Oba durmuşynyň waspçysy

    Halypa nakgaş hakda kelam
    Her bir nakgaşyň öz ýykgyn edýän temasy bolýar. Biziň gürrüňini etjek bolýan suratkeşimiziň döreden eserleriniň aglabasy oba durmuşyna, zähmet adamlaryna bagyşlanan. 
    Döredijilik adamy sungatyň täsin syrlaryna aralaşdygyça, onuň ýaşaýşyň düýp many-mazmuny hakdaky eserleri şonça-da kämilleşýär. Maksada okgunlylyk, özboluşly häsiýet we içki ösüş aýratynlyklary, göwün söýen sýužetleri, çuňňur many-mazmunly äheňler Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Saparmämmet Meredowyň döredijilik aýratynlygyny kesgitleýär. 
    Ol nakgaşçylyk ýoluna dünýä inen obasy Arçmanyň owadan tebigatyny we döredijiliginiň iň gymmatly sahypalaryny düzýän oba durmuşyny şekillendirmekden başlaýar. 
    Ýurdumyzda bellenilýän toýdur baýramçylyklar ýa-da halypa suratkeşleriň ýubileýleri mynasybetli Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän sergä barýan myhmanlary ilkinji bolup güler ýüz bilen garşylaýan, her serginiň ýa-da suratkeşleriň döredijiligi baradaky söhbede ilkinji bolup girişýän Saparmämmet Meredowyň döredijilik ýoly gyzykly, döreden eserleriniň muşdagy iňňän kän. Ol eserler öwrenilmäge mynasyp.
    Ýene iki ýyldan ýetmiş ýaşyny toýlajak Saparmämmet Meredow obalaryndaky orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap, Aşgabat şäherindäki şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesine okuwa girip, onuň keramika bölümini üstünlikli tamamlaýar. Zähmet ýoluna Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynda suratkeş bolup işe başlaýar, 1973-nji ýyldan ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere gatnaşyp ugraýar.
    Suratkeşiň döredijiliginde oba durmuşy bilen baglanyşykly temanyň aýratyn orun tutýandygyny aýtdyk. Ol ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň durmuşyna, iş-aladalaryna bagyşlanan eserleriň onlarçasyny döretdi. 1979-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilen Saparmämmet aga şol birleşigiň ýaşlar bölümine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň tagallasy bilen Moskwanyň etegindäki suratkeşleriň döredijilik öýüne — Seneže yzygiderli iberilýär. Ol bu ýerde döredijilik ussatlygyny has-da artdyrýar. 
    Suratkeş Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1996-njy ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen «Bizi gurşap alan dünýä» atly sergi-bäsleşige gatnaşyp, «Durmuş» atly eseri bilen birinji orna mynasyp bolmagy başarýar. Bu ýeňiş ony täze gözleglere ruhlandyrýar. 
    Suratkeşiň «Toprak», «Bereketli ülkäm», «Altyn asyryň altyn halysy», «Gadymy ýaýlada», «Garaşsyzlyk aýdymy», «Hoşa çöplemek», «Arçmanda orak möwsümi», «Nusaý ýaýlasy», «Bereket» ýaly eserleri wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Saparmämmet aga:
    — Gözümiň açyp göreni seleň sähra, oba durmuşy, guşgursak däneli meýdanlar. Gollary berdaşly, ýüzleri güne gaýzygan edermen gallaçylaryň merdemsi keşbi häli-şindi göz öňüme gelip dur. Suratkeşlik sungatyna baş goşmagyma şol zatlar sebäp boldy diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Ilkinji döreden eserlerimiň biri bugdaý hakynda. Ýadyma düşýär, okuwçy wagtlarym surat mugallymymyz mende surat çekmäge ukybyň bardygyny bilip, her gün dürli temalarda surat çekmegi tabşyrardy. Edebiýat mugallymymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen edebiýatynyň, şeýle-de daşary ýurt edebiýatynyň görnükli wekilleriniň suratyny çekip, ýörite diwarlyklar dörederdim. Mugallymlarymyň berýän tabşyryklary meniň has kämilleşmegime hemaýat berdi. Nury Hojamuhammedowdyr Aman Kulyýewden, Yzzat Gylyjowdyr Aýhan Hajyýewden halypalyk goldawlary üçin hoşaldyryn — diýip, gürrüň berýär. 
    Halypa mamla, hakykatdan-da, onuň işlerinde dogduk mekanynyň waspy inçeden şöhlelenýär. Ine, «Arçmanda orak möwsümi» atly işi. Eserde daýhan özüniň alyn deri bilen suwaryp ýetişdiren hasylyny ýygnaýar. Aňyrsy gözýetime çenli ýaýylyp ýatan galla meýdany. Saparmämmet Meredowyň zehini bilen ol surat däl-de, hamala, şol meýdanyň özi ýaly bolup görünýär.
    Halypa suratkeşiň medeniýet, sungat ussatlaryna bagyşlap döreden işleri-de bar. «Halk aýdymy», «Sazanda Mylly aga», «Bagşy Orazgeldi Ylýasow», «Sazanda» atly eserlerinde dürli reňk öwüşginleriniň üsti bilen şol şahsyýetleriň içki dünýäsini-de tomaşaça ezberlik bilen ýetirmegi başarypdyr. 
    Portret eserleriniň içinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Gowşudowyň portreti aýratyn ünsüňi çekýär. Ak çägelikdäki selinler şemala baş atýana meňzeş. Ýokarda lowurdap, Gün nuruny saçyp dur. Günüň tylla nuruna suratdaky şekillerem sarymtyl reňkde görünýär. Ýene bir nuranalyk bar: ol ajaýyp eserleri döreden, uly hyjuw, egsilmez gaýrat bilen işlän ýazyjynyň kalby ýaly, keşbi-de nurana. Suratkeşiň «Hyjuw» atly eserinde iki sany ahalteke bedewiniň ýüzin salyp barşy şekillendirilýär. Atlar bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan Watanymyzyň bagtyýar geljege bolan hyjuwyny, maksada okgunlylygyny aňladýar. «Säher» atly eserde asuda türkmen ýaýlasynda sonarlap ýören ahalteke bedewlerini synlasaň, «Baharda» suratkeş ýagyrnysyna ýaşyl begresden serpaý ýapynan meýdany görkezýär. Oňa gözi giden daragtlar kemsinmekden ýaňa, gyp-gyzyl bolupdyrlar. Daragtlaryň ahwalyna gyýylan asmanyň gözlerinden katra-katra ýaş dökülipdir. Öz halyna duýgudaşlyk edýäniň bardygyna begenen daragtlar begenjine ap-ak güle çümüpdirler. 
    Saparmämmet Meredowyň döredijiligine mähremlik we her bir keşbe bolan söýgi mahsus. 
    Suratkeşiň eserlerinde ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty bilen zähmetsöýer, myhmansöýer halkynyň keşbiniň aýrylmaz baglanyşygy özboluşly, äşgär ýüze çykýar. Ol türkmen obasynyň hem-de onuň ilatynyň durmuşy bilen çuňňur gyzyklanyp, ak bugdaý temasyna degişli eserleriň bitewi bir toplumyny döretdi. «Bugdaý», «Ak bugdaý», «Änew topragy» ýaly eserlerinde daýhanlaryň, ýaşulularyň, aýal-gyzlaryň hem-de gujurly ýaşlaryň halal, rehnetli zähmetini şöhratlandyrýar. Ol «Ak bugdaýda» sazlaşykly reňklerde açyk-sary asmanly, melemtil-altynsow bugdaýly meýdan hem-de tämiz howaly güýz pasly janlandyrylýar. 
    — Häzirki wagtda ajaýyp döwrümiziň gözelliklerini wasp edýän, şeýle-de türkmen tebigatynyň gözelliklerini açyp görkezýän eserleri döretmegiň ugrunda. Hormatly Prezidentimize milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri üçin hoşallygymyzy bildirýäris — diýip, Saparmämmet aga jogap berdi. 
    ***
    Ýene-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine barýan. Halypalaryň bu ýerdäki eserlerini synlap barşyma «Watan waspy» atly eseriň deňinde ep-esli wagt eglenenimi duýmandyryn. Çuňňur watançylyga ýugrulan eseriň awtory-da halypa suratkeş Saparmämmet Meredow bolup çykdy. Bizem Saparmämmet Meredowa sungat äleminde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.