Bitaraplyk we ykdysady ösüş

    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryldy. Bu tötänleýin däldir, sebäbi şu ýylyň 12-nji dekabrynda halkymyz dünýä bileleşigi bilen birlikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Şonuň üçin hem şu ýylyň dowamynda bu senä bagyşlanyp köp sanly maslahatlar, çäreler geçiriler.
    Munuň aýdyň subutnamasyny hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň «Oguzkent» myhmanhanasynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen halkara maslahatdan hem görmek bolýar. Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz bitaraplyk ýyllarynda gazanylan üstünliklere köptaraplaýyn seljerme berdi we degişli netijeleri çykardy. Çykyşda ýurduň durnukly ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ýöne ýerden däl, sebäbi dünýä döwletlerinde dowam edýän syýasy ýagdaýlar dünýäniň ykdysady ösüşine özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär we onuň ösüş depginini peseldýär. Muňa garamazdan, hormatly 
    Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň çärýek asyryň dowamynda medeniýetde, ykdysadyýetde, halkara gatnaşyklarda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda gazanan ýokary netijeleri dünýä döwletleri üçin nusgalykdyr. Bu ýokary netijeler ýene-de bir gezek saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny, ylmy taýdan esaslandyrylandygyny ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.
    Sözümiz gury bolmaz ýaly, anyk mysallara salgylanalyň. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemlerine garaldy we 2020-nji ýylda öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
    Türkmenistanyň ykdysady ösüşi ýokary depginde saklanýar. Munuň şeýledigini esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejesinde saklanyp gelýänliginden hem görmek bolýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly, önümçilik meýilnamalary öz wagtynda doly derejede ýerine ýetirilýär. Bu öz gezeginde ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň deňeçerligini üpjün etmäge ähli amatlyklary döredýär.
    Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Çykdajylaryň esasy bölegi ilatyň durmuş ugruny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işjeňligini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özüne ýeterlik sebäbi bar. Bu ulgamyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy diňe bir ykdysadyýetiň goşmaça maliýe serişdelerine islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüşi hem üpjün edýär. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi 9,7 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 28,3 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karzlaryň möçberi 11,3 göterim ýokarlandy.
    Ykdysadyýetiň maliýe mümkinçiliginiň ýokarlanmagy ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmekde zerur bolan ähli şertleri döredýär. Ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasaty ýöredilýär. Ykdysadyýete goýulýan maýa goýumyň möçberi artyp, düzümi kämilleşdirilýär.
    Häzirki wagtda Maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýum goýuldy. Diňe 2019-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 
    1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Goşmaça 11 müň täze iş orny döredildi. Onuň netijesinde, ilatyň maşgala girdejisi artdy, ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlandy. Bu öz gezeginde «Döwlet adam üçindir!» diýen esasy ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçirilýän döwründe dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklar ýola goýulýar. Döwrebap ýokary netijeli çözgütler kabul edilýär. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Şeýlelikde Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen köpugurly, giň gerimli, taraplar üçin bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 47 sany abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şeýle toplumlaýyn işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy diňe bir milli ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsirini ýetirmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň ykdysady ösüşine hem oňyn täsir edýär.
    Dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň arasynda maýa goýum işine aýratyn orun degişlidir. Bitarap Türkmenistanda maýa goýum syýasatyna, aýratyn-da, daşary ýurtlardan göni maýa goýum çekmäge berilýän üns örän ýokarydyr. Munuň üçin ýurdumyzda daşary maýa goýum işleri barada halkara talaplara laýyk gelýän berk hukuk binýady we ykdysady amatlyklar döredilendir. Bu öz gezeginde ýurduň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.
    Onsoňam, ykdysadyýete daşary ýurtlardan çekilýän göni maýa goýumlar ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem ýokarlandyrýar, eksport mümkinçiligini artdyrýar, ekologiýa taýdan arassa, innowasion tehnologiýa esaslanýan täze zawodlary, fabrikleri gurmaga we müňlerçe goşmaça iş orunlaryny döretmäge, maşgala girdejisini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.
    Bitarap döwletiň ykdysadyýetine goýulýan uly möçberli, uzak möhlete niýetlenilen maýa goýumlaryň netijesinde, milli, sebit we halkara maksatly maýa goýum taslamalary işlenilip düzülýär we üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysalyny halkara derejede gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisinden ýa-da Ymamnazar — Akina demir ýolunyň dowamy bolan Akina — Andhoý demir ýol gurluşygyndan, şeýle hem gurlup, ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesinden we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça gurluşygy dowam edýän işlerden hem görmek bolýar. Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim ösdi hem-de 
    9 milliard manatdan hem artdy. Bu ýene-de bir gezek Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary kuwwatly döwlete öwrülýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Hemişelik Bitaraplyk berkarar döwletimiziň okgunly ösüşini we rowaçlygyny, bagtyýar halkymyzyň abadançylygyny we parahatçylygyny şertlendirýär.
    Şeýlelikde, türkmen ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna barha içgin aralaşýar we maliýe-bank ulgamynyň işjeňlik derejesi ýokarlanýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda halkara maliýe guramalar bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýulýar. Muňa Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky bar.
    Bitarap Türkmenistanyň halkara maliýe guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara maýa goýum taslamalarynyň maliýe üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ol taslamalaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üpjün ediler. Şeýle hem ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda hyzmatlaryň täze görnüşlerini müşderilere hödürlemek we sanly ulgama geçmek işini tizleşdirer.
    Şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan milletiň intellektual gymmatlyklaryny doly ýüze çykarmagy, dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-bilim ulgamy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagy üns merkezinde saklaýar we bu ugra uly möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle amatly şertleriň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilik berýär.