ÄLEMI AÝLANÝAN AK GUŞ

    («Türkmeniň taýsyz taglymy» syýasy-publisistik toplumyndan)
    Biziň döwletimiziň halkara gatnaşyklarda bitarap syýasat ýöretjekdigi baradaky pikir ilkinji gezek Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň konferensiýasynda ýaňlanypdy. Türkmenistan 1995-nji ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň Baştutanlarynyň Yslamabatdaky duşuşygynda özüne bitarap döwlet we Aziýada ylalaşdyryjy merkez hukuk derejeleriniň berilmegi baradaky teklip bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň bu teklibi Goşulyşmazlyk hereketine agza bolup durýan 113 döwletiň wekilleriniň Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen maslahatynda giňişleýin goldaw tapdy. Bu arzuwymyzyň hasyl bolmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynyň 1995-nji ýylyň 23-nji oktýabryndaky mejlisiniň hem ähmiýeti uly bolupdy. 
    1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan sene boldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar etmek we goldamak baradaky Rezolýusiýany kabul etdi. Milletler bileleşigine agza 185 döwletiň biragyzdan tassyklan bu resminamasy Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdigini dünýä jar etdi. Şol gün Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky bu ýörelgesi resmileşdirilip, kanunlaşdyryldy. Şeýlelikde, türkmeniň ganynda bar ruhy-ahlak häsiýetiniň, arzuwynyň wysaly dünýä doldy.
    Merkezi Aziýa Zeminiň adamzat medeniýetiniň sallançagy diýlip atlandyrylýan sebitleriniň biridir. Biziň halklarymyz gadymy taryhyna, baý medeni mirasyna guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyr. Merkezi Aziýada dünýä ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik alymlar, pelsepeçiler, şahyrlar ýaşady we ölmez-ýitmez eserleridir taglymlary döretdi. Bu ýerde ylym we senetçilik, söwda hem-de sungat gülläp ösdi. Biziň sebitimiz asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropanyň, yslam hem hristian dünýäleriniň arasynda birleşdiriji köpri boldy. Şu topragyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografiýa, ykdysady taýdan däl, eýsem, ruhy nukdaýnazardan hem Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdiriji köprä, adamzadyň bitewüliginiň iň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
    2014-nji ýylda 290 ýyllyk ýubileýi dünýä derejesinde bellenen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri miras goýupdyr:
    — Hor galmasyn puştba-puşdum,
    Berkarar döwlet islärin.
    Ýa-da ynha, halkymyza mahsus gylyk-häsiýetleriň hemmesini özünde jemläp, milli gahryman derejesinde orta çykyp, halk hakydasynda hemişelik galan Görogly begde:
    — Bir garyp aglap duranda, 
    Ýanynda gülüji bolma —
    diýen setirler bardyr.
    Türkmeniň ajaýyp şahyrlarynyň biri Mollanepesdäki şu setirleri ýada salyp görüň:
    — Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
    Ol birine gep berip, ol birine al berme!
    Türkmenler hemişe — öňem, şu günem uruş, zorluk etmegi, urşy wagyz etmegiň, güýje baýrynmagyň özlerine ýat hadysalardygyny kanagatlanma bilen belleýärler. Taryha ser salanymyzda, Hindistanda Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyrmaga saldamly goşant goşan, «Hanlar hany» diýen belent ada mynasyp bolan Baýram han Türkmeniň: «Ýeňmek başarnygy, parahat we ylalaşykly ýaşaşmak başarnygyna garanyňda, hiç zatdyr» diýen sözleri munuň hakykatdanam şeýledigine şaýatlyk edýär.
    Ine, türkmen Bitaraplygynyň ahlak hem taryhy kökleri şeýledir. Iki sany uly yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä görkezdi.
    Biziň topragymyzda birmahallar meşhur bolan Parfiýa patyşalygy, ägirt uly Seljuklar imperiýasy, Ürgenç imperiýasy we beýleki döwletleriň ençemesi ýerleşdi. Olar özünden soň örän gadymy siwilizasiýalaryň köp sanly ýadygärliklerini galdyrdylar. Şol ýadygärlikler geçmişde beýik sepgitlere ýetilendigine, sebitiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. 
    Türkmenistan tebigy täsinliklere, şeýle hem gadymyýetiň taryhy ýadygärliklerine örän baýdygy bilen hemişe haýran galdyrypdyr. Amul, Merw, Köneürgenç, Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Maşady-Misserian ýedi ýoluň çatrygynda bolup, agyr kerwenleri üstlerinden geçiripdirler. Dürli döwürlerde täsin ymaratlar gurlupdyr. Iň uly buýsançly hakykat — Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen ýurdundan geçen bölegi hemişe howpsuz hem ygtybarly bolupdyr. Şol sanawa ýene köp ýerleriň adyny, mysal üçin, Änewi, gadymy Dehistany, Köýtendagyň täsin gowaklaryny, dinozawrlaryň platosy, Bathyz, Garagum sährasy, Hazar deňziniň kenar ýakasy ýaly ýerleriň we heniz öwrenilmäge hem-de barlanylmaga degişli bolan ençeme beýleki ýerleriň atlaryny goşmak bolar. Türkmenistan tutuşlygyna alnanda, syýahatçylarda hem, alymlarda hem uly gyzyklanma döredýän gadymylyklaryň hazynasydyr. 
    Türkmen topragy nebite we tebigy gaza örän baýdyr. Nobel baýragyny esaslandyran jenap Nobeliň özi Hazar deňziniň kenar ýakasyndan ýeriň ýüzünde toplanan nebiti ýygnap, satmak üçin Kawkazyň üstünden Ýewropa ugradypdyr. 1874-nji ýylda Çeleken ýarymadasynda ýaşaýan türkmenler doganlar Alfred hem Lýudwig Nobellere, şeýle-de senagatçy Plaşkowskä 20 — 25 ýyllyk möhlet bilen nebit guýularyny kärendesine berýärler. Şeýdibem, türkmen ýurdunda «gara altynyň» senagat esasynda çykarylyşy başlanýar. Has anygy, nebit guýularyny burawlaýan hem-de önümi çekip çykarýan gurallar işe girizilýär. XX asyryň ahyrynda giňişleýin gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi bitaraplyk syýasatyna öwrüldi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu hakykat dünýä taryhynda ýeke-täkdir. Şu aýratyn derejäniň netijesi hökmünde ýurdumyz BMG-niň jar eden halkara hukugynyň ýörelgelerine eýerýär, hiç hili harby birleşiklere gatnaşmaýar hem-de beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaýar. BMG-niň işine gatnaşmaga örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşýär, bu iri halkara gurama tarapyndan jar edilen köp maksatnamalary işjeň goldaýar. Üçünji müňýyllykda bitaraplyk ýörelgesi Türkmenistany Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä syýasatynda belent derejelere göterýär. Bu taryhy hakykat üýtgewsizdir.
    Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri babatda açykdyr. Şunda birek-birege hormat goýmak we dostlukly ýagdaýlar esasy ölçegdir. Dünýäde ýüze çykýan islendik ýagdaýlary kadalaşdyrmakda hut syýasy-diplomatik serişdeleriň esasy ýörelge bolmalydygyna berk ynanmak bilen, daşary syýasat maksatnamalaryna ýetmegiň guraly hökmünde harby güýji Bitarap Türkmenistan doly ret edýär. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi ilerledýän güýji, şeýle hem döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklarda üýtgewsiz ýörelge hasaplaýar. Bu hakykatyň dogrudygyny hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk tejribesi kemsiz subut etdi. Türkmenistan häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 150-sine gatnaşýar. Olaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen konwensiýalaryň 130-dan gowragy bar. Ösen dünýäniň talaplary hem-de umumadamzat bähbitleri üçin wajyp hasaplanýan energetika, ulag-kommunikasiýa, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy ýaly meselelere dahylly halkara konwensiýalara we şertnamalara goşulyp, Türkmenistan soňky ýyllarda bu meselelere işjeň gatnaşýar.
    Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça 13 sany Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 
    Häzir Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ençemesi bilen dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar we bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine sebitiň bäş ýurdunyň goldamagynda, 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar.
    Geçen 25 ýylyň içinde çalt özgerýän dünýäde syýasy, ykdysady, ruhy-jemgyýetçilik gatnaşyklary babatda uly özgerişlikler bolup geçdi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklara giň ýol açdy. 
    Geçen 25 ýylyň içinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky teklipleri birnäçe gezek öňe sürdi. Häzirki wagtda «Dünýä ykdysadyýeti tigirleriň üstünde aýlanýar» diýlen söz ýörgünlidir.
    Dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de berk ýola goýulmagyna gös-göni täsirini ýetirýän ählumumy yzygiderli ösüşde ulag-logistika ulgamynyň wajyplygy düşnüklidir. Biziň döwletimiz şu ugurdaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça işjeň garaýşa eýerip, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup durýan döwletleriň biragyzdan goldamagynda bu iri halkara guramanyň Baş Assambleýasynda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýeti hem diýseň uludyr. 
    2014-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky waka taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün üç döwletiň — Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy bolupdy. «Asyryň taslamasy» ady bilen taryha giren bu gurluşyga 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bereket şäherinde badalga berlipdi.
    Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň diňe bir Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, Ýewropa yklymy üçin-de ähmiýeti örän uludyr. Ol yklymara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny XXI asyra mahsus derejede ösdürmäge uly ýardam edýär. Bu halkara polat ýol dünýäniň onlarça döwletleri üçin iň amatly, ykdysady taýdan bähbitli möhüm üstaşyr geçelgä öwrüldi. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi dünýä döwletleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça demir ýol gatnawlaryny täze derejä göterýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk babatda ýollaryň gysgalmagyna, gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna itergi berýär. Netijede, sebitara haryt dolanyşygynyň düýpli artmagyny üpjün edýär. Ykdysady gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan, kerwenleriň köp gatnaýan ýerinde parahatçylygyň berkeýändigini, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny taryh görkeze-görkeze gelýär.
    Ýene-de bir giň gerimli taslama — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna sebitdäki gury ýerde ýerleşýän döwletleri iri halkara bazarlara çykarmak bilen baglylykda juda ýokary baha berilýär. Häzir bu taslama «Merkezi Aziýa geçelgesi» diýlip atlandyrylýar. Hakykatdan-da, Merkezi Aziýa sebitinde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bu taslamanyň işe girizilmegi bilen günorta-gündogarda Pakistanyň, gündogarda Hytaýyň, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde Hazar deňziniň üsti bilen birleşip, Ýewropa tarap sebitara gatnawlaryň täze bir ugruny ulanyşa girizer. Munuň özi Aziýa — Ýewropa ulag-logistika geçelgesiniň «altyn halkasyny» döretmek diýmekdir. 
    Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistan täze ulag-logistik geçelgeler babatda diýseň wajyp başlangyçlardyr teklipleri, düýpli taslamalary öňe sürýär. Muňa Hazar kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty anyk mysaldyr.
    «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda açylan täze deňiz porty juda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Portuň umumy meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. 20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deňdir, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
    Täze toplumyň düzüminde parom, ýolagçy we konteýner terminallary, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody guruldy. Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär. Deňiz portunyň tehniki aýratynlygy barada aýdylanda, ol iň häzirki zaman programma-enjamlaýyn toplumlary bilen üpjün edildi. Munuň özi nawigasiýanyň we ýük gatnawlarynyň, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolup durýar. Portuň demir ýol duralgasy 450 wagona niýetlenip, bu ýerde gije-gündizleýin ýükleýiş-düşüriş işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilikler bar. 
    Şeýlelikde, Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag-logistik düzümi döredi. Indi goja Hazar Ýewraziýa giňişliginiň täze «deňiz derwezesi» bolup, abadançylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň zamanabap nusgasyny dünýä ýaýýar.
    Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek bilen baglanyşykly taslama geljekki ösüş strategiýasy üçin juda möhümdir. Ol häzirki zaman yklymlaýyn ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde oňa gatnaşyjy döwletleriň dünýä bazarlaryna çykalgasyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bu geçelge Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegini, sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň bitewi ulgamyna üstünlikli utgaşmagyny şertlendirýär. 
    Günorta Kawkaz — Hazar — Gara deňiz ulag-üstaşyr geçelgesi Ýewraziýa giňişligi üçin juda möhüm bolmak bilen, onuň ulanylmagy Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň döwletleri bilen sebitara gatnaşygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň geografik-ykdysady giňişligine tarap täze ýollary gurýar. 
    Hoşniýetli goňşuçylyk düşünjesi diňe bir geografik taýdan ýakynlygy hem-de taryhy umumylygy däl, eýsem, anyk geosyýasy we geoykdysady düşünjäni hem öz içine alýar. Bu gün Türkmenistan häzirki zamanyň esasy meýillerine işjeň we doly derejede goşulyşýar. Ýakyndaky ýurtlar — sebit boýunça goňşular bilen BMG-niň çäklerinde giň möçberli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň, Amerika yklymynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy döwre laýyk ösdürilýär. Soňky döwürde Latyn Amerikasy ýurtlary bilen gatnaşyklar hem ýola goýuldy.
    Türkmen diplomatiýasy dürli ugurdaky halkara guramalar bilen işiniň gerimini barha giňeldýär. Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň açylmagy dünýä giňişliginde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň möhüm ädimi bolupdy. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda geçen 25 ýylyň içinde halkara guramalar bilen bilelikde, birnäçe milli we sebit maksatnamalarydyr taslamalary durmuşa geçirildi hem-de geçirilýär. Geliň, diňe soňky ýyllardaky mysallara ýüzlenip göreliň! 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy, Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi.
    Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy Owganystana ykdysady, ynsanperwer kömekleri berip gelýär. Goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim, ynsanperwer ugurlar boýunça ençeme desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň yzygiderli iberilmegi, owgan ýaşlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagy, bu ýurda ynsanperwer ýükleriň ugradylmagy indi däbe öwrüldi.
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: «Bu gün biz türkmen Bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berýäris. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, onuň özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar». Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine oňat düşünilýär hem-de ýokary baha berilýär. Bu bolsa, bitarap döwlet hökmündäki derejeden gelip çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistan üçünji müňýyllykda uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýasyny döretdi diýmekdir. Häzirki döwürde Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly sebitleýin we halkara maliýe düzümler bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Şol bir wagtda Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegiň düzgünlerini we ugurlaryny öwrenmek boýunça işler ilerleýär. Türkmenistan umumadamzat geljeginiň şu günki konsepsiýasyny özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlaryna işjeň goşuldy. Häzir bu maksatnamanyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de olar hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt boldy. 
    Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu meseläni guramanyň işiniň ýörite ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdi. 2018 — 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bu möhüm wezipäniň binýady bolup durýar.
    Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler 
    ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Geljekde ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek tagallalary has giň gerim alar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, Halkara zähmet guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy hem-de ynsanperwer ugurly beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär.
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çykyşyny şeýle jemläpdi: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalar bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris». Bu sözler bütin dünýäniň üstünde parahatçylyk guşy hasaplanýan ak kepderi ýaly pel-pelläp, türkmen taglymyny buşlaýar.