Hyzmatyň ýokary hili — döwrüň möhüm talaby

    Ýurdumyzda iň gymmatly baýlyk hasaplanýan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berilýär.
    Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem halkymyza ýokary derejeli hyzmat edýän merkezleriň biridir. 2016-njy ýylda açylyp, ulanylmaga berlen bu merkez häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryndan başarnykly peýdalanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin ylmy-barlag, amaly-usulyýet, maglumat seljeriş we barlaghana ulgamlary boýunça merkezi edara hökmünde halkymyza hyzmat edip gelýär.
    Merkezde referens barlaghanaly wirusologiýa, referens barlaghanaly parazitologiýa bölümleri, bakteriologiýa barlaghanasy, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin niýetlenen barlaghana, toksikologiýa barlaghanasy, radiasion gigiýena barlaghanasy, daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullar arkaly barlaglary bölümleri, iýmit önümleriniň barlagy bölüminiň düzümine girýän iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy, iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy we iýmit önümleriniň molekulýar-genetik hem-de immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçeleri, iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige alyş we bazarlardaky barlaghanalara gözegçilik bölümçeleri, maglumatlar we seljeriş, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa, ylym bölümleri, ylmy kitaphana, sport zaly, okuw merkezi hereket edýär. Merkeziň düzüminde göçme barlaghanaly awtoulag hem bar.
    Maglumatlary seljeriş we ylym bölümleri ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky barlaghanalary goşmak bilen, umumy barlaghana ulgamynyň, jemgyýetçilik saglygyna mümkin bolan töwekgelçilik bilen baglanyşykly meseleleri çaklamak we yzygiderli seljermek wezipelerini amala aşyrýar.
    Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap derejede sanjym we beýleki immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen ammaryň gurulmagy Türkmenistanda keselleriň öňüni almak boýunça milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli kämilleşdirilmegini şertlendirýär.
    Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde kesel dörediji mikroorganizmleri, wiruslary, parazitleri döwrebap enjamlar arkaly anyklamak we keseliň sebäplerini hem-de şol mikroorganizmleriň, wiruslaryň antibiotiki serişdelere duýujylygyny kesgitläp bermek, daşky gurşawyň faktorlaryny, döwletimizde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümleriniňdir azyklyk çig mallaryň hili hem-de howpsuzlyk görkezijilerine fiziki-himiki, toksikologik, radiologik barlaglar we beýlekiler tölegli usulda-da amala aşyrylýar.
    2018-nji ýylda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary, şeýle-de degişli halkara guramalar tarapyndan Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platforma esaslandyrylyp, 2021-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň platformanyň sekretariatyna başlyklyk etmegi we sekretariatyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde ýerleşdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.
    Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýardam bermeginde «FEEDCities» taslamasynyň çäklerinde iýmit önümleriniň düzüminde transýaglary we duzlary anyklamak boýunça ilkinji gezek barlaghana barlaglary amala aşyryldy.
    Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň BSGG-niň hyzmatdaşlyk merkezi derejesi babatynda ýerine ýetirilmeli işleriň iş resminamalary taýýarlanylýar we degişli işler alnyp barylýar. Halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň netijeleri boýunça Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine 2019-njy ýylyň sentýabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan «Dümew boýunça Milli merkez» diýen dereje hem berildi.
    2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit önümleriniň barlagy bölüminiň düzümine girýän iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy, iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy we iýmit önümleriniň molekulýar-genetik we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçeleri ISO/IEC 17025:2017 «Synag we deňeşdirme barlaghanalaryň başarnygyna bildirilýän umumy talaplar» halkara standartyna laýyklykda, akkreditasiýa boýunça Ýewropa hyzmatdaşlygynyň agzasy bolan «Latwiýanyň milli akkreditasiýa býurosy» Döwlet agentligi (LATAK) tarapyndan akkreditasiýalaşdyrylyp, degişli şahadatnama eýe boldy.
    Iýmit barlaghanalarynyň akkreditasiýalaşdyrylmagy alnyp barylýan wezipeleriň halkara derejede ykrar edilmegidir. Ol geljekde ol iýmit önümleriniň hilinedir howpsuzlygyna döwlet gözegçiliginiň, şol sanda barlaghana barlaglarynyň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam eder. Söwda-ykdysady ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäginde iýmit önümleri babatynda ýokary hilli hyzmatlaryň kepillendirilmegi üçin mümkinçilik döreder.
    Ýeri gelende belläp geçsek, 2019-njy ýylda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň binasynda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit gigiýenasy kafedrasy açyldy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda halkara akkreditasiýadan geçip, ykrar edilen iýmit barlaghanalarynda uniwersitetiň talyplarynyň okuw we iş tejribe sapaklaryny geçmegine uly mümkinçilik döredildi.
    Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde netijeli işleri alyp barýan merkezdir. Halkymyzyň saglygyny goramaga, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini, barlaghana gözegçiligini üpjün etmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!