TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

    5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki bilen wise-premýer G.Müşşikowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer häzirki döwürde toplumyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň eksport ugruny ýokarlandyrmak işleri degişli derejede höweslendirilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
    Şeýle hem bank-maliýe düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamak, häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmak, bu pudakda ulanylýan tilsimleri we usullary kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugry ylmy esasda ösdürmek, ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetli çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.
    Hormatly Prezidentimiz munuň önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda, ykdysadyýetiň kuwwatlanmagynda aýratyn möhümdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen işleriň maliýe üpjünçiligi, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, banklaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de häzirki zamanyň ösen tejribelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Diýarymyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynda we ykdysadyýetiň maýa goýum ýagdaýynyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi.
    Ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy bilen baglanyşyky meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmegine ähmiýet berildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň maliýeleşdirilmegine, daşary ýurt maýadarlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra milli Liderimiz wise-premýere we Merkezi bankyň başlygyna ýüzlenip, häzirki döwürde dünýäde bar bolan töwekgelçilikleriň täsirini azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
    Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, işewürligi goldamagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
    Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysadyýeti ulgamynda bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çökgünlige garamazdan, içerki bazaryň zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň içerki önümçiligiň okgunly ösüşiniň we öz-özüňi senagat taýdan üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň netijesinde emele gelýändigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligiň, iri korporasiýalaryň hem-de kärhanalaryň arasynda ýola goýulýan ýygjam hyzmatdaşlygyň möhüm ädim bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem ykdysady toplumynyň işgärleriniň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagy üçin olaryň arasynda synag sapaklarynyň geçirilmegi möhümdir.
    Döwlet Baştutanymyz ministrliklere islendik meseleleri çözmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek arkaly olara ýardam bermegiň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipedigini aýdyp, bu ýerde gürrüňiň daşary ýurtlara önümleri ibermäge niýetlenen üpjünçilik we senagat ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak barada barýandygyny nygtady.
    Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän giň möçberli çäreleri durmuşa geçirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
    Bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin zerur ýagdaýlaryň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň ýokary depgininiň, maýa goýum işjeňliginiň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz ykdysady özgertmeleriň geriminiň artyşyna görä, zähmet bazarynyň kemala gelýändigini, onuň bolsa ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň baş şertidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň banklary ähli pudaklara konsultatiw we usulyýet tarapdan ýardam etmelidirler. Iň esasy bolsa serişdeler örän tygşytly we netijeli ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
    Döwletimiziň oýlanyşykly nyrh syýasaty, hususy başlangyçlara goldaw berilmegi hem-de bu ugurdaky beýleki möhüm çäreler halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagynyň özenidir.
    Milli Liderimiz häzirki döwürde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

    Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi hem-de täze desgalaryň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
    5-nji martda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milli Liderimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
    Bahar paslynyň gelmegi bilen, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde özboluşly gözellik emele geldi. Giň ýaýlalaryň bezegine öwrülen, hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary dag gerişlerine düşen ak garyň keşbi bilen özboluşly sazlaşygy döredýär. Şeýle hem bu künjegiň ýakymly howa gurşawy ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleriniň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedewe atlanyp, bu ýerde döredilen tokaý zolaklaryny, dag eteklerinde ekilen baglary synlady. Yzygiderli idegiň ýola goýulmagy netijesinde bu künjek bagy-bossanlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn bag ekmek strategiýasy ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär.
    Bu ýerde wise-premýer E.Orazgeldiýew her künjegiň toprak-howa şertlerini nazara alyp, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşlerini görkezip, olary synlamagy we bu babatda degişli öwüt-ündewlerini bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şolaryň arasynda saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleri, derek agajy bar. Şu günler köpçülikleýin bag nahallarynyň ekiljek ýerleri talabalaýyk derejede taýýarlanyldy.
    Milli Liderimiz ýurdumyzyň «gök guşagyny» giňeltmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň bag ekmek dabarasyna köpçülikleýin gatnaşmagynyň asylly iş hasaplanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň we olara degişli derejede ideg etmegiň, ekologiýa babatda bolşy ýaly, nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda-da aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň ähmiýeti baradaky gürrüňini rowaýatyň üsti bilen dowam etdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ir zamanlarda bir tejribeli daýhan öz ogluna mellek ýerindäki bagyň düýbünde köp mukdarda baýlyk gömüp goýandygyny aýdýar. Ogly atasynyň aýdan sözünden ruhlanyp, yhlas bilen her bir bagyň düýbüni agdaryp çykýar. Baýlyk welin tapylmaýar.
    Yhlas siňdirilip agdarylan toprak bahar paslynyň yzgaryny özüne siňdirýär. Agdarylyp arassalanan we suwdan ýagşy ganan miweli agaçlar tutuşlygyna güle bürenýär. Güýz paslynda bu baglaryň ir-iýmişleri aýratyn bereketli bolýar. Hasylyny ýygnap döwlet tapan oglan kakasynyň sargydynyň hakyky baýlygyň halal zähmetdedigini aňladýan çagyryşdygyna düşünip galýar.
    Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň zähmet we topraga bolan söýgüsini artdyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny, bu işleriň rysgal-berekediň özenidigini belledi.
    Milli Liderimiz bag nahallarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, beýleki agaçlar bilen bir hatarda, derek agajyna aýratyn gadyr goýulýandygyny nygtady. Halk arasynda derek agajynyň baldaklarynyň berkemegi maşgala abadançylygy, agzybirligi hökmünde kabul edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň derek agajy barada rowaýatynyň bardygyny aýtdy. Gadymy döwürlerde iki ýaş juwanyň durmuş toýuny tutan pursatlarynda olar maşgala abadançylygyny, agzybirligi alamatlandyrýan derek agajyny ekipdir. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, ýaş juwanlaryň eken deregi ösüp-örňäp, beýik bag bolupdyr, ol uly iliň guwanjyna öwrülipdir.
    Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde hem bu syrdam agajyň ýaýlalaryň, ýap boýlarynyň bezegidigini aýdyp, derek agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.
    Milli Liderimiz tebigy-howa şertlerini nazarda tutup, serwi agajynyň köpçülikleýin ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäre ýagşy dessurlara laýyklykda, degişli rowaýatlar aýdylyp, joşgunly aýdym-sazlaryň utgaşmagynda geçirilmelidir diýip belledi. Munuň özi bag ekmek dabarasyna gatnaşýan adamlaryň ruhuny göterer.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
    Bahar paslynyň ilkinji günlerinde türkmen tebigaty özüniň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär.
    Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam edýän gurluşyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň binasynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
    Döwlet Baştutanymyz gurluşygyň ýokary hil derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, aýratyn-da, daşky görnüşine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu işlerde ýerli gurluşyk serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy möhümdir. Milli Liderimiz desgalary öňdebaryjy tehnologiýalara laýyklykda enjamlaşdyrmagyň esasy talaplaryň biridigini aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çandybil şaýolunyň ugrunda Maslahatlar merkeziniň binasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň hem-de milli binagärlik ýörelgelerini we dünýäniň şähergurluşyk babatda iň gowy gazananlaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
    Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we ählumumy derejedäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýändigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalar halkara ölçeglere doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Soňra döwlet Baştutanymyz täze gurluşyklaryň ýene-de birine — Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň binasyna baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanşyp, bu binalaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyk gelýän halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüljekdigini belledi. Şoňa görä-de, binalaryň gurluşygyna, enjamlaşdyrylyşyna hem-de bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir.
    Milli Liderimiz bu binalaryň gurluşygynda işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.