ÄLEMI AÝLANÝAN AK GUŞ

    («Türkmeniň taýsyz taglymy» syýasy-publisistik toplumyndan)
    Janda-jigerde ýer tutan, aýdylyşy ýaly, jan bilen girip, gan bolup göwrede aýlanýan mukaddeslikler bolýar. Olar köp däl. Dünýäde ýörgünli kesgitleme bilen aýdylanda, satyn alyp hem-de satyp bolmaýan iň aňrybaş, iň gymmat, iň naýbaşy baýlyklar. Olar Watan, käbäň eneň, kyblaň ataň. 
    Arkaňda Watan durka, sen iň baý ynsansyň!
    Törüňde eneň otyrka, sen nowjuwansyň, howandarlysyň, bagtlysyň!
    Pederiň — ataň bilen iç döküşip, pendini alyp bilýän wagtyň sen arkalysyň!
    Watanyň ezizligine taý geljek hiç bir gadyr-gymmat ýokdur!
    Watanyň owadanlygy ýaly owadanlyk jahanyň hiç bir ýerinde tapdyrmaz!
    Watanyň goýnunda bitýän naz-u-nygmatlaryň tagamy ýaly tagam özge hiç bir ýerde duşmaz!
    Ine, birden türkmeniň zehinli şahyry Berdinazar Hudaýnazarowyň «Mertebe» atly galyň kitabyna elimi ýetirenimi duýman galdym. Onda şeýle setirler bar:
    Guwanjym, 
          gynanjym şu toprakdadyr,
    Şu toprakda 
           meniň namysym-arym.
    Ýalaňaç çägäňe müň togabym bar,
    Eý, ata mekanym, 
    Eý, biribarym! 

    Şunça ýaşap henize 
              deň görmedim,
    Watan topragyndan keremli zady.
    Şony kemsidýäne ok bolup deger,
    Atalaň yhlasy,
    Eneleň süýdi!
    Özüm-ä bu setirleri milletimiziň kasamy hökmünde kabul edýän.
    Asmanda ak kepderi ýaly bolup ganat ýaýýan ýene-de bir taglym bar. Ak kepderi bolsa owaly-ebedi ähli döwürlerde, ähli döwletlerde, ähli illerde parahatlyk guşudyr. Gök asmanda ak kepderi uçýan ýer parahatdyr, bagtlydyr, dowamat-dowamdyr. Ine, biziň döwrümizde bolsa tutuş Zeminiň depesinde ak kepderä çalymdaş TÜRKMEN TAGLYMY aýlanyp ýör. Ol taglym Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygydyr.
    Türkmeniň mertliginiň, watansöýüjiliginiň, dosty başa täç etmeginiň, myhmanparazlygynyň hakyky nusgasyny süňňüne siňdiren «Görogly» şadessanyny mahal-mahal okasaň, şonuň namadyr kelamyndan türkmen ýüreginiň owazy eşidilip durandyr.
    Bedew dabyrap barýan ýaly bolup gulaga eşidilýän darak badyndan dörän halylarymyzy içgin synlap görüň! Her göli, her öýdümi, her çitimi gözellik bolup, näziklik bolup, söze sygmaýan gudrat bolup lowurdap durandyr. Beýle utgaşyk — beýik sazlaşyk bilen dörän sungat eseri diňe parahat illerde, giň göwünli öýlerde, gül baharyň ak damjasy ýaly tirpildäp duran näzik ýürekleriň gudraty bilen döräp biler. Näziklik parahat illerde, abadan öýlerde bolýandyr. Uruş-jenjel turan ýerde, goh-galmagal gopan öýde näziklik, owadanlyk galýan däldir. Ata-babalarymyz ýönelige aýdan däldir: «Bir gün agzalalyk gopan ýerden kyrk günlük rysgal göterilip gidermiş» diýen sözi.
    Türkmen halkynyň düýp gönezligini açýan «Dädem Gorkudyň» boýlarynda Watany başa täç etmek ündelýär. Şeýle-de, ilden-ile, ulusdan-ulsa diňe ýagşylyk ýaýmak hakda ündewlerem şonuň bilen utgaşyp gidýär. Neberelerine-nesillerine, perzentlerine, kowumdaşlaryna pendi-ündewinde şeýle diýýändir: bir gazandan duz iýseňiz, birek-birege mähriban borsuňyz, döwre gurap, meýlis-toý edeniňizde, myhmany, onda-da ýakyn-ýady köpräk çagyryň, nätanyşdan dost, dostdan dogan tutunyň! Biliň, şeýtseňiz, ýaýlaňyza bereket ýagar, agzybirlik ornar.
    «Myhman geler işikden, rysgy girer deşikden» diýlen sözi mizemez nakyla öwrübilen eždatlarymyzyň sahawatlylygyna, giň göwrümliligine, hatamtaýlygyna neneň tagzym etmersiň! 
    Ine, türkmen halkynyň aňyrdan gelýän mentaliteti! 
    Agzybirlik bilen parahat ýaşamak islegi türkmen halkynyň süňňüne siňen ýörelgedir. Bitewi, özbaşdak döwlet gurmak üçin hem bu meýilleriň ruhy-ahlaky esas bolandygy düşnükli hakykatdyr. 
    Geografik taýdan juda amatly ýerleşendigi Türkmenistany birwagt dünýäniň syýasy-ykdysady arenasyna çykarypdyr. Bu hakykata şaýatlyk edýän maglumatlar, gadymy ýazgylar, juda wajyp ýatlamalar taryh gatynda näçe diýseň bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän möhüm çatrykda ýerleşenligi üçin bu yklymlarda dürli döwürlerde, dürli ýagdaýlar sebäpli dörän dartgynly hem-de adaty syýasy wakalar, ykdysady-söwda hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer, ylmy-pelsepe gatnaşyklary Türkmenistandan hiç wagt üzňe bolmandyr. 
    Hytaý diwarlaryndan gaýdyp, Alynky Aziýany, soňra Ýewropany söwda ýoly arkaly birleşdiren, siwilizasiýalaryň birek-birege aralaşmagynda taryhy hyzmaty bitiren Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry türkmen topragynyň üstünden geçipdir.
    Şu ýerde geliň, taryh gatlaryna syýahata gideliň!
    Söwdanyň hemişe-de zerurlyk bolandygy düşnüklidir, meger! «Beýik Seljuk türkmen döwletiniň medeniýeti we ykdysadyýeti» (T.Hojanyýazow, E.Hojamedowa) atly kitapda ýazylyşyna görä, taýpa-tire aralaryndaky ýönekeý alyş-çalşyň netijesinde ýüze çykmak bilen, söwda adamzat jemgyýetiniň taryhynda uly orun tutýar. Söwda taýpa-tire çäklerinden çykyp, kem-kemden ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi beripdir.
    Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň döremegi Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklarynyň kadaly ösmegine oňaýly täsir edýär. XI asyryň ortalarynda imperiýanyň döredilmegi bilen bagly seljuk hökümdarlarynyň alyp baran oýlanyşykly ykdysady syýasaty ol ýerde ýaşan halklaryň arasynda dürli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösmegine getirýär.
    Beýik Seljuk türkmen imperiýasynda söwdanyň ýokary derejede ösmegine Seljuk hökümdarlarynyň ýöreden ykdysady syýasaty oňaýly täsir edýär. Ýurtda gurluşyk işlerine, aýratyn-da, ýol gurluşygyna uly üns berlip, söwda-kerwen ýollarynyň ugrunda täze kerwensaraýlar gurulýar, köpüsi giňeldilip, güzerler abadanlaşdyrylyp, düşleghanalar salynýar. Söwda ýollarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreler amala aşyrylýar.
    Imperiýanyň gündogar we günbatar bölekleriniň arasyndaky ykdysady, söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge mümkinçilik döreýär. Onuň ähli çäkleri söwda-kerwen ýollary bilen örtülip, üstünden Uzak Gündogar ýurtlaryny we Hindistany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlary geçipdir. Bu ýoluň merkezi şahasy Hytaýdan gaýdyp, Uzgent, Samarkant, Buhara, Merw, Nişapur, Reý, Hemedan şäherleriniň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarlaryna, Wolga derýasyna we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna hem-de günorta tarap Garagumuň içinden geçip, Şähryslam, Nusaý şäherleriniň üsti bilen Nyşapura ýetip, esasy — birinji şaha goşulypdyr.
    Ürgençden günorta gaýdýan ýene-de bir ýol ilki Uzboýy ýakalap, soňra Paraw, Dehistan şäherleriniň üstünden geçip, Jürjana (Gürgenç) gelip, Nyşapurdan Reýe, Hemedana barýan esasy şaha birleşipdir.
    Ýüpek ýolunyň üçünji şahasy Hindistandan günbatara tarap, Gaznaly türkmen döwletiniň üstünden bir ugry günbatara — Hyrada, beýleki ugry günorta-günbatarda Seýistanyň merkezi Zerenj şäherine ýetipdir. Ol ýerden günorta-günbatara tarap, öwrüm edip, Bam, Darjin şäherleriniň üsti bilen Kerman welaýatynyň merkezi Berdesire ýetip, ol ýerden hem Pars, Huzystan welaýatlarynyň üstünden geçip, Bagdada we Ortaýer deňziniň gündogar kenaryna baryp ýetipdir.
    Dördünji şaha Hindistandan gaýdyp, Bulujystanyň üsti bilen Arap deňziniň demirgazyk kenaryny ýakalap, Kusdar, Penjpur, Kasarkand, Bampur şäherleriniň üstünden geçip, Bam şäheriniň golaýynda Seýistanyň merkezi Zerenjden Kermana barýan üçünji şaha birigipdir. 
    Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň üstünden geçip, Ýewropa ýurtlaryny Uzak Gündogar bilen birleşdirýän üstaşyr uly söwda ýollarynda başga-da imperiýany, ähli şäherleri biri-birleri bilen birleşdirýän ýüzlerçe kerwen ýollary bolupdyr. Olar gan damarlary kimin ýurduň ähli ýerlerinden geçip, satuw üçin öndürilýän önümleri gerek ýerine ýetiripdirler. Imperiýanyň ykdysady we söwda merkezleri bolan uly şäherler içerki we daşarky harytlaryň toplanýan ýerine öwrülip, söwda-kerwen ýollarynyň çatrygyny emele getiripdir. Şeýle uly halkara we döwlet ähmiýetli çatryklar aýry-aýry welaýatlaryň merkezi şäherleri Şiraz, Berdesir, Zerenj, Hyrat, Merw, Nyşapur, Ürgenç, Meraga, Hemedan, Jürjan (Gürgenç) şäherlerinde ýerleşipdir.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okandyrys. Kitapdaky şeýle setirler, gör, nähili göwün joşduryjy: «Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi. Şoňa görä-de, türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir».
    Belli türkmen taryhçy alymy Öwez Gündogdyýewiň 2012-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Türkmenler we dünýä halklary» («Туркмены и народы мира») atly saldamly kitabynda örän täsin maglumatlar gabat gelýär. Ýer ýüzünde dürli döwürlerde «turlar», «ariler», «hunlar» «skifler», «massagetler» «oguzlar» ady bilen taryha giren türkmenleriň hemişe töweregindäki halklar, milletler bilen öz aýdyşlary ýaly, il bolup ýaşandygyna şaýatlyk edýän maglumatlar näçe diýseň bar. Şeýlelikde, türkmenleriň mekan tutan ulus-ili iň abadan, gorky-ürküsiz ýaşalýan ýurt bolupdyr. Sebäbi eždatlarymyz degmedige degmändirem, degdirmändirem. 
    Bitaraplyk derejesi bilen tutuş dünýäde ykrar edilen Türkmenistan milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän paýhasly ideýalarydyr başlangyçlary bilen şol ýoluň, gadymy paýhaslary düýp gönezlik edinen milli mentalitetiň XXI asyra mahsus türkmen nusgasyny döretdi. Diýmek, oňyn bitaraplygyň taryhy zerurlygyny döwrüň özi orta çykardy diýilse, dogry bolar. Bu taglymyň gönezliginde türkmen mentalitetiniň ýatandygyny aýtmak has hem ýakymlydyr.
    Türkmen halky ýakyn hem alys goňşulary bilen hemişe dostana gatnaşykda bolupdyr. «Türkmen duşman bolup gelmedik goňşusyna hiç wagt gylyç göteren däldir» diýlen ýörgünli sözüň taryh gatynda müdimilik galmagy bu milletiň häsiýeti-gylygy bilen bagly dörän hakykatdyr. Hoşmeýillilik, myhmanparazlyk, ejize goldaw bermek, ine, türkmen mentalitetiniň aýratynlygy. Galyberse-de, türkmen halky hiç wagt ruhy pes, göwnüçökgün bolmandyr. Durmuşyň dürli kynçylyklarynda, taryhyň her dürli öwrümlerinde ýiti, gapma-garşylykly meselelerden türkmen sowukganly, paýhasly-başarnykly baş alyp çykmagy başarypdyr. Megerem, dünýäde «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr!» diýlen ýörgünli aýtgy şonuň üçin dörändir. 
    Türkmenleriň anyk ýörelge edinýän parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň, şeýle-de, Demirgazyk Afrikanyň dürli künjeklerinde ençeme ululy-kiçili döwletleri, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek etdi. Eýsem, şeýle täsin ahwalatyň syry nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriň gylyk-häsiýetinde, olaryň ýasawyndadyr, kalbynyň perdeleriniň näzik sazlaşygyndadyr.
    Biziň pederlerimiz dünýäde tanalyp başlanan ilkinji günlerinden başlap, şol döwrüň ähli ynsanlaryny bir hakykat — türkmenleriň jemgyýeti adalatly gurýandygy haýran galdyrypdyr. Ýunan hem rim taryhçylary türkmenlerde rehimdarlykdyr, wepadarlygyň, dostanalygyň häsiýetine öwrülendigini, ýalan sözi, ikiýüzlüligi ýigrenýändigi hakynda ýazyp gidipdirler. Türkmenleriň ata-enä çäksiz sarpa goýýandygyny, şeýle hem türkmen zenanlarynyň edep-ekramlylygyny wasp edipdirler.
    Rim taryhçysy Pompeý Trog skifler — türkmenler hakynda şeýle ýazýar: «Adalatlylyk diýen düşünje olara (türkmenlere) kanunlar bilen öwredilmän, eýsem, olaryň aňyýetiniň miwesidir. Eger beýleki döwletlerde-de kişiniň maly babatda şunuň ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, onda ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeň-dawalar bolmazdy».
    Türkmenleriň gapylary elmydama-da açyk bolupdyr. Olar gulp diýen zadyň nämedigini bilmändirler. Ogurlyk, kesekiniň zadyna el uzatmak diýen zat biziň halkymyzyň arasynda bolmandyr. Eger-de obada ogry bar bolsa, bütin oba ondan ýüz öwrüpdir. Onuň bilen hiç kim salamlaşmandyr, hiç kim ony myhmançylyga çagyrmandyr. 
    Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyr. Hatda duşmany öýüne myhman düşüp, günäsini bagyşlamagyny sorasa, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup, gaçyp gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirilende, «myhman paýyny» goşup bişiripdirler. Şu ýörelge häzir hem dowam etdirilýär. 
    Eždatlarymyzyň halky elmydama azatlykda, garaşsyzlykda, bagtly durmuşda görmegiň arzuwy bilen ýaşandygyny biz dessanlarymyzdan, aýdymlarymyzdan, läledir hüwdülerimizden, halkymyzyň taryhynyň dürli döwürlerine degişli ýazgylardan bilýäris. Gaýduwsyzdan arslan ýürekli türkmenleriň ýaşan ýurdunyň üstüne ýaman niýet bilen gelen duşmanlaryň hiçisi-de bu toprakdan ýeňiş tuguny göterip gitmändir. Çünki türkmen Watan üçin mert durup, janyny orta goýmagy başaran millet. Ata-babalarymyzyň ganynda biziň şu günki neslimize görüm-görelde bolup biljek beýik ygrarlylyk, Watana buýsanç, çäksiz söýgi joş urupdyr. Watana bolan çirksiz mähir-muhabbeti tug deýin parladan milletimiziň beýik buýsanjyny bolsa hiç bir güýç syndyryp bilmändir.
    Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygy ata-babalarymyzdan berk ýörelge-edähet bolup galan şu häsiýetleriň döwlet gurluşynda hem orun almagyna esas döretdi. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletini guran Türkmenistan syýasy özbaşdaklygyny alan ilkinji günlerinden daşary syýasat ugrunda hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar», goňşy döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly ynsanperwer gatnaşyklara eýerdi.
    Türkmenistanyň juda amatly ýerde — Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda bolup, geosyýasy, geostrategik, geoykdysady şertlerde ýerleşmegi daşary syýasat ýörelgesinde oňyn Bitaraplyk ýoluny salgy berdi. Bu amatly şertler, ilkinji nobatda, daşary syýasat bilen üzülmez baglanyşykly, has anygy, şony üpjün edýän ýagdaýlardyr.
    1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 185 agzasynyň ykrar etmegi bilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. 
    Ilkinji nobatda, halkara hukuk düzgünlerini ileri tutmagy, halkara meseleleri güýç ulanmazdan, özara düşünişmek ýoly bilen çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, hoşmeýilli bitaraplyk, harby ýa-da syýasy toparlanyşyklara goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek — ine, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr.
    Bitaraplyk derejesi bilen baglylykda, goňşy hem alys döwletler bilen hakyky hoşniýetli gatnaşyklaryň dikelmegi bilen halklaryň arasyndaky arabaglanyşyklaryň, umumylyklaryň gatynda ýatan dost-doganlyk, ynsanperwerlik duýgulary has zamanabaplaşdy. 
    Bitaraplygyň taryhy taýdan zerurlygy köp häsiýetlidir. Esasanam geografik taýdan Türkmenistanyň dünýäniň örän möhüm çatryklarynyň birinde ýerleşmegi, ýurtda nebitdir gazyň, beýleki tebigy baýlyklaryň örän uly gorlarynyň bolmagy möhüm jähetler bolupdy.
    (Dowamy bar).