Resmi habarlar

    «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
    ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdiýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
    2-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
    2-nji derejeli ýurist Şyhly Alladurdyýewiç Pelläýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
    1-nji derejeli ýurist Ikram Saparmuradowiç Pirow Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
    Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Çarymuhammet Agajanowiç Agaorazow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
    Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Rahmanowiç Durdyýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.