Heňňamlaryň hakydasyndaky miras

    Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar BMG-niň Baş sekretaryna Ýüzlenme kabul etdiler. Bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň resmi dillerinde çap edildi. Munuň özi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde täze derejelere göterilýändigini, milli Liderimiziň ählumumy başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenme tapýandygyny görkezýär. 
    Türkmenistan BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýup, onuň esasy düzümleri bilen alyp barýan işjeň gatnaşyklary barha ösýär. Şeýle köptaraply we köpugurly gatnaşyklar ykdysady-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeni-gumanitar, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýar. Bu babatda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar.
    2009-njy ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz bilen ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň arasynda duşuşyk bolupdy. Onuň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary alyp barmak we ösdürmek işiniň wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.
    Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen bu guramanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň netijesinde bolsa şol hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama-hukuk esasy döredildi. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çekdi we bu guramanyň doly hukukly agzasy boldy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde ÝUNESKO-nyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasy açyldy. 1996-njy ýylyň sentýabrynda Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi. Netijede, geçen döwrüň içinde ýurdumyz bilen bu guramanyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesi toplandy. 
    Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynda bilim maksatnamalaryny ylmy-tehniki ösüşiň depginlerine laýyklykda üýtgetmeklige gönükdirilen barlaglaryň we çäreleriň ähmiýeti barha artýar. Şu jähetden, Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň bilimiň milli ulgamyny özgertmek işinde işjeň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem giňeldilmegi biziň ýurdumyza bu babatda iň gowy daşary ýurt tejribesini has çuňňur öwrenmäge we şol tejribäniň peýdaly taraplaryny ýurdumyza ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ÝUNESKO-nyň tehniki we bilermenlik ýardamy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ylmy-tehniki kömek bermek, ýurduň medeni-taryhy ulgamyny öwrenmek, oňa gözegçilik etmek we maglumatlary rejelemek boýunça bilelikdäki işleriň uly topary amala aşyryldy. Bu ugurdaky maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi bolsa asylly däbe öwrüldi.
    Türkmenistan gadymy taryhy, özboluşly we özüne çekiji medeniýeti hem-de gaýtalanmajak ekologik ulgama eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Özüniň taryhy we tebigy baýlyklary bilen biziň ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşýar. Şunlukda, türkmen halkynyň gaýtalanmajak taryhy we medeni mirasyny hem-de onuň milli tebigy baýlyklaryny dikeltmek, gorap saklamak we olaryň mazmunyny köpçülige ýetirmek işi döwlet ösüşiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. 
    Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz: «BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemek bilen, bu ugurdaky ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi. Şeýle hem ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýändigini nygtady. 
    ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakyndaky» Konwensiýasyna laýyklykda, şu güne çenli Türkmenistanyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň müňden gowragy bellige alyndy. «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary» bolsa umumadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmekde, olaryň iň mynasyp nusgalaryny bu iri halkara guramanyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşmakda hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi möhüm işleri alyp barýar. Gahryman 
    Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň taryhy-durmuş tejribesi esasynda döredilen milli-ruhy mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyny artdyrýar. Olaryň hatarynda «Görogly» dessançylyk sungatyny», «Nowruz baýramyny», «Küştdepdi aýdym we tans dessuryny», «Türkmen milli halyçylyk sungatyny» görkezmek bolar. Munuň özi Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýol açýar. 
    Biz hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyz hakynda aýry-aýrylykda söz açýan makalalaryň toplumyny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.