Parahatçylygyň we abadançylygyň ak ýoly

    1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygyny ykrar edip, ýörite Kararnama kabul etdi. Bitaraplyk türkmen döwletiniň daşary syýasatda gazanan ajaýyp üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ülňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr.
    Türkmenistanyň Bitaraplygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň gelip çykyşy boýunça ykrar edilendigidir. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi ýaly guramalar tarapyndan goldanylan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen tassyklanandyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny wagt ölçeginde çäklendirilmedik, hemişelik saýlanan, uruş we parahatçylyk döwürlerinde-de hereket edýändir. Mazmuny boýunça oňyn we netijeli häsiýete eýedir. Hili boýunça — esasly, dünýä bileleşiginiň öňünde Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny tutanýerlilik bilen maksadalaýyk ýerine ýetirmekligini aňladýar. Türkmenistan Bitaraplyk derejesini öz erk-islegine görä meýletin we parahatçylyk zamanasynda, özi hem hiç hili uruşlar bilen baglanyşyksyzlykda gazanandyr.
    Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan halkymyzyň taryhynda ýene bir şanly waka boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde 47 döwletiň awtordaş bolup, 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň Bitaraplygy barada ikinji gezek taryhy Kararnamany kabul etdi. Ol Kararnamada şeýle setirler bar:
    1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär;
    2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga hem-de onuň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini hormatlamaga täzeden çagyrýar.
    2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň we abraýynyň belende galandygynyň aýdyň we ajaýyp subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet boldy. Türkmenistanyň gazanan Bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýeti barada köp zat aýdyp bolar. Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, batly gadamlar bilen öňe gitmäge giň mümkinçilik açdy. Bitaraplyk biziň dünýädäki dostlarymyzyň, birgiden durmuş ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk edýän döwletlerimiziň sanynyň has köpelmegine, halkara işjeňligimiziň we abraýymyzyň artmagyna getirdi. 
    Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy köp ýurtlar üçin nusga alarlykdyr. Şu ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyçlary bilen birnäçe dünýä ähmiýetli Kararnamalary kabul edendigini aýratyn nygtap, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan taryhy Kararnamany kabul edendigini ýatlasymyz gelýär. 
    Görşümiz ýaly, ylalaşdyryjy merkeze öwrülen Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly işleri alyp barýar. Geçen 25 ýylyň içinde Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berdi. Bitarap döwletimiz dünýäniň 148 döwleti bilen diplomatik, 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar, 47 sany abraýly halkara guramanyň işjeň agzasydyr.
    Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlyklaryň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine ýardam etdi. Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň 25 ýylda bitiren hyzmatlary onuň abraýyna-abraý, derejesine-dereje goşdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygyna sebitde we halkara derejede durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berilýär». 
    Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşikdäki at-abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy we ýurdumyzyň halkara abraýy baradaky gürrüňimizi biz hormatly Prezidentimiziň ýakynda ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşyndan alnan bir parça bilen tamamlamaklygy makul bildik: «Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany ýöriteleşdirilen guramasyna agza saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň üstünligi hasaplap bolar. 
    Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we goşmagyny dowam edýär. Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi».