Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda 
    Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
    1. 2020-nji ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli.
    2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. 
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                                Aşgabat şäheri, 
                                                2020-nji ýylyň 6-njy marty.

    Resmi habarlar
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine 400 sany «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
                                                ***
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
    Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
                                                ***
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlary, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de ýük awtoulaglarynyň we traktorlaryň tigirlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.