Döretmek we gurmak bagty

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan senagat we gurluşyk pudaklary ylmy-innowasion taglymat esasynda diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilýär. Ägirt uly gurluşyklaryň mekanyna öwrülen ýurdumyz dünýäniň ösen senagat döwletleriniň hataryndan mynasyp orun aldy.
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn taryhy çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagynda, şol sanda gurluşyk we senagat pudaklarynda amala aşyrylan işler barada jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen täze döredilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, alnyp barylýan gurluşyklary özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
    Hormatly Prezidentimiziň binagärlik taglymatynyň netijeleri paýtagtymyz Aşgabatda amala aşyrylýan ýörite şähergurluşyk maksatnamasynda has aýdyň görünýär. Bu beýik işler ak mermerli paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.
    Geçen ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna baryp, welaýatyň täze nusgadaky merkezi şäheriniň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna ak pata berdi. Ol döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda tarpdan döredilýän ajaýyp şäherleriň biri bolar.
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli binagärlik-gurluşyk işleriniň taslamalaryny taýýarlamaga ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribeli mugallymlarynyň halypalyk etmeginde talyp ýaşlaryň gatnaşmalydygy barada tabşyryklary berýär. Şol tabşyryklardan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimizde meýilnamalaýyn işler ýola goýuldy. Taýýarlanylýan her bir taslamany ylmy taýdan esaslandyryp işläp düzmek maksady bilen, institutynyň fakultetinde ýaş alymlaryň merkezi döredildi. Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň binagärlik kafedrasynda döredilen «Ýaş binagär» ylmy-okuw merkezinde talyp ýaşlar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda sanly serişdeler arkaly iň häzirki zaman taslamalary işläp düzýärler. Ol taslamalaryň birnäçesi eýýäm durmuşa geçirildi we biziň buýsanjymyza öwrüldi. Olaryň hatarynda, paýtagtymyzda gurlan «Abadançylyk», «Alaw», «Dowamat» binalaryny agzap bolar.
    Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabady ösdürmek baradaky başlangyçlary bilen baglylykda, dürli edara-kärhanalar tarapyndan taslamalar taýýarlanylýar. «Akylly şäher» taslamasyny döretmegiň özboluşly, ajaýyp nusgasyna laýyklykda, gözel paýtagtymyzda 12 gatly jaýlar bilen bir hatarda, ilkinji gezek has ýokary — 35 gatly belent jaýlary gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslamany beýleki tekliplerden tapawutlandyrýan aýratynlyklar, onuň merkezinde ýerleşdirilen «Türkmeniň ak öýi» binasydyr. Şeýle hem taslamanyň bu görnüşinde şäher ýollarynyň, seýilgähleriň hem-de suw çüwdürimleriniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berlenligidir. Şu taslama döredilende, ýokary okuw mekdebimiziň tejribeli mugallymlary we talyp ýaşlary hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan hem-de gymmatly maslahatlaryndan ugur aldylar.
    Teklip edilýän taslamada häzirki zaman türkmen binagärliginiň esasy wezipeleri bolan özboluşly, täzeçil çözgütler beýanyny tapýar. Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän «sanly» şäheriň taslamalarynyň arasynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň milli saz gurallary görnüşindäki binalarynyň göz öňünde tutulandygy aýratyn bellärliklidir.
    Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşanda, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmek, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgelerini seljermek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, hususan-da, Gün energiýasyny ulanmak bilen bagly tehnologiýany giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýratyn belleýär.
    Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň dürli gurluşyk edaralaryndan düzülen topar bilen bilelikde, ýokary okuw mekdebimiziň tejribeli mugallymlarynyň we zehinli talyplarynyň birnäçesi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý, şeýle hem Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherlerinde iş saparynda bolup, şol ýerlerde toplanan öňdebaryjy tejribäni öwrendiler. Paýtagtymyzyň täze toplumynyň taslamasyny işläp düzenlerinde bolsa, iş saparlarynda öwrenen täzeliklerini ornaşdyrmagy başardylar.
    Ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň, desgalaryň taslamasyna-da işjeň gatnaşdylar we Ahal monumentiniň ylmy taýdan esaslandyrylan şekil taslamasyny işläp taýýarladylar. Onuň umumy beýikligi 40, ini 60 metrdir. Bu taslama özünde, ajap eýýamyň ösüşleri bilen bir hatarda, gadymy hem mukaddes Ahal topragynda beýik pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryny, hususan-da, türkmenleriň bäş müňýyllyk taryhynyň Oguz han türkmenden başlanýandygyny aňladýan nyşanyny, ak bugdaýyň sünbüllerini, türkmeniň baýlygy bolan pagtanyň ýaňy açylan gozasyny, gadymy Nusaýyň täsin tapyndylaryny — ritonlary we başga-da birnäçe gymmatlyklary özünde jemleýär. Ol ajaýyp seýilgähde ýerleşdiriler.
    Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň şekil taslamasy hem gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbine ýaraşyk berjek taslamalaryň biridir. Bu taslamalaryň her biri professor-mugallymlaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesidir zehinli talyp ýaşlarymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde taýýarlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp, durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara ediş binasynyň we futbol türgenleşik toplumynyň şekil taslamasy, şol federasiýanyň «Nusaý» we «Dagdan» futbol meýdançalarynyň durkuny täzelemegiň şekil taslamalary taýýarlanyp, degişli edaradyr kärhanalara teklip edildi. Şeýle ylmy-döredijilik üstünliklerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan beýik özgertmeleri, döredýän giň mümkinçilikleri, bildirýän belent ynamy bar.
    Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakynda gol çeken Karary bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň logiki dowamydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny halkara derejelere çykarmagyň möhüm infrastrukturasyny döredýän bu merkez, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen döredilýär.
    Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, taýýarlygyň ugurlary we hünärler boýunça okuw meýilnamalarydyr okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar. Institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portalynda ýerleşdirilen elektron maglumat gory yzygiderli baýlaşdyrylýar.
    Ýokary okuw mekdepleriniň bitewi elektron bilim portalyny döretmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
    Milli Liderimiziň «Açyk gapylar» syýasaty dünýä hojalygyna, şol sanda dünýäniň ösen bilim tejribesine goşulmaga giň mümkinçilik döredýär. Netijede, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli ylym-bilim hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.
    Häzir Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Russiýa Federasiýasynyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersiteti, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersiteti, Buharestiň Raýat gurluşygy tehniki uniwersiteti (Rumyniýa), Belarusyň milli tehniki uniwersiteti, Milanyň politehniki uniwersiteti (Italiýa), şeýle hem Kazan milli barlag tehnologik uniwersiteti ýaly dünýä belli ylym-bilim ojaklary bilen özara bähbitli halkara bilim hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Onuň çäklerinde ylym-bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary alyşmak, professor-mugallymlaryň tejribesini öwrenmek, teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, dersler boýunça edebiýat çeşmelerinden peýdalanmak ýaly netijeli işler alnyp barylýar.
    Hormatly Prezidentimiziň dünýä belli institutlar bilen hyzmatdaşlyk edip, hemişelik esasda daşary ýurtly hünärmenleri çekmek bilen, sapaklary guramak babatda berýän yzygiderli tabşyryklaryna laýyklykda, ýokarda agzalyp geçilen dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden tejribeli professor-mugallymlar çagyrylyp, institutyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy üçin yzygiderli okuwlar guralýar.
    Aşgabatdaky Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda institutda hereket edýän Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezi täze sanly enjamlar bilen döwrebaplaşdyryldy. Häzirki wagtda onuň nobatdaky, döwrebap barlaghana enjamlary bilen üpjün etmek tapgyry amala aşyrylýar.
    Bitarap ýurdumyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşleriň mekanyna öwren, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýollary açýan, ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy ösüşiň rowana ak ýollary bilen täze belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaç bolsun!