşirin gelnejä hem perzentleriniň watansöýüji, bilimli, hünärli, kämil adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdik...
    Megerem, bagtyň keşbi güler ýüzli eneleriň keşbindedir. Ene kalbynyň päkligi, mähremligi biziň dünýämize, ýurdumyza, öýümize, maşgalamyza bagt eçilýär. Ene söýgüsini, edep-terbiýesini alan çagalar ýurduň ösüşlerine ösüş, abraýyna abraý goşýarlar. Şeýle nesli ýetişdirmek üçin bolsa bu gün Gahryman Arkadagymyz türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm tagallalary durmuşa geçirýär. Bu köp çagaly enelere goýulýan hormatyň, olaryň maşgalasyna döwletimiz tarapyndan döredilýän ýeňillikleriň mysalynda-da aýdyň görünýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, zenanlaryň bagtyýarlygynda, güler ýüzünde, asylly häsiýetlerinde iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär.