Şanly senä — täze binalar!

    Hormatly Prezidentimiz 2-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze gurluşyklardaky işleriň barşy barada hasabatlary diňledi. Habar berlişi ýaly, şanly senä gabatlanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň 84-sini ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
    Ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin giň möçberli gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard manada golaýdyr. Oňa kärhanalaryň we fabrikleriň, hassahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, edara ediş binalarynyň, täze şäherçeleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy girýär. Bularyň ählisi watandaşlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär.
    2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz: «Biz göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzyň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik» diýip belledi. Geçen ýylda umumy meýdany 1,5 million inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy. Onuň netijesinde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýladylar.
    Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ugurda esasy dolandyryjy düzüm bolup durýar. 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň döredilmeginiň ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň möçberini artdyrmakdaky ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiz bu wezipäni çözmegi işläp gelýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegiň we täze zawodlary işe girizmegiň hasabyna üpjün etmegiň möhümdigini belleýär.
    Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, türkmen işewürleri iri senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary gurýarlar, täze obalary döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan telekeçilerimiz Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň we beýleki iri desgalardyr binalaryň gurluşyklarynda yhlasly işleýärler. Şäher gurşawyny meýilleşdirmek we durnukly ösüşiň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bu ulgamda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri dünýäniň iri şäherlerinde iş saparlarynda bolýarlar.
    Milli Liderimiz halkymyzyň has-da öndürijilikli işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň zerurdygyny, hyzmat ediş nokatlarynyň ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşmelidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň — elektrik we suw üpjünçilik, lagym hem-de suw akdyryş ulgamlarynyň gurluşygyna ilkinji nobatda üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu düzümleriň esasy gurluşyklar tamamlanmazdan ozal çekilmelidigini aýtdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny işleri toplumlaýyn we ylmy esasda guramagyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
    Döwlet Baştutanymyz Aşgabady bezäp, paýtagtymyzy has gözelleşdirmek jogapkärli çemeleşmegiň, şu maksatlar bilen, täzelikleriň hem-de ajaýyp bezeg çözgütleriniň ulanylmagynyň möhümdigini, durmuş maksatly desgalar bina edilende, milli binagärligiň däpleriniň hem-de häzirki döwürde bu ugurdaky ýagdaýlaryň sazlaşykly utgaşmalydygyny belleýär. Täze gurluşyklaryň binagärlik keşbine toplumlaýyn çemeleşip, bezeg öwüşginlerine hem-de yşyklandyryş ulgamyna uly ähmiýet berilmelidir.
    Häzirki wagtda Aşgabatda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek täze desgalaryň 27-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Olaryň hatarynda 1320 orunlyk 2 sany mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, saglyk merkezleriniň 3-si, jemi 2 müň maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-sy, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasy, ýylda 300 tonna demirden dürli bezegleri öndürýän kärhananyň hem-de beýleki desgalaryň 13-si bar.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Ahal welaýatynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň 16-sy, şol sanda jemi 
    4 müň 240 orunlyk mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk hassahana, 200 orunlyk şypahana hem-de önümçilik bilen baglanyşykly desgalaryň 8-si ulanyşa berler. Şol desgalaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre barabar bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, ýylda 150 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy, ýylda 720 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk toplumy, ýylda 80 tonna ýüplük öndürýän fabrik, demir-beton önümlerini öndürýän kärhana we beýlekiler bar.
    Balkan welaýatynda 3 müň orunlyk metjidiň, 50 orunlyk hassahananyň hem-de saglyk öýüniň, gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhananyň, ýylda 5 müň tonna gurluşyk garyndy serişdelerini öndürýän kärhananyň hem-de beýleki desgalaryň açylyşy şanly senä mynasyp sowgat bolar.
    Şu mynasybetli Daşoguz welaýatynda açyljak önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň 13-siniň gurluşygy dowam edip, olaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, maldarçylyk toplumy, 600 orunlyk orta mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 9-sy bar.
    Lebap welaýatynda şanly sene mynasybetli iri desgalaryň we binalaryň 11-sini — 600 orunlyk mekdebi, 232 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-syny hem-de çeper halyçylyk kärhanasyny, «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgany, alýuminden aýna we gapy öndürýän kärhanany, keramiki bezeg hem-de beýleki önümleri öndürýän kärhanany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
    Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynda 12 desgany — jemi 820 orunlyk mekdepleriň 2-sini, saglyk öýleriniň 2-sini, önümçilik maksatly desgalaryň 4-sini, şol sanda çeper halyçylyk kärhanasyny, ýylda 500 tonna süýt, 100 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumyny, ýylda 1200 tonna gök we bakja önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany, ýylda 3000 tonna uglerod öndürýän zawody, ýaşaýyş jaýlarynyň 4-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
    Görşümiz ýaly, gurluşyk toplumy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag we durmuş düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, eksport ugurly harytlary öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ägirt uly gurluşyk meýdanyny ýatladýan ýurdumyzyň sebitleridir, paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerýär.
    Geljekde bu pudakda ösüş depgini has-da artdyrylar. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gurluşykda geljekde jemi içerki önümiň mukdary 11,5 göterime çenli ýokarlanar. Umumy maýa goýumlaryň möçberi 229,3 milliard manada deň bolar. Şu döwürde 289 desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda hassahanalaryň 13-si, Saglyk öýleriniň 20-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 163-si, umumybilim berýän mekdepleriň 201-si, Medeniýet öýleriniň 16-sy, suw arassalaýjy desgalaryň 11-si, lagym arassalaýjy desgalaryň 13-si gurlar. Şeýle hem, umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Hassahanalaryň 17-si, Saglyk öýleriniň 22-si, çagalar baglarynyň 2-si we Medeniýet öýi döwrebaplaşdyrylar.
    Milli Liderimiziň gatnaşmagynda golaýda Türkmenabat şäherinde täze metjidiň açylmagy taryhy waka boldy. Ýokarda-da bellenilişi ýaly, şeýle metjit Balkan welaýatynda hem açylar.
    Nusgalyk obalary döretmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň çetki künjeklerini hem döwrebap ösdürmek, şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aýyrmak bilen bagly möhüm başlangyjydyr. Geçen ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge hem-de Wekilbazar etraplarynda, Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze obalaryň düýbi tutuldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda giň möçberli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Döwrebap ylmy gazanylanlaryň miwesi bolan bu taslamanyň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda, ikinji tapgyry 2022 — 2025-nji ýyllarda gurlar.
    Aşgabat şäheriniň özboluşlylygy hem-de giň gerimliligi bilen haýran galdyrýan desgalarynyň hatary barha artýar. Olaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy.
    Ýurdumyzyň şeýle iri taslamalary, gurluşyklary indi dünýä derejesinde äşgärdir. «Türkmengurluşyk», «Ak şäherim Aşgabat» ýaly halkara sergilerde Türkmenistanyň şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär.
    Hawa, gysga döwürde amala aşyrylan şeýle nusgalyk işler bilen ata Watanymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna mynasyp sowgatly barýar. Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalaryň bina edilişini, şolary zerur gurluşyk serişdeleri bilen doly möçberde, öz wagtynda üpjün etmek bilen birlikde, yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
    Diýmek, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygyň, abadançylygyň höziri, parahat durmuşymyzyň bezegi boljak bu binalaryň halkymyza hyzmat etjek günleri daşda däl. Olaryň batly depginlerde alnyp barylýan gurluşyklarynda uly üstünlikleri arzuw edip, gaýratly türkmen gurluşykçylaryna «Armaň!» diýýäris.