«Toýumyza gel, toýumyza!»

    Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Toýumyza gel, toýumyza!» atly täze sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Oýnuň görkezilişine medeniýet we sungat ussatlary, bu ugurdan bilim alýan talyplar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan sahna oýnundaky wakalarda Nazar bilen Näzigiň söýgüsi, olaryň durmuş toýuny tutuşlary dogrusynda gürrüň berilýär.
    Täze tomaşada geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynyň oba durmuşy beýan edilýär. Oýnuň baş gahrymanlary Nazar käri boýunça mehanizator, Näzik bolsa oba medeniýet öýüniň tans gurnagynyň ýolbaşçysy. Olaryň biri-birine söýgüsi şol döwre mahsus bolan köneçillik garaýyşlaryna garşy gelýär. Ýaşlygyň joşguny, birek-birege wepalylyk, durmuşa täzeçe garaýyş ýaşlara ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge ýol salgy berýär. 
    Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgeler esasynda sahnalaşdyrylan oýnuň başynda Nazar özüniň Näzige bolan duýgusyny ilki öz kärdeşlerine gürrüň berýär. Birnäçe wagtlap öz duýgusyny magşuk gyzyndan gizläp, oňa söz aýtmagyň wagtyny peýläp gezýär. Nazaryň özüne bolan garaýşyny aňýan Näzik ilki-ilkiler oňa känbir pitiwa hem etmeýär. Haçan-da, ýigit gyza söz aýdan wagty gyz oňa aşyklygynyň çyny bolsa öýlerindäkileri sawçylyga ibermegini aýdýar. Hoş habara göwni galkynan Nazar begenjini ejesi Gymmat daýza bilen paýlaşýar. Balasynyň bagtly bolmagyny isleýän ene gelinleri, goňşulary bilen maslahat edip, Näziklere sawçylyga barýarlar. Obada zähmetsöýerligi bilen adygan Nazar ýaly giýewsiniň bolmagyny arzuw edýän Näzigiň ejesi Nabat gelneje ýaşlaryň biri-birini halaýandygyny eşidip, sawçylaryň sözüni alýar. 
    Nazaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen Näzigi almak üçin gelnalyjy bolup gelýän pursatlaryny synlanyňda hem hamala özüň hem şol toýuň içinde ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sahnada çykyş edýän artistleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy, olaryň halypalar bilen bir sahnada çykyş etmekleri sungatyň halypa-şägirtlik ýolunyň barha rowaçlanýandygyna aýdyň mysaldyr. 
    Öz döwrüne mahsus ýörelgeler esasynda tutulan toýda tamadanyň keşbinde çykyş edýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Şatlyk Halykowyň görnükli şahyrlarymyzyň ajaýyp arzuwlara ýugrulan goşgularyny ýerine ýetirmegi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarow bilen aýdymçy Batyr Hojagulyýewiň ýerine ýetirýän aýdymlary hem sungat muşdaklarynyň göwünlerini awlamagy başardy. 
    Sahna oýnunda bu teatryň artistleri Döwran Saryýew Nazaryň, Nurgözel Gurbangeldiýewa Näzigiň, Halbike Dowyýewa Gymmat daýzanyň, Orazgeldi Amangeldiýew Perman aganyň, Orazgül Gurdowa Nabadyň, Aýsoltan Kowusowa Gülbibiniň, Nargiza Halykowa Şemşadyň, Narjan Berdiýewa Jemalyň, Ýagmyr Gurbannazarow oba medeniýet öýüniň müdiriniň, Döwletgeldi Berdiýew Juma brigadiriň, Kuwwat Çaryýew Almaz kassiriň, Öwezguly Gelenow Gully aganyň, Atamyrat Ataýew Gurban çaýçynyň, Annamyrat Saparow Ýalkymyň keşbinde çykyş edýärler. Beýleki keşplerde Didar Saryýew, Ogulsenem Gurbandurdyýewa, Maýa Weligylyjowa, Aýgül Şallyýewa, Tuwakbibi Köçekowa dagy bilen birlikde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary çykyş edýärler. 
    Nazar bilen Näzigiň guşak çözdürmek däbi bilen tamamlanan durmuş toýlarynyň ahyrynda Gymmat daýzanyň öz gelnine gaýynenesi hökmünde berýän maslahatlaryny diňläniňde, her bir enäniň gelnini öz çagasy ýaly kabul edip, ýaşlaryň bal bilen ýag ýaly garyşyp, agzybirlikde ýaşamak hakdaky arzuwlaryna biygtyýar goşulýarsyň. 
    Oýnuň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň şol ýyllarda ýerine ýetiren aýdymlarynyň ýaňlanmagy onuň täsirini has-da artdyrýar. Milli däplerimiz esasynda sahnalaşdyrylan oýun oňa tomaşa eden ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.