ARKADAGYŇ MILLILIK TAGLYMATY —

    watanperwer nesilleri terbiýelemegiň beýik mekdebi
    Innowasiýalaryň eýýamynda milli mentaliteti saklamak, ýaşlary terbiýelemegiň medeniýetini ösdürmek döwrüň talaby hökmünde öňe çykýar. Milli Liderimiziň 26-njy fewralda degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna bagyşlap geçiren maslahatynda hem şular hakynda gürrüň edildi we möhüm wezipeler öňde goýuldy. Elbetde, edep-ekram, terbiýeçilik meselesinde sözüň güýjüne, ilkinji nobatda bolsa, türkmençilik ýörelgelerine uly orun degişlidir. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan kitaplaryň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki ol kitaplar ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär.
    Gazetimiziň şu sanynda milli Liderimiziň nesilleriň belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýän kitaplaryndan alnan käbir parçalary okyjylarymyza ýetirýäris.

    «Çyn bedewler meýdanynda bellidir»
    Geçmişde her bir türkmeniň howlusynda at bolupdyr. Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly — ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr... Türkmenlerde: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar.
                                        * * *
    Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklary adamda batyrlyk, ugurtapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmegi başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Atçylyk syýahatçylygy bedeni taplaýar, boş wagtyňy medeniýetli geçirmäge, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

    «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan»
    Türkmeniň erkek kişileri öz öwladyny «balam, jigerim, köşegim» diýip suwjaryp, ogşap, sypalap ýörenok. Içki duýgularyny, perzende bolan mähremligini kalbynyň gatlarynda saklamaga çalyşýar. Çaga aga-gara düşünip, ulaldygysaýy atasy oňa merdemsi garap ugraýar, çaga lellim, «ejemogly» bolup ýetişmez ýaly, berk tutmaga ymtylýar.
                                        * * *
    Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer.
    Nesil terbiýesi...
    Eger-de mynasyp nesil terbiýeläp ýetişdirseň, mukaddes ojagyň ody hiç haçan öçmez!

    «Ula salam ber, kiçä — kelam»
    Her öýüň öz aýratynlyklary bolýar. Bu öýüň hem üýtgewsiz kadalary bar. Şol kadalaryň ilkinjisem daň bilen turmakdan başlanýar. Ilki öý eýesi oýanar. Ol ýerinden galyp: «Mälikguly! Oýandyňyzmy?» diýer. Mälikgulynyň ukusy ýeňil, ol dessine oýanar hem kakasyna jogap berer:
    «Oýandyk, kaka. Salawmaleýkim».
    «Waleýkimessalam. Oýanan bolsaň, bar, oglum, ejeňe-de Taňry salamyny ber».
    Mälikguly törki otaga ugrar.
    Mälikguly açyk gapynyň ýanynda durup seslener:
    «Eje, aý, eje. Oýandyňyzmy?»
    «Turdum, oglum, turdum».
    «Salawmaleýkim!»
    «Älikessalam, balam».
    «Ýagdaýyňyz nähili, eje?»
    «Hudaýa şükür, Hudaýa şükür, Hudaýyň beren her demine şükür. Ýagdaýym gowy. Ine, gyzym hem turdy. Kakaň hem sagaman turdumy?»
    «Turdy, eje, turdy».
    Soň gezek doganyna geçer, ol hem ejesine salam berer, halyny sorar. Ejesi şol bir sözleri gaýtalar.
    Bu, göräýmäge, ýönekeý bir zat ýalydyr, ýöne munuň aňyrsynda tükeniksiz güýç bar. Perzent üçin her sabany öz mähriban ata-eneň mübärek seslerini eşidip, olaryň sag-aman örendiklerini görüp garşylamakdan zyýada başga nähili ýakymlylyk, manylylyk bolup biler.
    Mälikguly doganlary bilen daşaryk çykyp, haýdan-haý ojakda ot ýakarlar, tüňçeleri suwdan dolduryp goýarlar.
    Kakasy bilen ejesi gelýänçä, kündükde gyzgyn suw taýýarlarlar. Gyzgyn suwly kündügi alyp Mälikguly ata-enesiniň öňünden çykar.
    — Kaka jan, gyzgyn suw taýýarladym, geliň, el-ýüzüňizi ýuwsaňyz, akydaýyn.
    — Eje jan, gyzgyn suw taýýarladym, geliň, akydaýyn.
     — Sag bol, oglum, sag bol!
     Daň säherde ogul öz mähribanlaryndan sag bol alar.

    «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz»
    Howlymyzyň bir çetinde ullakan tamdyr bardy. Ejem jan günaşa diýen ýaly tamdyrda çörek ýapýardy. Her gezek hem gyzgynjak çörekden goňşularymyza paýlaýardy. Şonda kiçi uýamyň eline bitin çöregi berip, ýarty çöregi hödür etmegiň türkmençilikde halanylmaýandygyny gürrüň berýärdi. Hödür eden ýarty çöregiň — ýarty rysgalyň, bitin çöregiň — bitin rysgalyň. Şonuň üçinem rysgalyňy bölmeli däl, bitinligine berseň, uly rysgal saňa gaýdyp geler. «Ber, berekediň artar!» diýilmeginiň manysyny düşündirýärdi.
                                        * * *
    Türkmen maşgalasynda garyndaşlyk gatnaşygyny aňladýan «gelneje», «gaýynene», «pylany eje» diýen sözler hem «ene» sözi bilen baglanyşdyrylýar. Öz ogul-gyzyny öýli-ojakly edip, maşgalasyna guwanýan eneleriň adynyň yzyna «ene» sözi goşulyp ýüzlenilýär.

    «Ýagşy ogul il abraýy, ýagşy gyz — öý»
    Çaga özi üçin ýörite dokalan halyda ilkinji ädimlerini ädýär, gyzlar durmuşa çykanlarynda düýä ýükläp, haly bukjalaryny alyp gidýär. Öýlenýän ýigidiň öýleri-de gelni haly bilen garşylaýar. Ony gapyda baý nagyşly haly — eňsi garşylaýar, eňsi serpilenden soň, onuň öňünde bosaga ýazylan germeçden geçýär, soň ýere ýazylan äpet halynyň üstünde oturdylýar. Öýüň diwarlary haly horjunlardan, gap-gaç salynýan haly haltajyklardan doly. Türkmen her gün haly namazlygyň üstünde oturyp, Alladan ýagşy dilegler edýär. Haçan-da, onuň pany jahandaky möhleti tamam bolanda, merhumyň üstüne haly-aýatlyk örtýärler...
                                        * * *
    Gadym zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr we şindem çaga sallançagyna keçe ýa-da haly düşemek dowam edýär. Çagany gözden-dilden goramak üçin onuň bilegine ýüňden örülen alaja dakýarlar.

    «Il ile söýener, dag — daga»
    Ykbalyň kötelli ýollaryny geçip, türkmenler öz gadymy däp-dessurlaryny, özboluşly milli medeniýetini ýitirmediler. Gaýtam, şol däp-dessurlar we medeniýet kuwwatly dörediji güýjüň peýda bolmagyna getirip, gaýduwsyz milletiň ruhy özenini taplady.
                                        * * *
    «Türkmençilik» diýen düşünjäniň özi sypaýylyk bilen bagly köp sanly hüý-häsiýetleriň, edim-gylymlaryň, däp-dessurlaryň jeminden ybaratdyr. Biz oňa ýeke sözde şeýle häsiýetlendirme berýäris. Şeýle-de «türkmençilige laýyk» we «türkmençilige laýyk däl» närseler dogrusyndaky pikirlerimiz bilen, bu düşünjäniň manysyny giňişleýin açmaga ýykgyn edýäris. Türkmençilikde ýagşy sözden köňül nury, ýaman sözden köňlüň tümi aňylýar.

    «Tagam lezzeti — myhman hezzeti»
    Türkmende myhmanyň ilki hezzeti çaý. Aňyrdan gelen myhmanyň törde aýratyn orny bar. Onuň oturjak ýerine öýdäki öňki düşegiň üstünden ýene ýörite haly ýa-da körpeçe düşelýär. Soňundanam saçak ýazylyp, myhmanyň öňüne ilki çaý goýulýar. Meniň bu barada aýratyn belleýänligim ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerinde çaýyň göwne iň makul içgi bolanlygy üçindir, şeýle-de çaý içmegiň türkmençilige giňden ornaşmagynyň halkymyzyň hulk-häsiýet bitewüliginde hem aýdyň duýulýanlygyndandyr.
    «Çaýlaşmak» düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar.
                                        * * *
    Türkmen obalarynyň islendigine baryp, kimdir biri bilen birki agyz gürleşeniňden soňra, barjak ýeriňe ugraberseň: «Çaýlaşyp git!», «Bir käse çaý içip ýöräber», «Çaý içip, seriňi durlap ugrasaň, barjak ýeriňe «hä» diýmän ýetersiň» diýen ýaly aýtgylara duş gelersiňiz. Türkmençilikde «Çaý içip git!» diýmek, «Nahar-şor hem iýip git» diýen many bilen bir hörpden gopýar. Çaý içmek — duz datmak. Şundan men halkymyz çaýy duz ýaly mukaddesligiň deňinde goýýar diýen netijä gelýärin.

    «Şägirtsiz ussat — miwesiz daragt»
    Çagalaryny saz dünýäsine aralaşdyrmaga beren hossarlary halypa şeýle sözler bilen ýüzlenipdirler: «Halypa, çagamyzy size, sizem Hudaýa tabşyrýarys. Çagamyzyň eti siziňki, süňki biziňki». Terbiýe alýanlar halypasynyň maşgalasynda ençeme ýyllap ýaşaýar. Hossarlary çagalarynyň hünär we ahlak terbiýesini dolulygyna halypanyň üstüne atypdyrlar.
                                        * * *
    «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter». Halkyň bu paýhasly sözlerinde halypaçylygyň çuňňur mazmuny ýatandyr. Şägirde ak pata bermezden öň, halypasy ýaşulularyň, saz muşdaklarynyň gatnaşmagynda ussatlygyň özboluşly synagyny geçiripdir. Pata bermeklik, adatça, şägirdiň saz çalyş ussatlygyna göz ýetirer ýaly, giň köpçüligiň gatnaşmagynda geçirilipdir. Diňe synag üstünlikli tamamlanansoň, ýaş bagşy halypasyndan uzak wagtlap garaşan ak patasyny alypdyr.

    «Akylly ogul hem edep, hem talap»
    Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda, ene-atanyň borjy bolup durýar. Magtymguly akyldar, ilki bilen, edep-terbiýe, tälim babatda öz atasyna minnetdar bolýar.
                                        * * *
    Çaga ýalňyşsa ýa hata iş etse, «Enem-atam näme diýer?» diýip howatyrlanýar, gaýga batýar. Soň ýetginjeklige ýetende adamda: «Il näme diýer?» diýen düşünje döreýär. Şol düşünje oňa oýlanyşykly durmuş ýagdaýyny alyp barmaga itergi berýär. Özi esli ýaşap, agtyk-çowlukly bolan adamlaryň hem ene-atanyň aýtjak sözüne dykgat edýändikleri ýalňyşmazlyk islegindendir. Üns edip görseňiz, biziň her birimizde-de şol häsiýet bardyr.

    «Mert ýigitden mert dogar»
    Akyldar Magtymgulynyň söz mülkünde: «Ýüz namart bitirmez bir merdiň işin» diýen parasatly jümle bar. Watanymyzyň asuda ertiri bolsa şeýle ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirýänligimize baglydyr.
                                        * * *
    Türkmen maşgalasynda hiç haçanam özüňkini özüň öwmek, taryplamak halanylýan däldir. «Özüň özüňi öwme, goý, seni il öwsün!» diýip, ýaşlara hemişe öwüt edilýär.

    «Çagyrylan myhman — gadyrdan»
    Türkmenler myhmany Biribaryň iberen hoş habarçysy hasaplaýar. Gadymy ynanja görä, myhman Ýaradanyň ugradan rysk-berekediniň buşlukçysydyr. Bu barada halk nakylynda «Myhman öz rysky bilen geler» diýilýär. «Myhman öýüň bezegi, myhman törüň bezegi», «Myhmanyň altynyny alma, alkyşyny al», «Myhmany baryň, imany bar» diýýändir türkmen.
                                        * * *
    Türkmeniň gapysyndan myhman bolup barsaň, ol hany-manyny gysganmaýar, ýokdan bar edip, hezzetläp-hormatlap hyzmat edýär, hormatlap-serpaýlap ugradýar. Türkmende: «Ganly bolsa, geç ganyňdan, Bir garyp myhman ýigide!» diýlip, ruhy atamyzyň pentleri ýörelge edinilýär.

    «Bedew at menzil keser»
    Obamyzyň ýaşululary üýşen wagtlarynda öz aralarynda: «Ahyrýetde hatasy ýüzüne basylan perzent: «Wah, muny enem-atam öwretmedi, özüm nädip bileýin?» diýermiş» diýýärdiler. Hawa, şonda olaryň birsellem dymyp, oýlanýandyklary hem göz öňüme gelýär. Bu terbiýäniň iňňän inçe mesele bolandygy üçin aýdylan söz. Özi hem bir obadan il-ulsa maza bermeýän nekgende çyksa, tutuş oba, ylaýta-da, ýaşuly nesil bir ýerde özüniň hata goýberen bolmagynyň ähtimaldygy barada oýlanýar.
                                        * * *
    Ýaş oglanlygyndan bedewlere erk etmegi öwrenýän türkmen ýigitlerinde mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler hem terbiýelenýär. Şu ynam hem türkmen maşgalasynda bedewe söýginiň atadan ogla geçýändiginiň asylky sebäbidir.

    «Batyrlyk bilekde däl, ýürekde»
    Dünýäde häzire çenli birnäçe yrym-ynançlar adamyň ýaşaýyş hakyndaky pikirlerine dürlüçe täsir edip geldi. Bu gün biz bir hakykaty tekrarlaýarys. Ähli ynam-ynançlaryň gözbaşynda «Päliňi düzüw tut!» diýen berk ýörelge binýat tutupdyr. «Päli düzüwlik» ata-babalarymyzdan bize ýetip gelen jemgyýetçilik kesgitlemesi. Il-halkymyzda «Päli ýaman adamyň öz pälinden özge duşmany bolmaz» diýilýär.
                                        * * *
    Türkmen aňsat itini, atyny satmaýar. Olary iň ýakyn hasaplan adamyna sowgat berip biler. It we at Türkmenistanda sowgadyň iň aňrybaşy hasap edilýär. Olar puldan we beýleki zatlardan ýokarda durýar. Şonuň üçin ol aýratyn ýagdaýlarda, has ýokary hoşallygyň, has içgin gatnaşygyň nyşany hasap edilýär. Şunda olaryň baran ýerinde horlanmazlygy, har saklanmazlygy ilkinji göz öňünde tutulýan şertler bolup biler. Özem türkmen dostuna atyň we itiň iň gowusyny sowgat berýär, sebäbi her bir türkmen üçin iti, aty hakynda diňe öwgüli sözleri eşitmek möhüm.

    «Bilene — hikmet, bilmedige — rowaýat»
    Rowaýatlar, hekaýatlar taryha gyzyklanma döretmekde, çylşyrymly wakalaryň ýordumyny sada dilde düşündirmekde öran täsirli edebi serişde. Şoňa görä-de, halk döredijiliginde bu ugra aýratyn üns berlip, ol nesil terbiýesinde has giňişleýin ulanylýar.
                                        * * *
    Biziň atalarymyz «Goňşy — goňşynyň görki hem köňül nagşy» ýa «Goňşyny goňşudan sora, ýamany — ýagşydan» ýaly ajaýyp nakyllary döredip, ýaş nesilleriň aňyna goňşy gadyryna ähmiýet bermegi öwredipdir.
    «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi»
    Men halypa-şägirtlik tejribesiniň ýaýylmagy barasynda döwlet dolandyryşy bilen bagly çykyşlarymda hem nygtaýaryn. Çünki özüňde baryny geljege geçirmek, dowamata galdyrmak her bir ussadyň öňündäki iňňän uly jogapkärçilikdir.
                                        * * *
    Gyzjagazlara ýumruk ýalylygyndan keser, darak ýaly iş gurallaryndan peýdalanmagyň usullary gulaklaryna guýulýar. Olar ýeňňeleriniň, öz mähriban käbeleriniň, aýal doganlarynyň, boýdaşlarynyň hereketini synlap, iş gurallaryna erk etmegi öwrenýärler. Şeýlelikde hem türkmen maşgalasynda ýaşajyk halyçynyň uly geljegi başlanýar. Halyçy üçin haly öwrenmek — asylly, edep-terbiýeli maşgala bolup ýetişmegiň ilkinji şertleriniň biridir.