Arkadagyň toý sowgady — mährem kalplaryň şatlygy

    Içki dünýäsi mähribanlyga, kalby, ýüregi näziklige, päkizelige gurşalan türkmen zenany! Bu jahan sahylygynyň öňünde ähli gözellikler başyny egýär. Ruhy dünýäsi owadan, zehin-yhlasy hemişe Hudaý tarapyn joşup duran türkmen zenanynyň mertebesini ahlak gymmatlygy hasaplan pederlerimiz öz gyz-gelinleriniň erk-ygtyýarlylygy, ahlak belentligi hem kämilligi hakynda aýratyn alada edipdirler. Ýaşaýşyň gözelligini hem gönezligini öz zenanlarynda gören merdana türkmen maşgala ojagynyň ýylysynyň goragy bolan mähribanlaryny mähek daşyna deňeýär.
    Bäş müňýyllyk taryhly milletimiziň bu häsiýetiniň, edähediniň däp-dessurymyzda mizemez orun alyp, biziň şu günlerimiziň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mukaddes ýörelgesine öwrülmeginde Arkadag Prezidentimiziň gije-gündizki aladalary, taýsyz tagallalary bar. Çünki ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine wepaly bolup, zenan mertebesini belentde tutmak, mähriban enelerimiziň, gelnejelerimiziň, uýalarymyzyň asuda durmuşda, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek, eziz zenanlarymyzy gözüň göreji deý gorap saklamak döwlet syýasatymyzyň baş ugurlarynyň biridir. Ähli hukuklary döwlet tarapyndan ygtybarly derejede üpjün edilýän türkmen zenanlary bu gün jemgyýetimizde uly orun eýeleýärler. Maşgala ojagyny wepaly goraýjylar bolmak bilen, olar hünärine ökde, jogapkärçiligi duýýan we aýgytly hereket edýän, talabediji, işjeň ýolbaşçy, alym, mugallym, lukman, Mejlisiň deputatlary we diplomatlardyr. Halal zähmeti, yrylmaz yhlasy bilen tapawutlanýan türkmen zenanlary döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen «Ene mähri», «Zenan kalby» ýaly hormatly atlara, orden-medallara mynasyp bolýarlar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Buýruga gol çekdi. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu şatlykly wakadan göwünleri hoş türkmenistanly zenanlar indi birnäçe gün bäri bu gymmatly toý serpaýyny alyp, maňlaýlaryna sylýarlar we Gahryman 
    Arkadagymyza Şa serpaýy üçin tükeniksiz alkyş aýdýarlar.
    — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, dokma pudagynda hem işlemek üçin ähli amatly şertler döredilýär. Türkmen zenanlary bu gün häzirki zamanyň iň çylşyrymly tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri bilen adygýarlar. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşli ýolunda mynasyp orun eýeleýän fabrigimiziň hünärmenleriniň öndürýän ýüpeklerine dünýäniň ösen döwletleri uly isleg bildirýärler. «429», «310» belgili ýüpeklerimizden ýokary hilli, gelin-gyzlarymyzyň göwnünden turýan panbarhat matalary, öýme ýaglyklar öndürilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek baradaky Buýrugy ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlary bilen, bir hatarda fabrigimiziň gelin-gyzlaryny-da örän buýsandyrdy. Şu günler bu sowgady alyp, höwes bilen maňlaýymyza sylýarys. Ajaýyp toý sowgady üçin mähriban 
    Prezidentimize ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, Aşgabadyň ýüpek fabriginiň baýry işgäri Altynjemal Baýewa öz ýürek buýsanjyny beýan edýär.
    — Asuda, abadan Watanymyz, ajaýyp döwrümiz, bagtyýar ilimiz bar. Gije-gündiz ilim-günüm, parahat ýurdum diýip ýaşaýan Arkadag Prezidentimiz bar. Bular biziň her birimiz üçin esasy baýlyk. Şeýle sazlaşykda ýaşamak, döretmek, zähmet çekmek uly bagt. Milli senedimiz bolan halylarymyzyň gadymy şöhratyny berkitmek, dünýäde onuň abraýynyň artmagyny gazanmak biziň paýymyza düşýär. Buýsançly hem jogapkärli işimizde hormatly Prezidentimiziň kömek-goldawy hemişe bize güýç-gaýrat, ylham berýär. Bu beýik sungata, ony dörediji çeper elli gyz-gelinlerimize uly sarpa goýýan ýurt Baştutanymyzyň çynlakaý aladalary netijesinde türkmen halyçylyk sungaty 
    ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu şatlykly waka halyçylarymyz bilen birlikde, türkmen milletine uly abraý, şöhrat-şan getirdi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli mähriban 
    Arkadagymyzyň toý sowgady göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Sylag-sarpasy, Şa serpaýy üçin ýurt Baştutanymyza alkyşlarymyz kändir — diýip, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçysy Annanabat Durdyýewa öz toý şatlygyny paýlaşýar.
    Hawa, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň özüniň nury bilen gelen baharynyň baýramçylyk dabaralarynyň ýurdumyzy gurşap alan şu günlerinde türkmenistanly zenanlaryň ýüzlerinde şatlyk, kalplarynda joşgun bar. Ol dabaralarda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli toý sowgatlaryny alan dürli zähmet toparlarynda işleýän, pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan dürli ugurlarda okaýan aýal-gyzlar, ýurdumyzyň talyp gyz-gelinleri, mekdepleriň we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar her bir maşgala şatlyk, her bir zenana ruhubelentlik paýlaýan bu Şa serpaýy üçin milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarlar. 
    Zenan mertebesini şeýle belende göterýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sahawaty göwni näzik, ruhy dünýäsi gözel gyz-gelinlerimiziň, enelerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Olaryň owadan kalbyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň röwşen nuruny çaýdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli zenanlaryny buýsandyran döwlet Baştutanymyzyň bu sahawaty biziň her birimiz üçin aýratyn gymmatly sylag-hormatdyr.