Mährem ýüregiň aýdymy

    Şahyryň «Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym» diýşi ýaly, biziň gelin-gyzlarymyz diňe bir görk-görmekde däl, eýsem, mähribanlygy, el hünärleri, ukyp-başarnyklary babatda hem bahar bilen bäsleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklige giň mümkinçilikler döredildi. 
    Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Zenanlar birleşiginiň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bilşimiz ýaly, bäsleşik «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça geçirildi. Oňa welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar hakda ýörite taýýarlanylan şekilli görnüşler dabara gatnaşyjylara görkezildi. Şeýlelikde, bäsleşige her ugur boýunça 6 zenan, jemi 40-dan gowrak zenan gatnaşdy. 
    Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen at boýunça Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň müdiri Perzana Babaýewa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge haly önümhanasynyň halyçysy Aýnagözel Suwhanowa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Dürjemal Çaňlyýewa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen 4-nji ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çaga reanimasiýasy bölüminiň reanimatolog lukmany Bahargül Ýazyýewa, «Berkarar döwletimizde harby-hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatyndan harby bölümiň gorag rota serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Arzygül Mämmedowa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Pürnüwar daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şabibi Gökiýewa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» Mary welaýatyndan Gurbanjemal Annagylyjowa ýeňiji boldular. Olara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. «Ýylyň zenany» bäsleşigi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny açyp görkezmekde, maşgala ojagyny berkitmekde, nesillerimiziň sagdynlygyny goramakda, olaryň halkymyzyň ruhy-medeni hem-de durmuş ykdysady ösüşlerinde goşýan saldamly goşandyny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň ýeňijileri ýaşamaga, döretmäge, gurmaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize özleriniň egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.