Tebigatyň gözelligi

    Mähriban ýurdumyzyň bagtdan görk alýan ýagty durkunda ýazyň barça alamatlary nurlanýar: Gün şugla saçýar. Süňňüne ýyly giden topragyň roýy goňras öwüsýär, gök ýüzünde barha pessaýlap süýşýän bulutlara degäýjek bolýan baglaryň şahalary ýumşaýar. Oýanyp başlan tebigatyň has gözelleşýän bu ajap çagynda bagtyýar il-gün yhlasa ulaşyp, ýakymly aladalara gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň gül görküne görk goşýan ýazky bag ekiş möwsümine taýýarlyk işleri şeýle ajaýyp tebigy görnüşlere beslenýär.
    Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bu möhüm möwsüme badalga bermek üçin täze döredilýän «ýaşyl zolakdaky» ýerlerde agrotehniki çäreler, toplumlaýyn taýýarlyk işleri irgözinden geçirilip başlandy. Döwrümiziň döredijilik kuwwaty bilen ýylsaýyn bagy-bossanlyga bürelýän bu zolak welaýat merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň 33-nji kilometrinden başlap, alys gözýetime uzap gidýär. Bu ýerde oturdylan nahallar daragt bolup boý alýar, olaryň nyzamly hatary bu giňişlige ýaraşyk berýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda täze döredilen zolagyň 5 gektar ýerinde bag nahallarynyň 2 müň düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şu günler bellenilen meýdanda dürli kysymly traktorlaryň güýji bilen ýerler sürülýär, endigan tekizlenýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky ilhalar syýasatyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň köpçülikleýin geçirilmegini gazanmak hem-de şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň arassaçylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen degişli çäreler meýilleşdirilýär. Bag nahallaryny oturtmak işi göz öňünde tutulýan çäreleriň esasyny düzýär. Şu ýyl welaýat boýunça agaç nahallarynyň 1 million düýbi ekilýär. Şonuň 800 müň düýbüni ýaz paslynda, 200 müň düýbüni hem güýz aýlarynda ekmek göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ýylsaýyn artýan bag bezegine täze goşulýan baglaryň 107 müň düýbüniň miweli agaçlardygy has guwandyrýar. Ýene-de sanlyja ýyldan boýy ýetip, hasyl getirjek bu baglaryň baldan datly miweleri, bereketli saçaklaryň bezegine öwrüler. Bahar paslynyň ilkinji aýynda badalga berilýän bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek babatynda ähli etraplarda degişli işler alnyp barylýar. Şol gün welaýatyň ähli ýerlerinde pürli we saýaly baglaryň 183 müň 300 düýbi oturdylar.
    «Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumlarynyň içindedir» diýen pähim bar. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alýan beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän işler bolsa yzygiderli häsiýete eýe bolýar. 
    Nahal oturtmak, bag ýetişdirmek sogap hem parz işleriň biri. «Çagasyna bag ekmekden lezzet almagy öwreden adam oňa uly baýlygy miras galdyrýar» diýilýär. Welaýatyň oba ýerlerinde bag ýetişdirip, nesillere galdyrýan bagbanlar az däl. Şol baglar häzir-häzirlerem olaryň ady bilen agzalýar. «Ýaz bagy bilen, bag hem bary bilen geler» diýip, tejribeli bagbanlar aýdýarlar. Olaryň yhlasy, irginsiz zähmeti bilen tebigatyň gözelligi artýar. 
    Ýazda täze oturdyljak nahallar zemin çuňlugyna kök urar gider. Kökler çuňluga aralaşdygyça, nahalyň baldagy berkäp, boý alar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amal edilýän işler hem halkymyzyň ýüregine şol kökler mysaly, çuň aralaşýar, söýgi hem mähir döredýär.