SÖZLÄBILSEŇ, ÝAGŞY SÖZLE...

    Hormatly Prezidentimiz 11-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda çuňňur manyly çykyş etdi. Munuň özi milli Parlamentiň işiniň esasy ugurlaryny anyklaşdyrýan çykyş boldy. Milli Parlamentiň işi bolsa, elbetde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşy, ýurdumyzdaky taryhy özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüşler, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, at-abraýy, şular bilen birlikde, elbetde, ylym-bilimi, medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Milli Liderimiz iň möhüm meseleler hakynda aýtdy. Şolaryň hatarynda milli mirasymyz, milli medeniýetimiz, edil şonuň ýaly, ruhy we dil medeniýetimiz, medeniýetli sözlemek hakynda aýdylanlar hem bar. Olar juda ähmiýetlidir, has dogrusy, milletiň Lideri, döwletiň Baştutany tarapyndan aýdylandygyna görä, aýratyn gymmata eýedir. 
    Ýaş nesillerimize medeniýetli sözlemegi hemmetaraplaýyn öwretmek! Halkymyzyň ruhy we dil medeniýetini ösdürmek! 
    Bular barada aýdanda, Gahryman Arkadagymyz çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim-terbiýe ojaklarynda ýaş nesillerimize türkmen dilini we edebiýatyny, milli ruhy mirasymyzy düýpli öwretmäge, olary milli medeniýetimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge ünsi çekdi. Görnüşi ýaly, dil medeniýetini ösdürmek meselesi bu medeniýetiň iňňän möhüm, örän dury çeşmesi bolan dil we edebiýat derslerini, ruhy medeniýetimizi, mirasymyzy öwrenmekden aýry bir zat däl. Maşgalanyň, jemgyýetiň bütin ýagdaýyndan täsirlenişi, şonuň bilen terbiýelenişi ýaly, nesiller milli dilimizden, edebiýatymyzdan, tutuş milli medeniýetimizden täsirlenýärler, şonuň bilen terbiýelenýärler, kemala gelýärler. Beýleki bir tarapdan, maşgalanyň, jemgyýetiň ýagdaýy milli dilimiziň, edebi-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mirasymyzyň öwrenilişi, sarpalanylyşy, ösdürilişi bilen aýrylmaz baglanyşykly.
    Gürlemek ukyby, sözlemek endigi, sözleýiş aýratynlygy adamlaryň her birine berlipdir. Muny özüňde terbiýelemek, ösdürmek welin, bu ugurda işleýän adamlaryň tagallasyndan hem başga, her kimiň özüne bagly.
    Türkmen dili — örän baý dilleriň biri. Pikiri, duýgy-düşünjäni beýan etmäge ol örän giň mümkinçiliklere eýe. Dilimize juda belet, örän sowatly, dilewar adam üçin hem onda ömürboýy öwrenmäge baýlyklar näçe diýseň bar. Hatda dilçi, edebiýatçy alymlaryň uly-uly nesilleri ýyllardan-ýyllara, asyrlardan-asyrlara öwrenip hem, onuň syrlarynyň aňyrsyna çykyp bilen däldirler. 
    Ýönekeý bir mysal hemmelere mälimdir: bir düşünjäni birnäçe manydaş sözüň, dürli öwüşginli, dürli tärli, aýlawly hem göçme manyly sözleriň üsti bilen aňlatmak mümkin. Ýa-da şol bir söz dürli ýagdaýda dürli manyny, hatda onlarça manyny bermäge hyzmat edýär. Olary ulanmagy başarmagyň özem uly bir medeniýet, ylym, düşünje, sowatlylyk, edeplilik we ýene köp zat. Şunda, iň bärkisi, olary ýerine görä, täsirliligine görä ulanmagy başarmak hem özboluşly sungat. Sözleýiş medeniýeti her bir sözüň manysyna dogry düşünmegi, dil serişdelerini ýerlikli ulanmagy, edebi dili kämil bilmegi, şoňa görä ýazmagy, gürlemegi talap edýär. 
    Söz sungatyna hemişe uly sarpa goýan halkymyz bu sungaty belende göteren şahsyýetleriň atlaryny, eserlerini dilden-dile, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Şeýdip halkymyz öz dilini, öz edebiýatyny, öz medeniýetini, özara gatnaşyklarda, beýleki halklar bilen gatnaşyklarda adamkärçiligi saklap gelipdir.
    Dilewarlyk sungaty hakynda kelam agyz. Dilewarlyk biziň halkymyzda juda irki döwürlerden bäri meşhur. Dilewar adamlara suhangöý (ýa-da suhanwer) hem diýipdirler. Edil häzir Magtymgulynyň: 
    «Suhangöýler — märekede,
    Jomartlar aşda bellidir»
    diýen setirleri ýadymyza düşýär.
    Elbetde, ýokary derejedäki dilewarlyk hemme adama berilmeýär, munuň üçin tebigy zehiniň gerekdigi düşnüklidir. Ýöne welin sowatlylyk, salyhatlylyk, sypaýylyk, süýji dillilik, medeniýetli sözlemek, ýerini bilip sözlemek ýaly köp ajaýyp taraplary, gowy häsiýetleri bilen tanalmagy her kimiň özüne bagly bolup biler. Bular bize ata-babalardan sargyt ýaly bolup eşidilýär. Şu babatda-da olaryň aýtmadyk zady ýok: «Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Dil bilen nöker — bal bilen şeker», «Dil gylyçdan ýiti», «Diliň sakasy ýürekde bolar», «Sözlemezden öň düýbüni oýla», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?»...
    Magtymguludan hem mysal getirip bileris:
    «Aklyň bolsa, söz aýtmagyn
    Nobat berilmegen ýerde».
    Çeper eserleri köp okamagyň söz baýlygyňy artdyrmak, sözleýiş medeniýetiňi ösdürmek üçin, şonuň bilen birlikde edepli, medeniýetli, akylly-başly, köp zatdan habarly adam bolmak üçin zerurdygy ýokarky mysallarda aýdylýan, ündelýän pikirlerden hem düşnüklidir.
    Serediň muňa! Medeniýetli sözlemek, dil medeniýeti hakynda söhbet açyp, biz ynsan ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna, ähli meselelerine aralaşyp barýarys. Eýsem näme? Dil, edebiýat — munuň özi ähli zat, tutuş durmuşyň çarhy Onuň Alyhezretleri Dil bilen aýlanýar, durmuşyň ähli meseleleri, ähli gymmatlyklary Onuň Alyhezretleri Edebiýatda şöhlelenýär. Eneleriň hüwdülerinden başlap, şygryýetiň hem kyssanyň dürli görnüşleriniň bütin gözelligi olaryň adamzada güneşden ýagty, almazdan ýiti sözleri peşgeş berýändigindedir, ol sözleri netijeli ulanmak endigini peşgeş berýändigindedir, ýaradylyşyň gözbaşlaryndan başlap, şu günüň, geljegiň ähli meseleleri hakynda özbaşdak oýlanyp bilmek, netije çykaryp bilmek nygmatyny peşgeş berýändigindedir we ýaşaýşyň dogry, kämil ugruny salgy berýändigindedir. 
    Ýagşy sözüň adamy ganatlandyrýandygy, oňa güýç eçilýändigi, sowan göwni ýyladýandygy, ýene köp peýdalary hakynda pikir edip görüň! «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýen sözüň manysyny tiriň — örän howply, ýaramaz duşmanyň hem ýagşy sözden ýagşylyga imrinýändigi hakynda pikir ediň! Ýaman sözüň, ýerliksiz sözüň, ölçerilmän aýdylan sözüň adama nähili täsir edip biljekdigi hakynda pikir ediň! Lukmanlaryň näsagy ýagşy söz bilen bejerýändigi hakynda-da oýlanyň! Alymlar, tejribeli adamlar ýagşy söze diňe ynsanyň däl, haýwanyň hem düşünýändigini aýdýandyrlar. 
    Ata-babalarymyz: «Söz — açar» diýipdirler. Diýmek, ýeri bilnip, ähli taraplary seljerilip aýdylan söz islendik ýapyk gapyny açyp biler, islendik düwni çözüp biler! Ok-ýaragyň bitirip bilmejek işini bitiren Şükür bagşynyň sazy! Munuň özi hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY!
    Dil — özara gatnaşyklaryň, döwlet syýasatynyň, halkara gatnaşyklaryň iň möhüm serişdesi. Hormatly Prezidentimiz sakasy ýürekde bolan gudratly sözi bilen ynsan ýaşaýşynyň täze ýollaryny açýar, dünýä parahatlyk, dost-doganlyk, ynanyşmak, ysnyşmak, hyzmatdaşlyk, ösüş nuruny çaýýar. Bu ýol öz uzak-uzak taryhynda köp gowgalary gören, köp tejribeleri toplan adamzat üçin iň dogry, iň kämil ýoldur!
    Az sözlülik, ýerini bilip sözlemek, az sözde köp many, uly many aňladyp bilmek. Sözi öz manysynda, dogry ulanmak. Toý ýeriniň, beýleki ýerleriň ýagdaýyna düşünmek. Her ýerde öz sözüňi aýtmagy başarmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, maslahatlarda, duşuşyklarda, ýygnaklarda çykyş etmek. Türkmen dilinde gowy gürläp bilmek, gowy ýazyp bilmek, ýazuw medeniýetini, türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny saklamak, çeper dil, publisistik stil, gepleşik stili, ylmy stil, resmi iş kagyzlary... Bularyň hersi öz ornunda söz medeniýetiniň inçe syrlaryna beletligi, suhanwerligi, sowatlylygy, düşünjeliligi, dili hemmetaraplaýyn özleşdirmegi talap edýär. Görnüşi ýaly, giden bir ylym, giden bir medeniýet...
    Dil hem medeniýet. Dil hem sungat. Edebiýat hem sungat. Edebiýat hem medeniýet. Bular biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly. 
    Diliň dogry hem kämil ulanylmagynyň aýdym-saz sungatynda nähili uly ähmiýete eýedigi hakynda, gysgajyk hem bolsa, durup geçesimiz gelýär. Eger-de aýdymçy halk aýdymlaryny, ýagny her sözi halkyň aňyna, ýüregine ornan şol aýdymlary ýerine ýetirende, sözlerini ýoýman aýtsa, manyny dogry berer ýaly edip aýtsa, munuň özi aýdymyň lezzetidir, aýdymçynyň abraýydyr. Şeýle aýdymlary diňläp, halkymyz öz medeniýetine, sungatyna, söz ussatlaryna guwanýar. Bu milletiň mizemezliginiň bir sütünidir. Şeýle aýdymlary diňläp, türkmen diline azu-kän düşünýän, onuň näme hakynda «saýraýandygyny» aňýan beýleki halklaryň wekilleri hem, bir söz bilen aýtsak, türkmen medeniýetine ýakynlaşýarlar. Ine, özüňi ykrar etdirmegiň, dünýä ýaýylmagyň, halklary özüňe ýakynlaşdyrmagyň iňňän möhüm bir ýoly! Diňe halk aýdymlary däl, häzirki zaman aýdymlary aýdylanda-da aýdymyň sözleriniň manylylygy, ýerli-ýerindeligi, sazlaşyklylygy, hemmetaraplaýyn kämilligi zerur. Bu, ozaly bilen, aýdymy we aýdymçyny, ýönekeý diňleýjilerden başlap, sazy, sözi, hereketi içgin yzarlap oturan diňleýjilere çenli, hemmeleriň ykrar etmegi üçin, netijede, dilimizi, medeniýetimizi dünýä ýaýmak üçin zerur. Aýdymçynyň zehinini, sesini, zähmetini jaý ýerinde, akylly-başly, kämil ulanmagy diýmek hem, ilkinji nobatda, şundan ybaratdyr. 
    Şahyr goşgy ýazanda, sözleýji sözlände, aktýor sahna çykanda, aýdymçy aýdym aýdanda... öz halkynyň adyndan orta çykýar. Halkynyň dilini, halkynyň keşbini, halkynyň medeniýetini, döredijilikli zähmetini görkezýär. 
    Şu ýerde ýene bir möhüm zat — edebi dil hakynda agzap geçeliň! Edebi dil — umumyhalk diliniň işlenen görnüşi. Ol köpçüligiň döredijilikli tagallalarynyň netijesinde kemala gelýär. Diýmek, ol halkyň baýlygydyr. Halkyň ösen, baý edebi diliniň bolmagy onuň ösen, baý medeniýetiniň bardygyny aňladýar. Başgaça aýtsak, halkyň ösen, baý edebi dili bolmazdan onuň ösen, baý medeniýeti bolup bilmez. Bu ykrar edilen hakykatdyr. Halkyň diline sarpa goýmak, halkyň edebi diline sarpa goýmak halkyňa sarpa goýmakdyr, şol dili döwlet dili derejesine göteren berkarar döwletiňe sarpa goýmakdyr.
    Näçe aýtsaň aýdybermeli, pikiri näçe çuňlaşdyrsaň çuňlaşdyryp, giňeltseň giňeldibermeli. Biz bolsa, häzirlikçe, sözümizi jemlemekçi we şeýle diýmekçi:
    Dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz — bu biziň özümiz. Biz sözümiz bilen özümizi açýarys. Düşünjeli, medeniýetli, kämil sözleýşimiz bilen düşünjeli, medeniýetli, kämil ýaşaýşymyzy açýarys. Adamzadyň gözi hem, göwni hem iň gowy zatlarda. Iň gowy boluşlarymyz bilen özümizi ýene we ýene beýgeltmäge, adamzadyň ünsüni ýene we ýene özümize çekmäge bizde hemme mümkinçilikler bar.
    Kämil dil öz halkyňa, öz medeniýetiňe, diýmek, özüňe, öz döwletiňe ynamy berkidýär. Kämil dil milletiň we döwletiň iňňän ygtybarly wagyzçysydyr. Kämil dil milletiň we döwletiň iňňän ygtybarly goragçysydyr. Kämil dil milleti we döwleti öňe alyp gitmegiň, ösdürmegiň iňňän ygtybarly serişdesidir.