Giň mümkinçilikler, hyzmatdaşlyk, ösüş 

    Ozal habar berlişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňi düýn, 25-nji fewralda hem öz işini dowam etdi. Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan iri nebit-gaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekillerini bir meýdança jemlän bu göçme forum Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän konsernlerdir korporasiýalaryň wekilleri üçin ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri hakynda giňişleýin maglumat almaga we özara gepleşikleri geçirmäge netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. 
    Bize Dubaýdaky göçme foruma gatnaşan kärdeşlerimiz bilen habarlaşyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňiniň geçişi, oňa gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň pikir-garaýyşlary bilen gyzyklanmaga mümkinçilik döredi. 
    Mälim bolşy ýaly, 24-nji fewralda Dubaý şäherindäki «Hyatt Regency Dubai Creek Heights» myhmanhanasynda «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahat we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly mejlis geçirildi. Olarda Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň ösüşi, ykdysadyýeti köpugurly ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek we oňa maýa goýumlaryny çekmek ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy. 
    Göçme foruma dünýäniň nebit-gaz bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyňdyr korporasiýalarynyň wekilleriniň 200-den gowragynyň gatnaşandygyndan çen tutsak, onda onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça netijeli gepleşikleriň geçirilendigini aýtmak bolar. Şundan ugur alyp, Türkmen-britan işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy Ronald Naşyň: «Türkmenistan özüniň adam mümkinçiliklerini hem-de tebigy baýlyklaryny sebitde we onuň çäginden has uzaklarda parahatçylygy, durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksadyna gönükdirýär. Ýurduň Owganystana kömek bermek boýunça edýän tagallalary munuň aýdyň delilidir. Tutuş dünýä derejesinde Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça yzygiderli gepleşikleriň geçirilýän döwründe Türkmenistan bu meselä özboluşly garaýyşdyr hereketler arkaly çemeleşýär. Türkmenistan owgan halkynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak ugrunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi ýaly iri taslamalary durmuş ýüzünde amal edýär. Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde yzygiderli ugratmak, ulag-üstaşyr geçelgeleri gurmak arkaly, owgan önümleriniň Ýewropa bazarlaryna çykarylmagyna önjeýli goşant goşýar. Bu ynsanperwer syýasat owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň galkynmagyna, ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna örän uly goşantdyr» diýmek bilen, TOPH gaz geçirijisiniň tutuş sebitiň bähbidine gönükdirilen taslamadygyna aýratyn ünsi çekmegi bellärlikli ýagdaýdyr. Çünki göçme forumyň çäklerinde guralan halkara maslahatyň esasy wezipeleriniň biri TOPH taslamasynyň gurluşygyna daşary ýurtly maýadarlary çekmek bilen bagly bolup durýar.
    Russiýanyň «Gazprombankynyň» Şweýsariýadaky wekili Aleksandr Krasnoselskiniň Dubaýdaky göçme forumyň netijelerini kanagatlanma bilen belläp: «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňiniň çäklerinde guralan çärelerdir maslahatlar ýurduň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga we türkmen tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge şert döretdi. Forumyň ikinji gününde özleşdirilýän nebit-gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak hem-de maýa goýum taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we marketing ýaly meseleler boýunça pikir alyşdyk. Bu göçme forumyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe. Biziň bankymyz beýleki döwletlerden Ýewropa ýurtlaryna we dünýä döwletlerine iberilýän önümleri maliýeleşdirmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Esasan, nebit we gaz, mineral dökünler pudagynda söwda işlerini amala aşyrýan taraplar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýäris. TOPH taslamasy bizde uly gyzyklanma döretdi. Geljekde bu taslamany maliýeleşdirmek boýunça täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýäris» diýmegi bolsa, hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan iri nebit-gaz taslamalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde, hususan-da, uglewodorod serişdelerini maliýeleşdirýän maýadarlarda uly gyzyklanma döredendigini dolulygyna subut edýär.